,,Indi sen ýatlarsyñ,men yatlap boldum..."
Ýatlamalaň kitabyny ýapaýyn,
Geçmiş hakda oýlam geçmişde galsyn,
Göwün men geljege gitmek islämde,
Neçün sen geçmişe ilişip galdyň.
Gyýylma ýüregim, aglama dünýäm,
Bir bikemal üçin degmez ýananňa,
Besdir şu çaka çen örtenip köýdiň,
Degmez gözüň ýaşlap şygyr ýazanňa.
Geljek üçin gadam urup, bat bilen,
Ýatlamalaň ýomagyny çözmerin,
Şatlanyber göwnüm käte ýat bilen.
Saňa dözdiler diýip kimsä dözmerin.
Elenmekden, öwsen sowuk ýellere,
Mähir doly kalbym bilen men doňdym.
Saňa söýgim hakda, yhlasym hakda,
Indi sen ýatlarsyň -
men ýatlap boldum.
Aýly gijeleri üstüme örtüp,
Ýyldyzlardan hemaýata garaşdym,
Aýralygyň mukamyna üwrelip,
Käte, öýkeleşip käte ýaraşdym.
Zaryn ýelleň owazyna goşulup,
Seniň adyň tutup belent sözläpdim,
Göçgin bulutlary yzlaýan Aý deý,
Ykbalyňdan ykbalymy gözläpdim.
Akmaýaň ýoluny ýasanan gökden,
Hyýalymda gowuşmaga giderdim,
Duşup saňa sowgat berip söýgimi,
Özümi iň bagtly ynsan öýderdim.
Ýyldyrym çakanda, kalbym sarsdyryp,
Ýyldyz deýin gozümden sumat bolduň.
Zeminde ýitirip gökden gözlänim.
Indi sen gözlärsiň,
men gözläp boldum.
Gurbanmämmet MEREDOW.