N.T.
05.12.2021 15:04

"ÝANDYRSAÑAM, BAGTYÑ MENI KÖŞEŞDI:R..."

Dalanyp, talanyp, hiç zat galmady
Ugruňda gan öýen juwan jigerde.
Dowzahlyk hökümim çykandyr birçak,
Seni söýmek günä bolsa eger-de.

Ýandyrsaňam, bagtyň meni köşeşdi:r,
Goý, bolmasaň-bolmanlar geç ýazgydym!
Men är kimin kabul edip bilerin
Ykbalymyň sen hakdaky çözgüdin.

Ýöne ýürek gaýta-gaýta “sen” diýýär
(Wah, görgüsiýaman jepa-jebirde).
Jennetlik hökümim çykandyr birçak,
Seni söýmek sogap bolsa eger-de.

Sapa HOMMADOW.
6
90
gulshatayewa97
6 Dekabr 2021
Goý bolmasaň bolmanlar geç ýazgydym....😔
N.T.
5 Dekabr 2021
KöWsEr,🤗🤗🤗🤗😉
N.T.
5 Dekabr 2021
Banucıcek,howwa howwa koşeşdi:r🤭🤭🤭😉🤗
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.