Dünýäde ene söýgüsi ýaly beýik söýgi ýokdur. Gadym zamanda bir yaş oglan uly ses edip aglaýarmyş.
—Ýigit başyňa näme iş düşen hem bolsa beýle aglama ähli zat geçýändir— diýip bir garry adam ony köşeşdirmek isläpdir.
— Meniň derdim tükeniksiz— diýip ýaş ýigit aglapdyr.
—Adam ömri gam gussadan şatlykdan hem uzakdyr— diýip ýaşuly sözüniň üstüni ýetiripdir.
— Siz ýalňyşýaňyz hormatly ýaşuly— diýip beýleki biri söze goşulypdyr
— Men alym dünýäde ähli zatdan uzak zat bilimdir. Adam ölýär ylym bilim galýar.
Garrylar jedelleşýärkäler ýaňky ýigidiň ýanyna bir zenan gelip onuň başyny sypap:
— Eger ejeň aýatda diri bolsa şonuň ýanyna git. Ol öz söýgüsi bilen seni betbagtlykdan gorar. Egerde seniň ejeň aýatda ýok bolsa ol şondada seni gorar. Sebäbi ene söýgüsi ýaly güýçli zat dünýäde ýokdur— diýipdir.