PERIM...
11.12.2022 10:00
Eje sözi garylypdyr sögünje.
Ejäniñ gymmatyn bilseñiz eger,
Ol Allanyñ "Söyüñ" diyen ynsany.
Bu gün bolsa goç ýigitleñ dilinde,

Sögünçlere garylypdyr günsaýy.
Han-ha iki yigit ýumruga derek,
Bir-birini urýar ejeñ-ejefiläp
Düşün şol ejeleñ diñe siz üçin,

Büküldi billeri, galdy ejizläp.
Mahrem zenanlary goramak uçin,
Doguldyñyz erkek tajiñiz bilen.
Keramatly söze sögünmä derek,

Çözüñ meseläñiz güýjüñiz bilen.
Yumruk aylamana yüregi yetman,
"Eje" diýen söze dözýär ýüregi.
Şol ýüregi hem-de akylsyz başy,

Gorayandyr ejeleriñ dilegi.
Arlygyñy çalşyp geçen gijeler,
Nalamady, batmady gaygy-ünjā.
Sorayaryn sizden, bu keramatyn,

Ady neneñ garylypdyr sögünje.
Unutman! Agyzdan çykan sözüñiz,
Göreldedir ösüp barýan nesile.
Biz böwet bolmasak öwrüler bu söz,
lñ uly günäli yokanç kesele.
@PERIM.99
23
72
Myhman Myhman
11 Dekabr 2022
Goşgy gowy eken .👍👍👍👍👍
Dowvvran
11 Dekabr 2022
Gowy goşgy
PERIM...
11 Dekabr 2022
Hakyky👍👍👍ejelerini uryanlaram.bar
Dusia
11 Dekabr 2022
Şo sözi ulanýan maňa gerek däl ✋😐
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.