Arzuw...
Ejeler perişde asmandan inen,
Görmegem mukaddes, Ýerde olary.
Başyñdan belanyñ beteri iner,
Nähak ýere goýsañ derde olary.
Adamzada berlen iñ uly bagtdyr,
Olaryñ gujagnyñ yssysyn duýmak.
Janygmak hökman däl, öz-özi bolar,
Enäni bar zatdan belentde söýmek.
Görmesek gözlermiz şorlap başlaýar,
Halyn soramasak sözlermiz duzsuz.
Allañ emri bilen adam gyşlaýar,
Enäñ mähri bilen gyşlaram buzsuz.
Müñ şükürler ejem bar, ýaz mähirli,
Yhlasy ylhammyñ köçesi bolsun,
Meñ kän dilegim ýok Allañ öñünde,
Eger perzent berse iliñ deñinde,
Meniñ ejem ýaly ejesi bolsun!