Madmazella
09.04.2023 01:07
Gadym zamanlarda ir döwürlerde,
Bir goja balykçy ýaşap geçipdir.

Bu balykçy ömrün deňze örkläpdir,
Balyk awlap, maşgalasyn ekläpdir.

Bu gün geň ahwala gözi düşüpdir,
Täsin gudrat oň dilini tutupdyr.

Beýle ahwal balykçynyň ömründe,
Hiç gabat gelmändir guran torunda.

Lowurdap duranmyş ol tylla ýaly,
Jemalyny görseň şeýle enaýy.

Haýran galyp bu günki geň ahwala,
Balykçy dözmändir ony tutmaga.

Täsin balyk dillenipdir şobada,
Aýdypdyr balykça täsin hekaýa:

Eý adamzat! Adym meň Azatmahy,
Meni goýberseňiz çekmersiň ahy.

Meni gören kişä rysgal getirin,
Arzuwyna maksadyna ýetirin.

Deňizde paýlaýan ile ýagşylyk.
Maňa berilipdir diňe şu gylyk.

Azat men, çyn aşyk ýigitleň biri,
Mahy bolsa aý dek gözelleň hüýri.

Bir-birekden söýgi andyn içipdik,
Gerek bolsa şirin jandan geçipdik.

Söýgimize böwet bolup durdylar
Aýyrmaklyk üçin hile gurdular.

Berjek bolup özge ýara Mahyny,
Çekdirdiler maňa söýgi ahyny.

Şeýdibem okladyk özümiz deňze,
İkimiz öwrüldik bir täsin göwrä.

Ýetişerin aşyk-magşuk dadyna,
Ýüzlenseler Azatmahy adyma.

Balykçy geň galyp täsin hekaýa,
Balygy goýberýär öz mekanyna.

Balykçynyň rysky artyp gün günden,
Eden arzuwyna ýetipdir birden.

Balykçy hiç kime aýtman bu syry,
Üç günläp sadaka paýlapdyr göni.

Şonda soňra goňşularyn üýşürip,
Gören ahwalyny gürrüň beripdir.

Ençe asyr ençe heňňam geçsede
Aşyk-magşuklara ýol Azatmahy.

Bu rowaýat yrym bolup ýaşaýar,
Deňiz şalygynda— beýgeldip ruhy.
22
191
Madmazella
9 Aprel 2023
ideallider,halk arasyndan gelýän rowaýat
ideallider
9 Aprel 2023
Awtory!?👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.