Lilia_
05.11.2023 23:55
Ihtioterapiýa

Balyk bilen bejerilýän terapiýa ihtioterapiýa diýilýär. Ylmy maglumatlara görä, ihtioterapiýa degna keselleriniň bejergisinde oňyn netije berýär. Çünki adam balyklaryň ýüzüşine syn edende, gaýgydan, gam-gussadan, howsaladan halas bolýar. Degna dartgynlygy ruhupeslik, göwnüçökgünlik ýaly kesellerden ejir çekýän nasaglara, şeýle-de uzak wagtlap kompýuterde işleýän adamlara balyklaryň ýüzüşini synlamak, ýörite akwarium edinmek maslahat berilýär. Çünki ol gözleriň ýadawlygyny aýyrmaga, beýniniň dynç almagyna hem ýardam edýär.

Deňiz balyklarynyň hem bedene ýetirýän täsiri özboluşlydyr. Rufa, siprina balyklary deriniň guran gowjagazlaryny iýmek bilen süýjübaş, gyzyl demrew, ýaly keselleri we käbir ýaralary bejerýär. Balyklaryň deri üçin peýdasynyň uludygy sebäpli ony kosmetologiýada hem giňden peýdalanýarlar. Mysal üçin, äpet läheňleriň ýagyndan ýüzüň derisine örän peýdaly kosmetiki ýaglar taýýarlanylýar.
27
18
Lilia_
05.11.2023 15:11
Jandarlar näme üçin gyş ukusyna gidýärler?

Köp jandar üçin gyş­da ýe­ter­lik iý­mit tap­mak kyn bol­ýar. Şol se­bäp­den o­la­ryň kö­pü­si gy­şy­na uka gid­ýär­ler. Haý­wan­la­ryň ener­gi­ýa­sy­ny tyg­şyt­la­mak we gyş­dan ar­tyk­maç iý­mit­len­mez­den ýa­şa­mak üçin ýü­rek ur­şu­ny ha­ýal­lat­ma­gy­na «gyş uku­sy» di­ýil­ýär. Ylma ozaldan tanyş bolan gyş ukusyna gidýän haýwanlary ýatlap geçeliň! Olar: aýylar, gemrijiler, adaty kirpi, awstraliýa ýehidnasy, zolakly ýenot, ýarganat, homýak, burunduk, alaka, torsuk, gurbagalar, pyşbaga we beýleki mör-möjeklerdir.

Gyş ukusy haýwanlaryň bedeniniň ýylylygynyň kemelmegi bilen kynlaşýan madda çalşygy esasynda döreýän tebigy ýagdaýdyr. Emma käbir haýwanlaryň gyş ukusyna gitmegine sebäp bolýan zatlaryň iň esasysy-da, bu pasylda iýmit tapmagyň kynlaşmagydyr. Bu pasylda olar garaňky gowaklarda, agaç köweklerinde, çuň hinlerde özlerine amatly ýerleri peýläp uklaýarlar. Gyş ukusy diýlende hem, olaryň ählisi bütin gyşy ukuda geçirmeýärler. Meselem, ýarganatlaryň ukusy bir aýdan artyk, kirpileriň ukusy bolsa iki-üç hepdeden köp dowam etmeýär.

Ýeri gelende belläp geçsek, gyş ukusyna gidýän haýwanlaryň arasynda has bellileriniň biri aýylardyr. Olar ilkinji garyň ýagmazynyň öň ýany gyş ukusyna gidýärler.

