PERIM...
10.12.2022 09:59

Başyñ sypar ýaly

Gel diýmezler gujak açyp duran ýok,
Niçiksi bolsa-da durmuş ahwaly.
Kalba sen deý söýgüñ köşgün guran ýok,
Käbäñ dälmi saña berip bir jany,
Ejeñ ýokdyr mydam baş sypar ýaly.

Perzentlik parzymy ýerine ýetirip,
Müñde şükür edip bilsem bir razy.
Ýerden bu nuruñy arşa göterip,
Ýanyña baraýyn gujaklar ýaly.
Mahmal elleriñden baş sypar ýaly.

Kyýamat gün ajal gelse başyña,
Perişde deý bolup egniñde kazy.
Dözmezem perzendiñ her bir ýaşyna,
Ýaşarsyñ bu dünýe hemmäde pany.
Emma ejeñ bardyr baş sypar ýaly.

Söýdüm, söýýän, baky söýernem,
Gerek bolsa alyñ bar dünýe maly.
Ýöne ýeke keramatymy bermen,
Bolasym gelenok käbämiñ zary.
Wah, mydam bolsady baş sypar ýaly.

Çagalykdan ýörjen yörjen öwreden,
Soñ ulaldyp, il içinde ýer eden,
Öz bagtyny berip Jennede gider,
Şol pursat duýarsyñ çekersiñ agy.
Ejeñ bolmaz bu başyñ sypar ýaly.

Jemşit Hajymämmedow
@Jemsitpoet
15
34
PERIM...
10 Dekabr 2022
Olka minnetdar❤️
Olka
10 Dekabr 2022
Perim gowy goşgy paýlaşanyña saol
Leýla💔
10 Dekabr 2022
Like👍❄️
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.