Bir maşgalanyň ýedi gyzy bar eken. Ol gyzlar durmuşa çykandan soň diýseň bagtly ýaşapdyrlar. Gaýyn öýleri baýap abraý mertebä eýe bolupdyr. Gyzly ene-atalar ýedi gyzyň garry enesinden bu bagtyýarlygyň syryny sorapdyrlar. Garry ene:
—Men gyzlaryma durmuşa çykanda gymmatbaha hazyna berdim. Ol hazynany sowup gutoryp bolmaýar barha köpelýär şonuň üçin hem gyzlarym bilen baran öýem bagtly— diýipdir. Olar ol nähili hazyna diýipdirler.
Ene buýsanç bilen:
— edep- ekram, işeňňirlik, sabyr-takat, tygşytlylyk, arassaçylyk, geçirimlilik we agzybirlik. Şu ýedi häsiýeti gyzlarymda kemala getirdim— diýipdir.