N.T.
08.12.2021 09:54
Ýaşa Sen!!!

Ömür berilmeýär adama iki,
Şonuñ üçin söýlüp, söýüp ýaşa sen!
Özüñi il-güne sylatgyn ilki,
Gezegiñde hormat goýup ýaşa sen!

Eneñ aýamady mährini, süýdün,
Onuñ mele-myssyk çöregin iýdiñ,
Gije ýatman ören jorabyn geýdiñ,
Mähriñe çoýduryp, çoýup ýaşa sen.

Mydam wepadar dost gurşasyn daşyñ,
Dostuñdyr gorajak köp howpdan başyñ,
Şeýle çyn dostuñdan gysganma aşyñ,
Gezegiñde bile iýip ýaşa sen.

Atañdyr bu dünýä gelmegñe sebäp,
Bakdy seni halal ýollardan ýöräp,
Indi senem oña gaýtargyn jogap,
Gezegiñde oña uýup ýaşa sen.

Goý derden garalsyn akja köýnegiñ,
Il gün üçin ylga, gyna toýnagyñ,
Zerurdyr Watany jandan söýmegiñ,
Gezegiñde şandan doýup ýaşa sen.

Toýuñda ýasyñda ylgar ýakynlañ,
Şolarly añsat bor ençeme kynlañ,
Olary görende saçak ýaz giñden,
Gezegiñde “Sag bol” diýip ýaşa sen.

Bir gün geler, biri eli çalgyly,
Garadyr geýimi, senden algyly,
Algysyn alansoñ ine sen öli,
Gezegiñde şony duýup ýaşa sen.

Terezä goýarlar sen we señ günäñ,
Garşyñda bir otly, bir otsuz bina,
Hemaýatyn etmez funt, ýewro, dinar,
Gezegiñde halal iýip ýaşa sen.

2013ý.
5
160
N.T.
N.T.
08.12.2021 09:40
APAT... Ýagşyny wasp etmek – şahyra adat, Diňe adatam däl, hökmanlardandyr. Gelinler içinde gördüm bir apat, Ýok, apatam oňa gurbanlardandyr. Maňlaýy bahardan ýasalan ýaly, Ýaňagy säherden ýasalan
N.T.
N.T.
07.12.2021 14:27
Söýjekmi💔💔💔 Aglasam gam çeksem durmuş ýolunda, Gelip gözden akan ýaşym syljakmy? Gamlanamda bolup meniñ ýanymda, Ýylgyramda ýylgyrjakmy güljekmi? Asmanymy örtse gara bulutlar, Ýaz gidip asmandan
N.T.
07.12.2021 14:18

SEN HAKDA…

Şol gün duşdum saňa bagt ýyldyzym,
Göreçler tapyşyp, çakdy ýyldyrym,
Ondan bäri geçse-de aý-ýyllarym,
Sen henizem ýaşap ýörsüň gursakda,
Bu şygrym sen hakda hem söýgi hakda.

Ýüzüm kä aýaza, käteler howra
Dagladan günlemde düşmedim dowla,
Çyn aşyk-magşuk deý bir jan, bir göwre,
Sen henizem ýaşap ýörsüň gursakda,
Bu şygrym sen hakda hem söýgi hakda.

Gitmändir seni-de ynam terk edip,
Geldiň, gülüm, öz-özüňe erk edip,
Umytlarmy buýsanjymy berkidip,
Sen henizem ýaşap ýörsüň gursakda,
Bu şygrym sen hakda hem söýgi hakda.

Ykbalymdan razy, duşurdy ýara,
Döz geldim ugruňda set müň azara,
Özge saýlanym ýok törüm bezäre,
Sen henizem ýaşap ýörsüň gursakda,
Bu şygrym sen hakda hem söýgi hakda.

Teşnelik çeksek-de solmadyk häli,
Kesekiň sözüni almadyk häli,
Bir-birekden aýra bolmadyk ýaly,
Sen henizem ýaşap ýörsüň gursakda,
Bu şygrym sen hakda hem söýgi hakda.

Hoş geldiň, humaýym, köňlümiň hoşy,
Kalbym ýüzük bolsa özüňsiň gaşy,
Gül göwnümiň hoşy, şatlygmyň başy,
Sen henizem ýaşap ýörsüň gursakda,
Bu şygrym sen hakda hem söýgi hakda.


Nowruz Güýjow...
5
123
N.T.
07.12.2021 14:15
Gerek bor saňa..

Meniň saňa ýazan söýgi setirlem,
Kän gezek durmuşda gerek bor saňa.
“Uçsam” diýip, köňle hyýal getirseň,
Ganat bor, per bolar, ýelek bor saňa.

Aňsat däldir yşksyz ömrüň düzgüni,
Kyn sowaldyr, ýokdur ýeňil çözgüdi.
Känem bolsa köne dünýäň düzgüni,
Çarhy-pelek käte telek bor saňa.

Söz astyndan didaryňa seredýän…
Sowan köňli pagyş-para eredýän.
Aljyran mahalyň dadyňa ýetýän
Eren bor, perişde, melek bor saňa.

Aýdym etseň – aýdym, üwräp sallançak,
Belent perwaz bilen asmana galjak,
Dünýäň jöwzasynda saýasyn saljak
Şatut bor, çynar bor, derek bor saňa.

