Madmazella
25.04.2023 23:20
Dünýäde ene söýgüsi ýaly beýik söýgi ýokdur. Gadym zamanda bir yaş oglan uly ses edip aglaýarmyş.
—Ýigit başyňa näme iş düşen hem bolsa beýle aglama ähli zat geçýändir— diýip bir garry adam ony köşeşdirmek isläpdir.
— Meniň derdim tükeniksiz— diýip ýaş ýigit aglapdyr.
—Adam ömri gam gussadan şatlykdan hem uzakdyr— diýip ýaşuly sözüniň üstüni ýetiripdir.
— Siz ýalňyşýaňyz hormatly ýaşuly— diýip beýleki biri söze goşulypdyr
— Men alym dünýäde ähli zatdan uzak zat bilimdir. Adam ölýär ylym bilim galýar.
Garrylar jedelleşýärkäler ýaňky ýigidiň ýanyna bir zenan gelip onuň başyny sypap:
— Eger ejeň aýatda diri bolsa şonuň ýanyna git. Ol öz söýgüsi bilen seni betbagtlykdan gorar. Egerde seniň ejeň aýatda ýok bolsa ol şondada seni gorar. Sebäbi ene söýgüsi ýaly güýçli zat dünýäde ýokdur— diýipdir.
30
145
Madmazella
23.04.2023 23:25

Bir maşgalanyň ýedi gyzy bar eken. Ol gyzlar durmuşa çykandan soň diýseň bagtly ýaşapdyrlar. Gaýyn öýleri baýap abraý mertebä eýe bolupdyr. Gyzly ene-atalar ýedi gyzyň garry enesinden bu bagtyýarlygyň syryny sorapdyrlar. Garry ene:

—Men gyzlaryma durmuşa çykanda gymmatbaha hazyna berdim. Ol hazynany sowup gutoryp bolmaýar barha köpelýär şonuň üçin hem gyzlarym bilen baran öýem bagtly— diýipdir. Olar ol nähili hazyna diýipdirler.

Ene buýsanç bilen:

— edep- ekram, işeňňirlik, sabyr-takat, tygşytlylyk, arassaçylyk, geçirimlilik we agzybirlik. Şu ýedi häsiýeti gyzlarymda kemala getirdim— diýipdir.

33
224
Madmazella
18.04.2023 18:01
Dünýäniň tebigatyň gözel bolşy ýaly her bir ynsan öz durmuşynyň eşretli hem manyly, gözel hem bagtly boljagyna ynanyp ýaşamaly. Aslynda bagtly ýaşamagyn açary belli bir derejede biziň öz elimizdedir. Başgalary bagtly edip bilýänleriň özi iň bagtly ynsanlardyr. Kiçijik şatlyga begenip bilýänler ruhy taýdan örän baýdyr. Bagtyň açary zähmetde diýen ajaýyp jümle bar. Durmuşda gabat gelýän kynçylygyň öňünde ejizlemän şowsuzlyklary paýhaslylyk bilen çözüp halal zähmet çekseň üstünlik mydama hemraň bolar. Durmuşdaky her bir kynçylygyň biziň üçin täze bir çözgüt talap etýändigini bize täze ýol görkezýändigini unutmaň! Durmuşyňyzda bolup geçýän ähli zatlary oňatlyga ýormaga geljege bolan höwesi, ynamy özüňizde oýarmaga synanyşyň şonda ýetilmejek menzil bolmaz. Sabyrly kanagatly bolup, her bir eden işiňizden lezzet almagy başaryň!
19
65
Madmazella
14.04.2023 15:43
Köp söýmegiň hem bir çeni bar. Gün geler 5 müň ädim geçen ýoluňda 1 ädim geçmegi özüňe kiçilik bilip yzyňa gaýdarsyň. Hemme zadyňam bir çeni bolşy ýaly söýginiň hem çeni bar.

****

Näme isleýänimi özüm hem bilemokdym: durmuşdan gorkýardym, hemişe gaçyp uzaklaşmak isleýärdim. Ýöne ýenede durmuşdan birzatlara garaşýardym.

