Sen arada oba gelip gidipsiň,
Muny eşdip görmänime gynandym.
Nije ýyldyr gözlerimden ýitipsiň,
Men ýene-de öz-özüme käýindim.
Gaýta gaýta berdim özüme sowal,
Hem sowallaň jogabyny agtardym.
Sen bolsaň, joraňdan ugradyp salam,
Gozgadyň ýenede köneje derdim.
Ýada saldym saňa duşan günlerim,
Geçenleri ýekän-ýekän ýatladym.
Ýada saldym sowgat beren güllerim,
Hem bir pursat gözlerimi ýaşladym.
Barýan ýene şol öňküje ýodadan,
Sypalaýan gök maýsalaň başlaryn.
Bu gün sähra öňküsi deý owadan,
Bu sährada sypapdym seň saçlaryň.
Sen şonda gözleriň tegeläp maňa,
Diýipdiň: Gülleriň owadanlygyn.
Men bolsa gülleri meňzedip saňa,
Daşyňda perwana bolupdym o gün.
Şol gün meniň hakydamdan gidenok,
Ýadymda meň torgaý guşlaň saýraýşam.
Ynha indi maňa birzat ýetenok,
Belki sen düýşüme girersiň agşam.
Ana şonda köňlümdäkin aýdaryn,
Pyşyrdap aýdaryn men ony saňa.
Soň seň bilen bu giň sähra gaýdaryn,
Seni düýşde görmegim hem bagt maňa.
Bagtdyr maňa dünýäň bilen ýaşamak,
Sen bagtly bolsaň bolany dünýäm.
Men seni ýatlasam dolup dur damak,
Saňada aňsat däl men onam bilýän.
Ýadyňdamy gar zyňyşan gijämiz?
Ak alkymyň meňzedipdim ak gara.
Ýadyňdamy hatly bukjaň idäniň?
İkimize pursat känä ýatlara.
Köçäňizden gaýta-gaýta geçerdim,
Sen durardyň penjiräniň öňünde.
Soňam gelip guýydan suw çekerdiň,
Men hem azaşypdym seniň gözüňde.
Çykyp bilmän bu ummanyň içinden,
Hoş hyýallaň gujagynda gaýardym.
A sen bolsaň, ejap edip geçenden,
İki oduň arasynda galardyň.