Haktagala hak sözlerin eçildi,
Söýgim, sözüm äleme ras eçildi.
Yşkdan gara bagrym göz-göz deşildi,
Eleseň ak unlar, elek bor saňa.

Köňlüň belent günde, halyň pes günde,
Şatlyk berer tukat günde, sus günde.
Asmanda däl, bu zeminiň üstünde
Sekiz jennet, dokuz pelek bor saňa.

Kelam ýazyp, öz yşkymy aňdyryp,
Bilmedim mähriňden mährim gandyryp.
Men gitsemem seni ýalňyz galdyryp,
Şu setirler maňa derek bor saňa.

Awtory: ATAMYRAT ATABAÝEW
5
51
N.T.
05.12.2021 22:13
Salam agzalar👋Hemmañize giç yagshy!
Men yazan teswirlerimi pozup bilemok 10-15 minut gecdi boldy eyyam pozup bilmeýan sebabini bilýäñizmi🤔🤔 Belki siz bilýansiñiz komek edaýyñ haýysh🙏Post edip sheydip derdimi aydaymasam halys bolmady😔
386
N.T.
05.12.2021 15:04

"ÝANDYRSAÑAM, BAGTYÑ MENI KÖŞEŞDI:R..."

Dalanyp, talanyp, hiç zat galmady
Ugruňda gan öýen juwan jigerde.
Dowzahlyk hökümim çykandyr birçak,
Seni söýmek günä bolsa eger-de.

Ýandyrsaňam, bagtyň meni köşeşdi:r,
Goý, bolmasaň-bolmanlar geç ýazgydym!
Men är kimin kabul edip bilerin
Ykbalymyň sen hakdaky çözgüdin.

Ýöne ýürek gaýta-gaýta “sen” diýýär
(Wah, görgüsiýaman jepa-jebirde).
Jennetlik hökümim çykandyr birçak,
Seni söýmek sogap bolsa eger-de.

Sapa HOMMADOW.
6
90
N.T.
04.12.2021 22:52
Nirede sen, nirede sen näzli yar?
Meni bagtly etjek Gülüm nirde sen?
Wagt gechyär, ay aylanyar, dolanyar,
Maña Mähir berjek yarym nirde sen?
Duyan dälsiñ, senem biri halandyr,
Aydyp bilmän, yshk oduna yanandyr,
Sizi uzak "ara" ayra salandyr
Göz yasharyar, gitme yarym nirde sen?
Ay bolyar, gitme diydim gitdi yar,
Ol gitdi yürek munda aglayar.
Charhy pelek biziñ bilen oynayar,
Meni tashlap giden yarym nirde sen?
Durmush kyndyr senem borsuñ gitmeli
Okuw okap arzuwlara yetmeli
Gelip onsoñ durmush toyun tutmaly,
Gelenimde yylgyrjak yar nirde sen?
Ara uzak, günler bolsa gechip dur,
Yürek gamgyn yshk meyini ichip dur.
Söygi ejiz, "ara" bizi yeñip dur,
Söz bozuldy, düynki shatlyk nirde sen?
Kitap oka, nahar bishir ishe git
Otag supur, dynjyñy al, gowja yat
Dostlar bilen parka aylan, gowün shat...
Onda-da bolanok, yarym nirde sen?
Yagday gowy arman yürek dar yaly,
Ichiñ gysyar, bir yetmeziñ bar yaly,
Yürek diyyar: "birje kem zat "yar" yaly"
Meni chyndan söyjek yarym nirde sen?
Men pikir etdim söygi bolar birine,
Olam bolar diñe söyen yaryña
Yaram wepaly bor, eden zaryna,
Köp garashdym wepaly yar nirde sen?
Dessandaki yaly söygi chynmy-ka?
Yashayshymyzyñ bar manysy "yar"myka?
Ya bu bolyan wakalar yalanmyka?
Meni derde salan SÖYGI nirde sen?
4
50
N.T.
04.12.2021 22:39
Men seni soymandim sen meni soydun
Gözlem ucin kayyldyn sen bar zada
sho sebapli söýemok diyip bilmandim
Menden ozge gyz yok yaly dunyade.


Sen meni sheylebir goryardin eziz
a men bolsa soygi diylen duygynyñ
Neneñsi guycdiginem
gormandim heniz...


Meger duyduñ meniñ soymeyanimi
menin didelemden gitdiñ bir salym
Şonda duydum seni cyndan halanym
Ol soymedik gunlerime ser salyp



Bir gun geldiñ caldym soygi mukamñy,
Arman yone menin soyen shazadamyñ
Gosha gozleri dort bolupdyr ekeni...


Men seni soyaydim sen bolsa indi
ozge gozel bilen yashashyp yorsun
senin ucin ahli zada kayyl men
Meñ nacar dunyamde dine sen barsyn!


Ne ucin indi meñ yanyma gelenok?
Ozal sana soyemok diyip bilmandim
bu gun bolsa
soyyan diyip bilemok...💔💔💔
5
132
N.T.
N.T.
04.12.2021 14:47
Gardan “Iň oňat gar adam” ýasamak üçin iňlis alymlary gerek bolan ölçegleriň we beýleki gerek bolan zatlaryň jikme-jik netijelerini öwrendiler. Angliýanyň Trent uniwersitetinden matematik Dr. Jeýms