***

Ölümiň sagady ýok. Ýanyňyzdaky adamlaryň
gadryny biliň, olary ynjytmaň. Söýgüňizi aýdyň. Kiçijik bir zatda gutordy diýmäň, aglatmaň, gynandyrmaň. Näme üçinmi? Sebäbi ölümiň sagady ýok.

***

455 gün gujaklamak üçin garaşdym. Duşuşjak günümiz awariýa boldy. Tabytyny gujakladym...🥀

***

Dem alsyn diýip öýkenimi hem berjek adamlarymyň başgalary üçin demsiz galdygyny görmek ervet...

***

Senden soň kim göwnüme degen bolsa senden gördüm... Sen gitmedik bolsaň olar gelmezdi...

***

Saňa dogrymy aýdaýyn. Her giden yzyna gelmez. Hemme ýara bitmez. Her ýalňyş hereketi düzedip bolmaz. Ýöne hemişe her hili ýagdaýdada bu durmuşda ýaşamak üçin bir sebäp tapylar. Unutma, adam käwagt diňe umyt etmek ýerine öz durmuşy üçin hereket etmelidir.

Toplan: Madmazella
20
161
Madmazella
13.04.2023 18:03
Sen arada oba gelip gidipsiň,
Muny eşdip görmänime gynandym.
Nije ýyldyr gözlerimden ýitipsiň,
Men ýene-de öz-özüme käýindim.

Gaýta gaýta berdim özüme sowal,
Hem sowallaň jogabyny agtardym.
Sen bolsaň, joraňdan ugradyp salam,
Gozgadyň ýenede köneje derdim.

Ýada saldym saňa duşan günlerim,
Geçenleri ýekän-ýekän ýatladym.
Ýada saldym sowgat beren güllerim,
Hem bir pursat gözlerimi ýaşladym.

Barýan ýene şol öňküje ýodadan,
Sypalaýan gök maýsalaň başlaryn.
Bu gün sähra öňküsi deý owadan,
Bu sährada sypapdym seň saçlaryň.

Sen şonda gözleriň tegeläp maňa,
Diýipdiň: Gülleriň owadanlygyn.
Men bolsa gülleri meňzedip saňa,
Daşyňda perwana bolupdym o gün.

Şol gün meniň hakydamdan gidenok,
Ýadymda meň torgaý guşlaň saýraýşam.
Ynha indi maňa birzat ýetenok,
Belki sen düýşüme girersiň agşam.

Ana şonda köňlümdäkin aýdaryn,
Pyşyrdap aýdaryn men ony saňa.
Soň seň bilen bu giň sähra gaýdaryn,
Seni düýşde görmegim hem bagt maňa.

Bagtdyr maňa dünýäň bilen ýaşamak,
Sen bagtly bolsaň bolany dünýäm.
Men seni ýatlasam dolup dur damak,
Saňada aňsat däl men onam bilýän.

Ýadyňdamy gar zyňyşan gijämiz?
Ak alkymyň meňzedipdim ak gara.
Ýadyňdamy hatly bukjaň idäniň?
İkimize pursat känä ýatlara.

Köçäňizden gaýta-gaýta geçerdim,
Sen durardyň penjiräniň öňünde.
Soňam gelip guýydan suw çekerdiň,
Men hem azaşypdym seniň gözüňde.

