PERIM...
04.12.2022 00:25
Ata enäni razy etmek

Eneñ razy bolsa, jaýyñ jennetdir,
Atañ razy bolsa, Tañry hem razy.
Eger razy etseñ kalba medetdir,
Razy bolmasalar Tañrydyr kazy.


Enäñ her agaran ýeke saçynda,
Bardyr seniñ her pursat alýan demiñ.
Eneñ gezip ýörkä Ýeriñ ýüzünde,
Tagzym bolar bütin Älem, Ýer, Zemin.


Atañ her agaran ýeke saçynda,
Bardyr seniñ her pursat çekýän gamyñ.
Perzendiñ päkligi Atañ kesbinde,
Atañsyz seň üçin bu dünýe zalym.


Eneñ, Atañ gadryn bilmeseñ eger,
Terki dünýä dönüp aglarsyñ meger,
Saña däl, bu sözler ýüregñe deger,
Soñynda puşman deý aglap ne peýda.
18
57
Myhman Myhman
4 Dekabr 2022
Ene atalan omru uzak jany sag bolsun. Allam mydam basymyzda
Aýdymçyoglan
4 Dekabr 2022
Gawy goşgy like
butterfly
4 Dekabr 2022
👍👍👍👍👏🏻😔
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.