39
34
Lilia_
05.11.2023 11:04
Kolumbiýanyň ,,Älemgoşar” derýasy

Dünýäniň iň üýtgeşik derýalarynyň biri bolan Kanýu Kristales Kolumbiýanyň içinden akyp geçýär. Onuň ady gös-göni ,, Derýanyň Hrustal şahasy”, “ Hrustal derýa” diýlip terjime edilýär. Kolumbiýanyň ýaşaýjylary bolsa ony ,,Bäş reňkli derýa’’, “ Suwuk älemgoşar” ýa-da ,,Dünýäniň iň owadan derýasy “ diýip atlandyrýarlar. Derýa dürli hili reňklere boýalyp, öwsüp durýar. Bular ýaly ýagdaýa köpçülik haýran galýar. ,,Bu nädip bolup biler?’’ diýen sorag ýüze çykýar. Bu derýanyň esasy florasyny Macareniýa clavigera suwotylary düzýär. Suwotylar möwsüme, temperatura baglylykda öz reňklerini üýtgedip durýarlar. Ýylyň köp wagtynda derýanyň edil beýleki derýalardan tapawudy bolmaýar. Ýöne sentýabrdan noýabra çenli gysga wagt aralygynda derýa hakyky älemgoşara öwrülýär. Bu aýlarda derýa sary, gök, ýaşyl, gara, gyzyl reňklere boýalýar. Yssy günlerde derýa has gyzyl öwüsýär we bu wagt syýahatçylaryň gelmegi üçin has amatlydyr. Kanýu Kristales derýasy Serra-de-la Makarena daglarynyň arasyndan akyp geçýär. Derýanyň uzynlygy 100 kilometre, ini bolsa ortaça 20 metre ýetýär.

Kanýu Kristales derýasynyň suwy örän aýdyňdyr welin, suwda mineral duzlaryň ýoklugy we düýbünde palçyk emele gelmeýänligi sebäpli distirirlenen suwuň häsiýetini ýüze çykarýar. Suwda balyklar beýleki käbir suw jandarlary ýaşamaýarlar. Suwy dury hem bolsa ol içmek üçin amatly däldir. Bu derýanyň çuň ýerlerinde ,,Moýalar’’ diýilýän tegelek reňkli guýular emele gelýär. Ýüzüjileriň aýtmagyna görä ol ýerlerde ýüzmek kellä has hem rahatlyk berýändir. Bu ýerlere ilkinji gezek 2009-njy ýylda gezelençler peýda bolup başlady. Derýa barmak aňsat däl, ol ýer swilizasiýadan has daşda ýerleşýär. Bu täsin derýa ÝUNESKO-nyň sanawyna girizilen we goralyp saklanýar.
42
21
Lilia_
05.11.2023 07:39
Ýakymly tagamly we hoşboý ysly ösümlik

Reýhan ýakymly tagamy we hoşboý ysy bilen tapawutlanýar. Reýhanyň ençeme görnüşi bar. Olar bir-biri bilen tagamy, reňki, ysy, ýetişdiriliş usuly taýdan aýrybaşgadyr. Ýöne bularyň arasyndaky esasy aýratynlyk ýaşyl hem-de benewşe reýhanyň arasynda tapawutlandyrylýar. Reýhany köp ýurtlarda köplenç tagamlara ýakymly ys berýändigi üçin ulanýarlar. Reýhan köpçülikleýin ulanylyş taýdan şibitdir arpabadyýandan soň, üçünji ýerde durýar.

Gyzgynlyk sebäpli döreýän kellagyryny bejermek üçin reýhan gülüni ysgamaly. Owradylan ýapragyny ýaralara we düwürtiklere ýapsaň, tiz peýda berýär. Reýhandan (Nazbaýgül) alynýan ýag saçyňy gara boýamakda giňden ulanylýar.

Pygamberimiz: «Reýhan sowgat berlen adam ony yzyna gaýtarmasyn. Çünki ol behişt ösümligidir» diýipdir. Ýanygy bejermek üçin peýdaly serişdeleriň biri reýhan suwudyr. Reýhan we behi içgisinde üsgülewügi we içgeçmäni saklaýan dermanlyk täsir bolup, şeýle güýç beýleki miwe içgilerinde ýokdur.

Ibn Apbasyň aýtmagyna görä, «Nuh pygamberimiziň gämiden düşüp, ilkinji oturdan agajy reýhandyr», «Adam ata jennetden Ýere düşende, onuň ýanynda üç zat bar eken. Olar reýhanlaryň serweri — nazbaýgül, tagamlaryň serweri — bugdaý, miweleriň serweri — hurma».