Çykyp bilmän bu ummanyň içinden,
Hoş hyýallaň gujagynda gaýardym.
A sen bolsaň, ejap edip geçenden,
İki oduň arasynda galardyň.
21
134
Madmazella
12.04.2023 22:01
Resul alaýhyssalam aýtdy:
—Adam dört dürlidir. Kerim, sahy, bahyl we leýim. Kerim oldur- özi iýmez diňe özge kişä berer. Sahy oldur- özi hem iýer, özge kişä hem berer. Bahyl oldur- özi iýer emma, kişä hiçzat bermez. Leýim oldur- özi hem iýmez, kişä hem zat bermez. Kerim bilen sahy Jennete barar. Bahyl bilen leýim dowzahda bolar.
23
145
Madmazella
11.04.2023 15:12
Sms ýazdy gel görüşeli diýip. Gitdim, oturdyk bir ýerlerde. Kanwert çykardy öňümde goýdy. Bu näme diýdim.
—Öýlenýän... Seniňem toýuma gelmegiňi isleýän!...diýdi gözüm doldy.
—Näme üçin beýdip aýtma gerekliligini duýduň diýdim.
Gözüme seretdi.
— Sen dälmidiň bagtly günüňde hemişe ýanyňda bolaryn diýen, indi gel gör bagtlylygymy diýdi we gitdi.
Ýüregim ýanýa💔🔥
20
119
Madmazella
10.04.2023 16:03
Bu dünýade saňa erwetlik etmek isleýän adam çykar garşyňa, emma unutmagyn ýagşylyk etmek isleýänlerem çykar. Käbir adamlaryň ýüregi garaňky, käbirleriniňki bolsa ýagtydyr. Edil gije bilen gündiz ýaly. Dünýäde erwetler köp diýip pikir edip gamlanma, hemme kişi gowudyr diýibem gelejekde ökünme. Özüňi gora! Bu dünýäniň adamlaryna garşy özüňi gora!

Zülfü Livaneli.
22
114
Madmazella
09.04.2023 01:07
Gadym zamanlarda ir döwürlerde,
Bir goja balykçy ýaşap geçipdir.

Bu balykçy ömrün deňze örkläpdir,
Balyk awlap, maşgalasyn ekläpdir.

Bu gün geň ahwala gözi düşüpdir,
Täsin gudrat oň dilini tutupdyr.

Beýle ahwal balykçynyň ömründe,
Hiç gabat gelmändir guran torunda.

Lowurdap duranmyş ol tylla ýaly,
Jemalyny görseň şeýle enaýy.

Haýran galyp bu günki geň ahwala,
Balykçy dözmändir ony tutmaga.

Täsin balyk dillenipdir şobada,
Aýdypdyr balykça täsin hekaýa:

Eý adamzat! Adym meň Azatmahy,
Meni goýberseňiz çekmersiň ahy.

Meni gören kişä rysgal getirin,
Arzuwyna maksadyna ýetirin.

Deňizde paýlaýan ile ýagşylyk.
Maňa berilipdir diňe şu gylyk.

Azat men, çyn aşyk ýigitleň biri,
Mahy bolsa aý dek gözelleň hüýri.

Bir-birekden söýgi andyn içipdik,
Gerek bolsa şirin jandan geçipdik.

Söýgimize böwet bolup durdylar
Aýyrmaklyk üçin hile gurdular.

Berjek bolup özge ýara Mahyny,
Çekdirdiler maňa söýgi ahyny.

Şeýdibem okladyk özümiz deňze,
İkimiz öwrüldik bir täsin göwrä.

Ýetişerin aşyk-magşuk dadyna,
Ýüzlenseler Azatmahy adyma.

Balykçy geň galyp täsin hekaýa,
Balygy goýberýär öz mekanyna.

Balykçynyň rysky artyp gün günden,
Eden arzuwyna ýetipdir birden.

Balykçy hiç kime aýtman bu syry,
Üç günläp sadaka paýlapdyr göni.

Şonda soňra goňşularyn üýşürip,
Gören ahwalyny gürrüň beripdir.

Ençe asyr ençe heňňam geçsede
Aşyk-magşuklara ýol Azatmahy.

Bu rowaýat yrym bolup ýaşaýar,
Deňiz şalygynda— beýgeldip ruhy.
22
192
Madmazella
08.04.2023 02:03
Ynha beýle söýgi janyňy ýakar doganlar...🥀
Söýýän diýip gaşyna👁️ gözüne seretýänler, has owadanyny görüp seni üç teňňä💵 satýanlar, ýüregi❤️ diýip puluna💲 seretýänler, käwagtam peýdasy ýok diýip ýarym ýolda taşlap🚶 gitýänler... Entäk kööp janyňyzy ýakarlar doganlam köp...🥀
20
135