N.T.
08.12.2021 09:54
Ýaşa Sen!!!

Ömür berilmeýär adama iki,
Şonuñ üçin söýlüp, söýüp ýaşa sen!
Özüñi il-güne sylatgyn ilki,
Gezegiñde hormat goýup ýaşa sen!

Eneñ aýamady mährini, süýdün,
Onuñ mele-myssyk çöregin iýdiñ,
Gije ýatman ören jorabyn geýdiñ,
Mähriñe çoýduryp, çoýup ýaşa sen.

Mydam wepadar dost gurşasyn daşyñ,
Dostuñdyr gorajak köp howpdan başyñ,
Şeýle çyn dostuñdan gysganma aşyñ,
Gezegiñde bile iýip ýaşa sen.

Atañdyr bu dünýä gelmegñe sebäp,
Bakdy seni halal ýollardan ýöräp,
Indi senem oña gaýtargyn jogap,
Gezegiñde oña uýup ýaşa sen.

Goý derden garalsyn akja köýnegiñ,
Il gün üçin ylga, gyna toýnagyñ,
Zerurdyr Watany jandan söýmegiñ,
Gezegiñde şandan doýup ýaşa sen.

Toýuñda ýasyñda ylgar ýakynlañ,
Şolarly añsat bor ençeme kynlañ,
Olary görende saçak ýaz giñden,
Gezegiñde “Sag bol” diýip ýaşa sen.

Bir gün geler, biri eli çalgyly,
Garadyr geýimi, senden algyly,
Algysyn alansoñ ine sen öli,
Gezegiñde şony duýup ýaşa sen.

Terezä goýarlar sen we señ günäñ,
Garşyñda bir otly, bir otsuz bina,
Hemaýatyn etmez funt, ýewro, dinar,
Gezegiñde halal iýip ýaşa sen.

2013ý.
5
160
N.T.
8 Dekabr 2021
KöWsEr,🤗😊👍
N.T.
8 Dekabr 2021
Ylham.1989,posta like goymaýañyza
ylham_1989
8 Dekabr 2021
👍👍👍👍👍👍👍👍👍👍👍
N.T.
8 Dekabr 2021
Melikee,beeerrrreeeekkeeellaaa😆😆😆
Melikee
8 Dekabr 2021
N.T.,hooowwwwaa.☺
Älem
8 Dekabr 2021
👍👍👍....
N.T.
8 Dekabr 2021
Melikee,salam turdum oza siz nahili turduñyzmy😊🙋‍♀️🙋‍♀️🙋‍♀️
Melikee
8 Dekabr 2021
Salam.Turduňmy sag -aman ???🙋🙋🙋
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.