Nazar__
29.07.2024 13:58
Sazyñ sesin ýazýar galamyñ ujy,
Gözlerimden aýdym damýar buldurap.
Suratyña seredip sesiñi eşitýän,
Ýañlanyp dur gulagymda büdüräp.
Hüwduläp ses edýär,
Gözümi ýumsam,
Dymsam,
Gursagym.
Sesiñi eşitýän, demim dürsäbem,
Diñläsim gelýär eşdip dursamam.
Ah...
Kysmat!
Aýralyk däldirem welin...
Aýñalmadyk setirlem,
Pikirlem,
Jem bolup aýdym aýtýarlar.
Dine sen hakda,
Suratyñdan pyşyrdaýan sesiñi eşidip,
Zol-z-oo-l hiñlenýär harplar,
Gulagym deşip...
Sen hakynda aýdym aýtýan,
Daşaryny ýuwutdymda,
Içimi gysdyryp, içime bakýan...

© Remezan Mämetgurbanow
10
24
Nazar__
02.09.2023 00:30

Haýwanlar barada gyzykly maglumatlar.


Bütin dünýä ýüzindäki deňizlerde ýaşaýan jandarlaryň görnüşleri 250 müňden gowrakdyr.

Pandalar çekinjeň haýwanlardyr. Olar adamlaryň ýaşaýan ýerine golaý ýerlerden gaça durýarlar.

Syrtlanlaryň iýmit siňdiriş agzalary ýyrtyjy haýwanlaryň arasynda iň kämilleridir.

Alahöwren Gün şöhlesiniň astynda uzak wagtlap ýatyp bilmeýär. Şonuň üçin hem ol, beýleki ýylanlara görä, Güne az çoýunýar.

Syçan büresi örän çalasyn hereket etmäge ukyplydyr. Ol hiç durmazdan 3 günläp, sagatda 600 gezek böküp bilýär.

Belkalar sowukda we Gün şöhlesinden goranmak üçin guýruklaryny saýawan hökmünde ulanýarlar.

Dünýädäki iň uly hem agyr guş düýeguşdyr. Olaryň boýy 2,5 metr bolup, awtobusyň beýikligi bilen deňdir.

Dünýädäki iň uly jandar gök kitdir. Bu läheňleriň uzynlygy 30 metre çenli bolýar. Gök kitleriň üstünde sekiz sany düýäni hatarlap goýsaň bolýar. Olaryň agramy 150 tonna çenli bolup, 150 sany kiçi maşynyň agramyna deňdir.

Demirgazyk Afrikada, Ýakyn Gündogarda, Merkezi Aziýada eşekler häzirki wagtda hem ulanylýar. Bu jandarlar örän yssy howada hem çydamlylygy bilen tapawutlanýar.

Dünýädäki iň uly balyk läheň akuldyr. Olaryň boýy 15 metr, agramy 30-40 tonnadyr.

Dünýädäki iň uzyn ýylan torly pitondyr (Zähersiz, tropiki uly ýylan). Torly pitonlaryň uzynlygy 10 metre çenli ýetýär, ýagny alty welosipedi (tigri) hatarlap goýanyňa barabardyr.

Dünýäde diňe suwda ýüzýän balyklar bolman eýsem uçýan balyklar hem bardyr. Uçýan balyklar ýüzgüçleriniň kömegi bilen sagatda 50 km ýüzende uçup bilýärler. Uçýan balyklar adatça duşmanyndan (akuladan) gaçanynda 100 metr aralygy geçip bilýärler. Olary gomlar ýa-da şemal uçuryp gäminiň üstüne taşlaýsa, uçup gaýtadan suwa düşüp bilmeýärler.

Dünýädäki boýy iň beýik jandar žirafadyr. Žirafalaryň boýy 5,5 metre çenli ýetýär.

Gurbaga ýer yranma hadysasyny birnäçe gün öňünden duýýar.

Pandalaryň esasy iýmiti bambuk agajydyr.

Hindi pillleri öýdeçidir, Afrika pilleri öýdeçi däldir.

