Nazar__
27.08.2023 07:15
– Allo, allo, allo! Bäbekhanamy?
– Hawa, bäbekhana. Näme gerekdi?
– Ýazgül Durdyýewaň nämesi boldy?
– Size gyz gerekmi?Ogul gerekmi?
– Dogrujamy diýsem, ilki bilen-ä.
Şol gelniň özüniň saglygy gerek.
Onsoňam parhy ýok
– gyzmy ýa ogul
–Öýmüzde şolaryň ikisem seýrek.
– Onda buşluk: gerçek ogluňyz boldy.
Agramam – üç kilo sekiz ýüz gram.
– Her kilosy üçin bir çemen bogup,
Häzir ganat kakyp, ýanyňa barýan...

– Allo, allo, allo! Bäbekhanamy?
– Hawa, aýdyberiň! Nämejik gerek?
– Aý, men-ä beýle bir nebisjeňem däl:
Berseňiz, ýekeje bäbejik gerek.
– Aýdyň, bäbekleriň haýsyndan gerek?
– Gyzjagaz bolsa-ha... dilegim şoldy.
Sebäbi ozalam sekiz oglum bar.
– Onda buşluk, agam,Gyzyňyz boldy!

– Allo, allo, allo! Bäbekhanamy?
– Hawa, edil özi. Näme gerekdi?
– Jeren Çaryýewaň ýagdaýy niçik?
– Gyzjagaz gerekmi?Ogul gerekmi?
– Wah, mümkin bolsa-ha... bäş ogul gerek!Aňyrdan jakgyldap güldi eneke:
– Häp-häzir-ä üçem ogluňyz boldy.
Yzyny hem görüberýäs ýene-de...
Ýaş ata ullakan sebedin alyp,
Öýünden ylgady bazara tarap.
Satygçy soraýar: «Almamy, narmy,Erikmi, üzümmi – haýsyndan gerek?»
«Sorap durmaň!
– diýip, ýylgyrýar ata
–Şu satýan zatlaryň her haýsyndan çek.
Onda-da ýöne bir çekip durma-da,
Hersinden üç kilo – iň gowsundan çek!..»

Bäbekhana gelip togtady ata.
Ellerinde bolsa bir putluk sebet.
– Size kim gerekdi?
Bize-hä, bajy,
Üç ogul doguran bir gelin gerek.
– Şu zatlaň hemmesi şonuň üçinmi?
Ýaşajyk eneke näz edip oňa,(Bir ajap ýylgyrdy). Ýaş ata diýdi:– Ýary Jerenime,Ýarysam
– saňa....
Şeýdip oktýabryň ak säherinde
Doguldy bäş çaga.
Bäş gözel çaga.
Olaryň bäşisem sanlyja ýyldan
Bileje jompullap giderler baga.
Bileje giderler akja mekdebe.
Mekdebi bir günde ederler tamam.
Onsoň WUZ-a baryp, ondanam çykyp,
Zähmet gapysyndan bererler salam.


...– Allo, allo, allo! Bäbekhanamy?
– Hawa... Ogulmy, gyz – haýsysy gerek?..
Şu mukaddes sözler bäbekhanada
Şu gün gaýtalandy onlarça gezek....
Kyrk sekizde arman bilen ýumulyp,
Arzuwa ýetmedik gözlere derek,
Aşgabadym saňa ýene, ýene-de
Ulalmak, dogurmak, köpelmek gerek.



Awtory Kerim Gurbannepesow.
34
106
Dusia
25 Iýun 2024
@Zümerret_, ýokary okuw
Zümerret_
24 Iýun 2024
"WUZ "Name ?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.