Nazar__
02.09.2023 00:30

Haýwanlar barada gyzykly maglumatlar.


Bütin dünýä ýüzindäki deňizlerde ýaşaýan jandarlaryň görnüşleri 250 müňden gowrakdyr.

Pandalar çekinjeň haýwanlardyr. Olar adamlaryň ýaşaýan ýerine golaý ýerlerden gaça durýarlar.

Syrtlanlaryň iýmit siňdiriş agzalary ýyrtyjy haýwanlaryň arasynda iň kämilleridir.

Alahöwren Gün şöhlesiniň astynda uzak wagtlap ýatyp bilmeýär. Şonuň üçin hem ol, beýleki ýylanlara görä, Güne az çoýunýar.

Syçan büresi örän çalasyn hereket etmäge ukyplydyr. Ol hiç durmazdan 3 günläp, sagatda 600 gezek böküp bilýär.

Belkalar sowukda we Gün şöhlesinden goranmak üçin guýruklaryny saýawan hökmünde ulanýarlar.

Dünýädäki iň uly hem agyr guş düýeguşdyr. Olaryň boýy 2,5 metr bolup, awtobusyň beýikligi bilen deňdir.

Dünýädäki iň uly jandar gök kitdir. Bu läheňleriň uzynlygy 30 metre çenli bolýar. Gök kitleriň üstünde sekiz sany düýäni hatarlap goýsaň bolýar. Olaryň agramy 150 tonna çenli bolup, 150 sany kiçi maşynyň agramyna deňdir.

Demirgazyk Afrikada, Ýakyn Gündogarda, Merkezi Aziýada eşekler häzirki wagtda hem ulanylýar. Bu jandarlar örän yssy howada hem çydamlylygy bilen tapawutlanýar.

Dünýädäki iň uly balyk läheň akuldyr. Olaryň boýy 15 metr, agramy 30-40 tonnadyr.

Dünýädäki iň uzyn ýylan torly pitondyr (Zähersiz, tropiki uly ýylan). Torly pitonlaryň uzynlygy 10 metre çenli ýetýär, ýagny alty welosipedi (tigri) hatarlap goýanyňa barabardyr.

Dünýäde diňe suwda ýüzýän balyklar bolman eýsem uçýan balyklar hem bardyr. Uçýan balyklar ýüzgüçleriniň kömegi bilen sagatda 50 km ýüzende uçup bilýärler. Uçýan balyklar adatça duşmanyndan (akuladan) gaçanynda 100 metr aralygy geçip bilýärler. Olary gomlar ýa-da şemal uçuryp gäminiň üstüne taşlaýsa, uçup gaýtadan suwa düşüp bilmeýärler.

Dünýädäki boýy iň beýik jandar žirafadyr. Žirafalaryň boýy 5,5 metre çenli ýetýär.

Gurbaga ýer yranma hadysasyny birnäçe gün öňünden duýýar.

Pandalaryň esasy iýmiti bambuk agajydyr.

Hindi pillleri öýdeçidir, Afrika pilleri öýdeçi däldir.

Gara mamba dünýäde çalt süýnýän ýylanlaryň biri hasaplanýar. Ol sagatda 12 kilometr tizlik alyp bilýärler. Ýöne muňa garamazdan ol bu tizligi örän az wagtlyk saklaýarlar.

Awstraliýada ýaşaýan koala diýilýän jandarlaryň esasy iýmiti ewklid agajynyň ýapraklarydyr. Bu ýapraklarda ysyjuda güýçli bolan ýaglar bilen bilelikde birnäçe haýwanlaryň iýip bilmejek zäherli maddalary bar. Şol maddalar koalalardan başga jandarlar üçin zyýanlydyr. Koalnyň bedeni zäherli maddalaryň zäherini aýyryp, güýjini gaçyrmaga ukyplydyr.

Bekre balyklaryň maşgalasyna degişli bolan baluklaryň aglaba görnüşi bulanyk we çalt akýan suwlarda ýaşaýarlar.

Žirafa burun deşigini açyp-ýapyp bilýän jandardyr.

Garagum çölünde duş gelýän süýrenjileriň iň ulusy zemzendir. Uzynlygy 1,5 metre ýetýän bu haýwany “ Çöl krokodili”diýip hem atlandyrýarlar.

Kalibri diýilýän guşuň çüňkünden guýrugynyň ujuna çenli uzynlygy bary-ýogy 57 millimetrdir. Watany Kuba bolan bu guşuň ýokary tizlik bilen ganatlaryny kakýandygy, howada hereketsiz durup bilýändigi, çykarýan sesiniň siňegiň wyzzyldasyna meňzeýändigi üçin oňa siňek guşy hem diýilýär.

Kenguru bir gezek bökende 12 metre çenli aralygy geçip bilýär.

Hamelýon diýilýän jandaryň dili bedeninden iki esse uzyndyr.

Sugunyň süýdi goýudyr. Onuň 12-14 göterimi ýagdyr. 9 göterim töweregi belokdyr, 5,4 göterimi gantdyr. Sugunyň süýdi bir hepdeläp saklananda-da turşamaýar.

Gotanyň 30 santimetr uzynlygyndaky çüňküniň aşagyndaky torba 12 litr suw ýa-da 13 kilogram balyk ýerleşýär. Gotan bu torbasyny balyk awlamak we çagalaryny naharlamak üçin hem ýörite gap hökmünde ulanýar.



Taýýarlan: Akgül Baýlyýewa

36
197
Nazar__
29 Iýul 2024
@smiling_, ha bolýa :)
Nazar__
29 Iýul 2024
@smiling_, belki girýändir ýöne nikini üýtgedendir swn nä bilýäň?
Nazar__
29 Iýul 2024
@smiling_, ýok düşünemok ýöne atabaý diýme maňa meň adym Nazar
Nazar__
29 Iýul 2024
@smiling_, indi näme girenokmy?
Nazar__
29 Iýul 2024
@smiling_, ýok.
Nazar__
29 Iýul 2024
@smiling_, Atabaý bilesä girýämi?
Nazar__
29 Iýul 2024
@smiling_, 😁
Nazar__
29 Iýul 2024
@smiling_, malades enebaý:D
Nazar__
29 Iýul 2024
@smiling_, senem:))
Nazar__
29 Iýul 2024
@smiling_, baryn:))
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.