APAT...
Ýagşyny wasp etmek – şahyra adat,
Diňe adatam däl, hökmanlardandyr.
Gelinler içinde gördüm bir apat,
Ýok, apatam oňa gurbanlardandyr.
Maňlaýy bahardan ýasalan ýaly,
Ýaňagy säherden ýasalan ýaly,
Gabagy mähirden ýasalan ýaly,
Dodaklary şeker damýanlardandyr.
Ellerniň barmagy misli bir seçek,
Döşleri meýdanly, gözleri goçak.
Bili ýarym gujak, saçy bir gujak,
Gözleri bar – düýpsüz ummanlardandyr,
Gözleriniň agy – dünýäň gündizi,
Gözlerniň garasy gijäň tämizi.
Megerem şol ala gözleriň özi
Gijäni-gündizi ýasanlardandyr.
Ýüz gelniň içinden saýlanyp boýy,
Bir özi bezäp dur giden bir toýy.
Edebiň merkezi, akylyň öýi,
Şahyr oňa akly haýranlardandyr.
Saýlap-seçip ajaplaryň ajabyn,
Haýsy ýigde bagş etdikä gujagyn?
Şol gujakda mekan tutan goç ogul
Dünýade iň bagtly ynsanlardandyr.