PERIM...
01.12.2022 19:56
30-nji noýabrda «Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna girizilen üýtgeşme resmi türkmenmetbugatynda çap edildi we güýje girdi.

Täze kabul edilen Kanuna laýyklykda 2013-nji ýylyň 18-nji dekabryndaky «Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 13-nji maddasynyň ikinji böleginiň 7-nji bendinde, bäşinji, altynjy we ýedinji böleklerinde «kämillik» we «On sekiz» diýen sözleri degişlilikde «ýigrimi bir» we «Ýigrimi bir» diýen sözlere çalşyryldy.

Ýagny girizilen üýtgeşmä laýyklykda, mundan beýläk temmäki önümleriniň satylýan ýerlerinde, kassa enjamynda ýa-da onuň ýanynda hökmany suratda «Temmäki önümlerini 21 ýaşyna ýetmediklere satmak gadagandyr» diýen ýazgy ýerleşdirilen bolmaly we 21 ýaşa ýetendigine şübhe dörän temmäki önümini alýan şahsa temmäki önümleri satylýan mahalynda satyjy käbir borçlara eýedir. Şeýle ýagdaýda satyjy alyjynyň hakyky ýaşyny kesgitlemek maksady bilen pasportyny (onuň ornuny tutýan resminamany) talap etmäge; eger pasporty (onuň ornuny tutýan resminamasy) görkezilmedik ýagdaýynda, temmäki önümini satmakdan ýüz öwürmäge borçludyr..
20
63
Ovezova_
1 Dekabr 2022
Gowy üýtgeşme girizipdirler
PERIM...
1 Dekabr 2022
👍👍👍👍👍
maral
1 Dekabr 2022
Gaty gowy bolupdyr. Aslynda ulular üçin gadagan etmeli.Çaga ulynyñ edýän hereketini gaýtalaýa.Daş-töwerekde ýetginjekleri eli çilimli göreniñde şeýle bir erbet bolyan.
Ýalta
1 Dekabr 2022
👍.......
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.