Gara mamba dünýäde çalt süýnýän ýylanlaryň biri hasaplanýar. Ol sagatda 12 kilometr tizlik alyp bilýärler. Ýöne muňa garamazdan ol bu tizligi örän az wagtlyk saklaýarlar.

Awstraliýada ýaşaýan koala diýilýän jandarlaryň esasy iýmiti ewklid agajynyň ýapraklarydyr. Bu ýapraklarda ysyjuda güýçli bolan ýaglar bilen bilelikde birnäçe haýwanlaryň iýip bilmejek zäherli maddalary bar. Şol maddalar koalalardan başga jandarlar üçin zyýanlydyr. Koalnyň bedeni zäherli maddalaryň zäherini aýyryp, güýjini gaçyrmaga ukyplydyr.

Bekre balyklaryň maşgalasyna degişli bolan baluklaryň aglaba görnüşi bulanyk we çalt akýan suwlarda ýaşaýarlar.

Žirafa burun deşigini açyp-ýapyp bilýän jandardyr.

Garagum çölünde duş gelýän süýrenjileriň iň ulusy zemzendir. Uzynlygy 1,5 metre ýetýän bu haýwany “ Çöl krokodili”diýip hem atlandyrýarlar.

Kalibri diýilýän guşuň çüňkünden guýrugynyň ujuna çenli uzynlygy bary-ýogy 57 millimetrdir. Watany Kuba bolan bu guşuň ýokary tizlik bilen ganatlaryny kakýandygy, howada hereketsiz durup bilýändigi, çykarýan sesiniň siňegiň wyzzyldasyna meňzeýändigi üçin oňa siňek guşy hem diýilýär.

Kenguru bir gezek bökende 12 metre çenli aralygy geçip bilýär.

Hamelýon diýilýän jandaryň dili bedeninden iki esse uzyndyr.

Sugunyň süýdi goýudyr. Onuň 12-14 göterimi ýagdyr. 9 göterim töweregi belokdyr, 5,4 göterimi gantdyr. Sugunyň süýdi bir hepdeläp saklananda-da turşamaýar.

Gotanyň 30 santimetr uzynlygyndaky çüňküniň aşagyndaky torba 12 litr suw ýa-da 13 kilogram balyk ýerleşýär. Gotan bu torbasyny balyk awlamak we çagalaryny naharlamak üçin hem ýörite gap hökmünde ulanýar.



Taýýarlan: Akgül Baýlyýewa

36
197
Nazar__
01.09.2023 00:24
Göriplik hem göripler hakynda

Görýäň, adamlara içgin bakaňda,
Göriplerem az duşanok jahanda.

Göriplik gurçugy kalbyny iýýän
adamy tapylmaz sylaýan, söýýän.

Göriplik gylygy gülli göz ýaly,
Başga keşpde görkezýändir özgäni.

Ýaramaz gylygna berip owsaryn,
Arasyny açmaz näçe kowsaňam.

Oň gözlerne erbet bolup görünýän
Adam tüýs bagtly—bezegi dünýäň.

Ýalnyň ýok edişi ýaly oduny,
Bu gylygam zaýalaýar adamy.

Aý nur saçýar depesinden dünýäniň
Ýöne görip itiň oňa üýrýänin

Görýänsiňiz.
Hatda ýaryganatam
Ýigrenýändir Güni—dünýäň zynatyn.

Şol ite hem ýaryganata öýkünip,
Kim at aljak bolsa göge tüýkürip,

Güne ýetmez,
Gaýta ýüzüne düşer…
Akly bolan adam sözüme düşer.


Abdyrahman Jamy.
34
58
Nazar__
28.08.2023 18:13
Nesip etse hor eşegem
Bir begzadaň maly bolar
Kimler ir, kimler giç düşüner
Nesibäňde bary bolar.

Din ymmata şüpheliler
Hak islese kary bolar.
Geljegiňi bir o biler
Nesibäňde bary bolar.

Beglere näz eden hüýrler
Bir çopanyň ýary bolar.
Dostum muňa ýazgyt diýrler
Nesibäňde bary bolar.

