SEN HAKDA…
Şol gün duşdum saňa bagt ýyldyzym,
Göreçler tapyşyp, çakdy ýyldyrym,
Ondan bäri geçse-de aý-ýyllarym,
Sen henizem ýaşap ýörsüň gursakda,
Bu şygrym sen hakda hem söýgi hakda.
Ýüzüm kä aýaza, käteler howra
Dagladan günlemde düşmedim dowla,
Çyn aşyk-magşuk deý bir jan, bir göwre,
Sen henizem ýaşap ýörsüň gursakda,
Bu şygrym sen hakda hem söýgi hakda.
Gitmändir seni-de ynam terk edip,
Geldiň, gülüm, öz-özüňe erk edip,
Umytlarmy buýsanjymy berkidip,
Sen henizem ýaşap ýörsüň gursakda,
Bu şygrym sen hakda hem söýgi hakda.
Ykbalymdan razy, duşurdy ýara,
Döz geldim ugruňda set müň azara,
Özge saýlanym ýok törüm bezäre,
Sen henizem ýaşap ýörsüň gursakda,
Bu şygrym sen hakda hem söýgi hakda.
Teşnelik çeksek-de solmadyk häli,
Kesekiň sözüni almadyk häli,
Bir-birekden aýra bolmadyk ýaly,
Sen henizem ýaşap ýörsüň gursakda,
Bu şygrym sen hakda hem söýgi hakda.
Hoş geldiň, humaýym, köňlümiň hoşy,
Kalbym ýüzük bolsa özüňsiň gaşy,
Gül göwnümiň hoşy, şatlygmyň başy,
Sen henizem ýaşap ýörsüň gursakda,
Bu şygrym sen hakda hem söýgi hakda.
Nowruz Güýjow...