🧑🎄Aýazbabanyñ🧑🎄 döreýşi hakynda...
Belli bolşy ýaly, täze ýyl arçasy, Aýazbaba hem-de onuň agtyjagy Garpamyk naýbaşy baýram bolan Täze ýylyň hemişelik keşbidir. Çagalaryň söýgüli gahrymany – Aýazbabanyň biziň günlerimize nireden we haçan gelendigi hakda anyk maglumat ýok. Ol barada dürli ýurtlaryň dürli pikirleri bar. Käbir ýurtlaryň ýaşaýjylary dünýä ýurtlarynyň köpüsinde Santa Klaus ady bilen tanalýan Aýazbabanyň ýerli gnomlaryň (Günbatar Ýewropa mifologiýasynda ýerasty baýlyklary gorap saklaýan mifiki adam) neslidigine ynanýarlar. Ýöne bularyň ählisi-de çaklama hem-de ynançlardyr. B.e.öň I müňýyllygyň ahyrynda ýaşan Nikolaý Mirskiý Gündogar halklarynyň arasynda çagalaryň, ýetginjekleriň keramatly howandary hökmünde tanalypdyr. Oňa degişli galyndylar gündogar ybadathana;arynyň birinde uzak wagtlap saklanypdyr, ýöne XI asyrda garakçylar tarapyndan talanyp Italiýa äkidilipdir. Şeýdip bu keramatly ynsanyň galyndylary we ol hakdaky pikirler Ýewropa ýaýrapdyr. Soňlugy bilen keramatly şahsyýetiň ady Nikalaus – Germaniýada, Klaas – Gollandiýada, Klaus – Angliýada ak sakgally garry adam ak atyň üstünde çagalar sowgat paýlap başlapdyr. Watany demirgazyk Laplandiýa hasaplanylýan Santa Klaus elbetde, mifiki düşünjedir. Wagtyň geçmegi bilen Santa Klaus ady bilen 25-nji dekabrda dünýä ýurtlarynyň ençemesinde bellenilýän I.Hristosyň doglan gününde (Christmas Day) çagalara sowgat paýlap başlady. Netijede bu meşhur gahrymana öwrenişen dünýä jemgyýetçiligi Täze ýyly bu keşpsiz göz öňüne getirip bilmediler. Slawýan miflerinde Aýazbabanyň ýanynda Gar gyzjagazy täze keşp hökmünde janlandyryldy. Wagtyň geçmegi bilen Santa Klausyň keşbinde özgerilişikler bolup, bir elinde sowgatly haltasy, beýleki elinde jadyly hasasy, egnine ak sütükli gyzyl reňkli eşigi bolan çaglara şatlyk we mähir paýlaýan keşp kemala geldi. Şeýdibem Täze ýylyň esasy bezegi, nyşany bolan Aýazbabanyň we onuň agtyjagynyň ajaýyp keşbi hemmeleriň kalbynda kök urdy.