Alla saňa ogul berse
Alty, Bäşim, Çary bolar.
Asman gaçyp, ýer çöwrülse
Nesibäňde bary bolar.

Ömür boýy mal-mülk gözlän
Öz nebsine tazy bolar.
Baýar, taňra şükür eýlän
Nesibäňde bary bolar.

Awtory Kerim Hallyýew.
38
95
Nazar__
27.08.2023 07:15
– Allo, allo, allo! Bäbekhanamy?
– Hawa, bäbekhana. Näme gerekdi?
– Ýazgül Durdyýewaň nämesi boldy?
– Size gyz gerekmi?Ogul gerekmi?
– Dogrujamy diýsem, ilki bilen-ä.
Şol gelniň özüniň saglygy gerek.
Onsoňam parhy ýok
– gyzmy ýa ogul
–Öýmüzde şolaryň ikisem seýrek.
– Onda buşluk: gerçek ogluňyz boldy.
Agramam – üç kilo sekiz ýüz gram.
– Her kilosy üçin bir çemen bogup,
Häzir ganat kakyp, ýanyňa barýan...

– Allo, allo, allo! Bäbekhanamy?
– Hawa, aýdyberiň! Nämejik gerek?
– Aý, men-ä beýle bir nebisjeňem däl:
Berseňiz, ýekeje bäbejik gerek.
– Aýdyň, bäbekleriň haýsyndan gerek?
– Gyzjagaz bolsa-ha... dilegim şoldy.
Sebäbi ozalam sekiz oglum bar.
– Onda buşluk, agam,Gyzyňyz boldy!

– Allo, allo, allo! Bäbekhanamy?
– Hawa, edil özi. Näme gerekdi?
– Jeren Çaryýewaň ýagdaýy niçik?
– Gyzjagaz gerekmi?Ogul gerekmi?
– Wah, mümkin bolsa-ha... bäş ogul gerek!Aňyrdan jakgyldap güldi eneke:
– Häp-häzir-ä üçem ogluňyz boldy.
Yzyny hem görüberýäs ýene-de...
Ýaş ata ullakan sebedin alyp,
Öýünden ylgady bazara tarap.
Satygçy soraýar: «Almamy, narmy,Erikmi, üzümmi – haýsyndan gerek?»
«Sorap durmaň!
– diýip, ýylgyrýar ata
–Şu satýan zatlaryň her haýsyndan çek.
Onda-da ýöne bir çekip durma-da,
Hersinden üç kilo – iň gowsundan çek!..»

Bäbekhana gelip togtady ata.
Ellerinde bolsa bir putluk sebet.
– Size kim gerekdi?
Bize-hä, bajy,
Üç ogul doguran bir gelin gerek.
– Şu zatlaň hemmesi şonuň üçinmi?
Ýaşajyk eneke näz edip oňa,(Bir ajap ýylgyrdy). Ýaş ata diýdi:– Ýary Jerenime,Ýarysam
– saňa....
Şeýdip oktýabryň ak säherinde
Doguldy bäş çaga.
Bäş gözel çaga.
Olaryň bäşisem sanlyja ýyldan
Bileje jompullap giderler baga.
Bileje giderler akja mekdebe.
Mekdebi bir günde ederler tamam.
Onsoň WUZ-a baryp, ondanam çykyp,
Zähmet gapysyndan bererler salam.


...– Allo, allo, allo! Bäbekhanamy?
– Hawa... Ogulmy, gyz – haýsysy gerek?..
Şu mukaddes sözler bäbekhanada
Şu gün gaýtalandy onlarça gezek....
Kyrk sekizde arman bilen ýumulyp,
Arzuwa ýetmedik gözlere derek,
Aşgabadym saňa ýene, ýene-de
Ulalmak, dogurmak, köpelmek gerek.



Awtory Kerim Gurbannepesow.
34
106
Nazar__
21.08.2023 00:06

Körpelere saýa gerekdir hökman

Saýasyz ýaşalsa bimydar bolar.

Dünýä gelen adam bir agaç ekmän

Gitse dünýämize bergidar bolar.



