N.T.
N.T.
31.12.2021 00:08
Melikäniñ gutlagy Gadyrdanym Köwser!!!Menem seni doglan günüñ bilen gutlaýan .😊Gutlamak bilen saña berk jan saglyk,tükeniksiz bagt, dünýäniñ bagtly zenanlarynyñ biri bolmagyñy arzuwlaýaryn!!!
N.T.
N.T.
31.12.2021 00:06
Köwser doglan günüñ bilen🤩😍🥳🥳Uzak ýaşa😊🤗Ýüregiñde beslän arzuwlaryña ýetgeysiñ Gowy günde doglupsyñ(bir okda iki towşan 😁😁)goý her bir günüñem gowy gowy ýatlamalardqn dolubersin😍🤩Täze ýylam seniñ
N.T.
N.T.
29.12.2021 22:14
📢📢📢"Apple" kompaniýasynyñ işgärleri iş taşlaýyş yglan etdiler...📣📣📣 «Apple» kompaniýasynyň işgärleriniň bir topary öz kärdeşlerini iş taşlaýşa goşulmaga, müşderileri bolsa, kompaniýanyň
N.T.
29.12.2021 16:24
Täsin maglumatlar....

1.Ýer ýüzündäki jandarlaryň içinde garynjanyň beýnisi göwresine garanyňda iň ulsudyr.

2.Baýkal kölündäki suw Demirgazyk Amerikanyň iň uly köllerindäki suwlaryň bilelikde alnandakysyndan hem köpdür, özi-de dünýädäki süýji suwuň 5-den 1-i şu köldedir.

3.Antarktidanyň buzunyň galyňlygynyň 4 kilometre ýetýän ýerleri hem bar.

4.Ewerest belentliginiň depesi millionlarça ýyl ozal deňziň düýbünde emele gelen daş böleklerinden ybarat.

5.Hameleon bir wagtyň özünde bir gözi bilen öňüne, beýleki gözi bilen yzyna seredip bilýär.

6.Dünýäde iň kiçi we ýöräp bilmeýän guş hasaplanýan kolibri göwresini şol bir durşunda saklap, aşak-ýokarlygyna, gapdallygyna, hatda yzlygyna hem uçup bilýär.

7.Ewerestiň depesine çykan adam troposferanyň ýokarky çägine galtaşar.

8.Dünýäde her sekuntda 100 ýyldyrym çakýar.

9.Adaty körsyçan berdaşly gazyjydyr. Ol bir sagatda 15 metr, bir gijede 76 metr ýer köwýär.

10.Güýzüň ahyrky aýynda gök gürlese, gyş garly bolar.

11.Garlawaçlar suwuň ýüzünden jürgüldäp uçsa, howa bulaşar.

12.Güýzde ilkinji düşen gyraw uzak wagtlap ýatsa, gyş garly bolar.

13.Güýzde durnalar uçup gidensoň, iki hepdeden soň sowuk düşer.

14.Gün ýaşanda şapak gyzarsa, ertesi howa gowy bolar, daňdan şapak gyzarsa, ýakymsyz howa bolar.

15. Gök kitiň sesi atylan agyr topuň sesinden ýa-da göge galýan raketanyň gürrüldisinden güýçlüdir.

16.Meýdany boýunça Kanada Hytaýdan, Hytaý bolsa ABŞ-dan uludyr.

17.Eskimoslaryň dilinde gary aňladýan 20-den gowrak söz bar, 40-dan gowrak söz bolsa olaryň dilinde garyň görnüşlerini aňladýar.
12
588
N.T.
29.12.2021 10:27
Men näme üçin dogdum Eje?!

Bir Allaha uý diýerdiň,
Aýdyşyň deý uýdym eje!
Hyýallarňy goý diýerdiň,
Emma bilmän söýdüm eje!

Içde gizläp köýgülermi,
Zyňyp bilmän gaýgylarmy,
Duýma diýen duýgylarňy,
Bir gözelde duýdum eje!

Seýiklenen, daşdan gaty,
Aýdylmadyk sözlem ýatyr,
Ýürek diýlen garamaty,
Elim bilen soýdum eje!

Darkaş edip gahrym bilen,
Umytlanan şährim bilen,
Maňa beren mähriň bilen,
Özge birin çoýdum eje!

Boýun alyp ýanandygmy,
Bagt atyň çamandygny,
Indi bilip ýalandygny,
Ynanmagmy goýdum eje!

Umyt azaldy ogluňda,
Gussa asyldy boýnumdan,
Ykbalyň gurnan oýnundan,
Indi halys doýdum eje!

Ýörän ugrym çarkandakly,
Gözýaşym syrjak ýandakmy,
Ýazgydym diňe ýanmakmy?!
Men näme üçin dogdum Eje?!

✍✍✍✍✍✍✍

Şahyryñ ýañy ýakynda çykaran täze goşgusy😔😊


"Täsin maglumatlar..." postuma girmek un shu ýere basyñ
7
292
N.T.
28.12.2021 14:45
,,Indi sen ýatlarsyñ,men yatlap boldum..."

