https://owrenmeli.app/18649-tasin-maglumatlar.html#comment
N.T.
29.12.2021 16:24
Täsin maglumatlar....
1.Ýer ýüzündäki jandarlaryň içinde garynjanyň beýnisi göwresine garanyňda iň ulsudyr.
2.Baýkal kölündäki suw Demirgazyk Amerikanyň iň uly köllerindäki suwlaryň bilelikde alnandakysyndan hem köpdür, özi-de dünýädäki süýji suwuň 5-den 1-i şu köldedir.
3.Antarktidanyň buzunyň galyňlygynyň 4 kilometre ýetýän ýerleri hem bar.
4.Ewerest belentliginiň depesi millionlarça ýyl ozal deňziň düýbünde emele gelen daş böleklerinden ybarat.
5.Hameleon bir wagtyň özünde bir gözi bilen öňüne, beýleki gözi bilen yzyna seredip bilýär.
6.Dünýäde iň kiçi we ýöräp bilmeýän guş hasaplanýan kolibri göwresini şol bir durşunda saklap, aşak-ýokarlygyna, gapdallygyna, hatda yzlygyna hem uçup bilýär.
7.Ewerestiň depesine çykan adam troposferanyň ýokarky çägine galtaşar.
8.Dünýäde her sekuntda 100 ýyldyrym çakýar.
9.Adaty körsyçan berdaşly gazyjydyr. Ol bir sagatda 15 metr, bir gijede 76 metr ýer köwýär.
10.Güýzüň ahyrky aýynda gök gürlese, gyş garly bolar.
11.Garlawaçlar suwuň ýüzünden jürgüldäp uçsa, howa bulaşar.
12.Güýzde ilkinji düşen gyraw uzak wagtlap ýatsa, gyş garly bolar.
13.Güýzde durnalar uçup gidensoň, iki hepdeden soň sowuk düşer.
14.Gün ýaşanda şapak gyzarsa, ertesi howa gowy bolar, daňdan şapak gyzarsa, ýakymsyz howa bolar.
15. Gök kitiň sesi atylan agyr topuň sesinden ýa-da göge galýan raketanyň gürrüldisinden güýçlüdir.
16.Meýdany boýunça Kanada Hytaýdan, Hytaý bolsa ABŞ-dan uludyr.
17.Eskimoslaryň dilinde gary aňladýan 20-den gowrak söz bar, 40-dan gowrak söz bolsa olaryň dilinde garyň görnüşlerini aňladýar.
12
588