Dünýäden gitmesin hiç kim bergidar

Iň bolman bir agaç eksin ýadygär

Kimde-kim bir agaç ekse ýadygär

Dünýän kitabynda onuň ady bar.



Awtory Aman Kekilow.

33
75
Nazar__
12.08.2023 09:03

Bir adam Sokrata şeýle diýipdir:

-Bilýäňmi dostuň maňa sen hakda nämeler diýdi?

-Dur, aýtjak zadyňy ilki "üç elekden" geçir- diýip, Sokrat ony saklapdyr

-Üç elek?!

-Nämedir bir zady aýtmankaň ony üç elekden geçirip görmek gerekdir. Munuň hakykatdygyna ynamyň barmy?

- Ýok , ýöne eşiden zadym...

- Diýmek, sen munuň çyndygyny, ýalandygyny bileňok.

Onda ikinji elekden - ýagşylyk eleginden geçireli. Sen dostum hakda ýagşy zat aýtmakçy bolýaňmy?

- Ýok, tersine...

Sokrat sözüni dowam edipdir:

- Diýmek, sen hakykatdygyna ynamyň bolmasa-da, ol hakda erbet zat aýtmakçy bolýarsyň. Üçünji elegi - peýdalylyk elegini göreli. Aýtjak bolýan zadyňy eşitmegim hökmanmy, maňa peýdasy degjekmi?

- Ýok, onuň saňa zerurlygy ýok.

Sokrat sözüni jemläp, şeýle diýipdir:

- şeýlelikde, seniň aýtjak zadyňda ne hakykat, ne ýagşylyk, ne-de peýda bar. Onda ony aýtmak nämä gerek?!

48
180
Nazar__
10.08.2023 07:44

Deňiz ýyldyzlaryň hekaýasy

Bir ýazyjy her ýyl tomusda deňizde dynç almana gidýär eken. Onuň deňize ýakynlarda ýazlyk öýi bar eken.


Ol her ýyl tomusy şol ýazlyk öýünde geçirýär eken. Ýazyjy her gün irden öz saglygy üçin deňiz kenarynda çyg topragyň üstünde uzyn ýöreýişe çykýan eken.



Günlerden bir gün irden ýöreýişe çykanda heniz gün şapagy görünip ugranda uzagrakda bir ýaş ýigidiň ýerden bir zatlary alyp deňize garşy zyňýanyny görüpdir.


Ýazyjy ädimlerini çaltlandyrdykça ýigidiň hereketleride çaltlanýardy. Ol öz sesiniň eşidiläýjek aralygyna gelende : "heý ýaş ýigit gowymy ýagdaýyň, näme edýäň?" diýip sorapdyr.


Onda ýaş ýigit:"howwa özüňizem gowymy, görşüňiz ýaly deňiz ýyldyzlaryny deňize gowşurýan "diýýär


Ýazyjy hem:" bolýa , näme üçin beýtýäň?"


Ýaş ýigit: " Bilýänsiňizä birazdan güneş ☀️ dogýar we bu ýyldyzlar bir bir ölerlerdäää!"

Ýazyjy :" bolýa gowy edýäňle welinnn,kenarda müňlerçe bara bulardan. Sen näme edip bilersiň..."

Ýaş ýigit edil şo wagtam eline ýene-de bir deňiz ýyldyzyny alýar we deňize goýberýär, goýberdigi deňiz ýyldyzyny görkezip : belki hemmesiniň däl ýöne gün dogýança deňize goýberenlerimiň ykbaly üýtgedi!"diýýär.


Alan jogabynyň garşysynda ýazyjy geň galýar we:"Men muny hökman ýazmaly" diýip pikir etýär we çalt çalt ýöräp öýüne gelýär.

Galamyny eline alyp , ýaňy bir iki setir ýazyp ugraýar welin, ýazmagyny taşlaýar we şeýle pikir etýär" Men şu wagt näme edýän? Men diňe bir bolýan zatlara şaýat boldum.

Aslynda men etmeli zadym ýigide kömek etmelidim"

Soň galamyny taşlap kenara tarap ylgady. Galan deňiz ýyldyzlaryny deňize gowşurmaga başlady.🌅



Anonim

36
57