Ýatlamalaň kitabyny ýapaýyn,
Geçmiş hakda oýlam geçmişde galsyn,
Göwün men geljege gitmek islämde,
Neçün sen geçmişe ilişip galdyň.


Gyýylma ýüregim, aglama dünýäm,
Bir bikemal üçin degmez ýananňa,
Besdir şu çaka çen örtenip köýdiň,
Degmez gözüň ýaşlap şygyr ýazanňa.


Geljek üçin gadam urup, bat bilen,
Ýatlamalaň ýomagyny çözmerin,
Şatlanyber göwnüm käte ýat bilen.
Saňa dözdiler diýip kimsä dözmerin.


Elenmekden, öwsen sowuk ýellere,
Mähir doly kalbym bilen men doňdym.
Saňa söýgim hakda, yhlasym hakda,
Indi sen ýatlarsyň -

men ýatlap boldum.


Aýly gijeleri üstüme örtüp,
Ýyldyzlardan hemaýata garaşdym,
Aýralygyň mukamyna üwrelip,
Käte, öýkeleşip käte ýaraşdym.


Zaryn ýelleň owazyna goşulup,
Seniň adyň tutup belent sözläpdim,
Göçgin bulutlary yzlaýan Aý deý,
Ykbalyňdan ykbalymy gözläpdim.


Akmaýaň ýoluny ýasanan gökden,
Hyýalymda gowuşmaga giderdim,
Duşup saňa sowgat berip söýgimi,
Özümi iň bagtly ynsan öýderdim.


Ýyldyrym çakanda, kalbym sarsdyryp,
Ýyldyz deýin gozümden sumat bolduň.
Zeminde ýitirip gökden gözlänim.
Indi sen gözlärsiň,
men gözläp boldum.



Gurbanmämmet MEREDOW.
11
95
N.T.
N.T.
28.12.2021 14:27
🧑‍🎄Aýazbabanyñ🧑‍🎄 döreýşi hakynda... Belli bolşy ýaly, täze ýyl arçasy, Aýazbaba hem-de onuň agtyjagy Garpamyk naýbaşy baýram bolan Täze ýylyň hemişelik keşbidir. Çagalaryň söýgüli gahrymany –
N.T.
27.12.2021 12:16
Arzuw...

Ejeler perişde asmandan inen,
Görmegem mukaddes, Ýerde olary.
Başyñdan belanyñ beteri iner,
Nähak ýere goýsañ derde olary.

Adamzada berlen iñ uly bagtdyr,
Olaryñ gujagnyñ yssysyn duýmak.
Janygmak hökman däl, öz-özi bolar,
Enäni bar zatdan belentde söýmek.

Görmesek gözlermiz şorlap başlaýar,
Halyn soramasak sözlermiz duzsuz.
Allañ emri bilen adam gyşlaýar,
Enäñ mähri bilen gyşlaram buzsuz.

Müñ şükürler ejem bar, ýaz mähirli,
Yhlasy ylhammyñ köçesi bolsun,
Meñ kän dilegim ýok Allañ öñünde,
Eger perzent berse iliñ deñinde,
Meniñ ejem ýaly ejesi bolsun!
5
84
N.T.
27.12.2021 11:07
Isleg

Añ goýalyp, pana akyl ýetirip,
Meñ kakama juda meñzäsim gelýär.
Ojagma biminnet çörek getirip,
Meñ kakama juda meñzäsim gelýär.

Höwes edýän halal, gadam urşuna,
Zähmetden, gollary dönen gurşuna,
Ýygyrtly ýüzüni synlap durşuma,
Meñ kakama juda meñzäsim gelýär.

Sylagy essedir, hormat goýana,
Ejize el berer, gurpa daýana,
Galamymy çalşyp, çopan taýaga,
Meñ kakama juda meñzäsim gelýär.

Müdimilik çöle çykmalam bolsam,
Sowatsyzlyk ýükün, çekmelem bolsam,
Ýigrimiden, kyrka bökmelem bolsam,
Meñ kakama juda meñzäsim gelýär.

Bu sözlem ýürekden, däldir ýasama,
Beýik arzuwlarmy, gysyp gysyma,
Ýagşy ynsanlygyñ hatyrasyna,
Meñ kakama juda meñzäsim gelýär.

Ýene-de bir zadyñ kemdigin duýduk,
Haçan "Eje seni söýýärin!" diýdik?
Göwrämiz dag ýaly, mährimiz göýdük,
Giç bolmazmy ol ölende?
Deñ dushlar!!

"Kompos" tapyp, üýtgedeliñ ugrumyz,
Göroglylañ, Alp Arslanlañ ogly biz,
Ýewropany islese-de göwnümiz,
Biz Aziýada doglan bendediris,
Oglanlar Gyzlar!!!


Kerim Hally
6
145
N.T.
N.T.
26.12.2021 23:25
#Söýgi❤ and #ölüm😞