Reýhan rutin, karotin, B2, РР, С ýaly witaminlere hem baýdyr. Witaminlere hem-de minerallara baý bolan reýhan bedeniň kesellere garşy göreşijilik ukybyny artdyrýar. Ol bedeni günüň dowamynda gerek bolan K witamini bilen üpjün edýär. 100 gram ösümlikde bedene zerur bolan demir bolup, ol ganyň düzümindäki gemoglobiniň artmagyna ýardam berýär. Reýhan ter görnüşinde iýlende, agyz boşlugyndaky bakteriýalaryň 90 göterimine golaýyny aýyrýar. Ol dişiň syrçasyny berkidýär, dişiň çüýremeginiň öňüni alýar. Agyz boşlugyndaky ýaramaz ysy aýyrýar. A witamini bolsa gözüň görşüni ýiteldýär. Şeýle-de reýhany kosmetiki serişdeleri taýýarlamakda giňden ulanýarlar.
41
36
Lilia_
05.11.2023 00:28
Limfa drenažy

Durmuşyň häzirki zaman ritmi hemişe fiziki, akyl we duýgy taýdan stresli bolmagymyzy talap edýär. Elbetde bu saglygymyza we daşky görnüşimize täsir edýär. Beýle döreýän aşa stres ýagdaýlary ähli organlarymyz bilen birlikde limfa ulgamyna hem ýaramaz täsir edýär. Limfa has haýal hereket edip başlaýar. Limfanyň haýal hereket etmegi bolsa warikoz damarlaryň döremegine, gan basyşyň ýokarlanmagyna, artykmaç agramyň döremegine sebäp bolup biler.

Limfa – (latynça lympha – arassa suw, çyglylyk) bedeniň içinden akyp geçýän we öýjükleri arassalaýan, ol ýerlerden zyýanly zatlaryň hemmesini alyp, bedenden aýyrýan suwuklykdyr. Her gün adam bedeninde 1,5-3 litr limfa aýlanýar. Limfa ulgamy limfa kapillýarlarynyň damarlaryň düwünleriniň giň ulgamy bolan damar ulgamynyň bir bölegidir. Ol immuniteti üpjün edýän öýjükleriň çeşmesi we göterijisi bolup hyzmat edýär.

Limfa ulgamynyň wezipeleri:
– Drenaž;
– Transport;
– Immun.

Limfatiki drenaž –  öýjükli giňişlikdäki artykmaç suwuklygy aýyrmaga we soňra limfany bedende birmeňzeş paýlamaga gönükdirilen bedene täsir etmegiň usulydyr. Suwuklyk bilen birlikde bedendäki artykmaç zyýanly toksinler we öýjük galyndylary bedenden aýrylýar.

Limfa akymynyň haýallamagynyň sebäpleri:
– Oturýan durmuş ýörelgesi;
– Köp mukdarda uglewodly, boýagly iýmitleriň iýilmegi;
– Erbet endikleriň bolmagy.

Belent ökjeli aýakgaplara, gysýan egin-eşiklere üns bermeli. Olar limfa ulgamyna zyýan berip bilýär. Ökjeli aýakgaplary güniň dowamynda 6-8 sagatdan köp geýmeli däl.

Limfa drenažyny nädip gowulandyrmaly?
– Içmek düzgünine boýun bolmak.
Bedeniň 60% indi suw eýeleýär. Suw bedendäki ähli proseslere gatnaşýar. Suwuň gündelik harçlanyşy 1 kilogram agram üçin 30 ml. Limfa drenažyny gowulandyrmak üçin suwuň içine limon we greýfrut şiresini goşup içmek maslahat berilýär.

– Deňagramly iýmit.
Gündelik iýilýän iýmite süýüme baý bola iýmitleri we mümkin boldugyça az krahmal we ak çörek goşmaly. Günde azyndan 25 gram süýüm bilen üpjün etmek üçin ýeterlik gök önümleri, miweleri we galla önümlerini iýmek maslahat berilýär.

Aýgözel ANNAÝEWA,
39
18
Lilia_
04.11.2023 22:05
HAÇAN, NÄÇEDE, NÄHILI UKYŇY ALMALY?

Her adamyň işdäsi, gündelik edýän hereketi, ukusy başgaça bolýar. Bu zerurlyklaryň ählisi adama fiziki we ruhy taýdan täsir edýär. Gije-gündiziň 24-den biri bolan adaty sagatdan başga adamyň «biologik sagady» hem bolýar. Bu sagat adamyň tebigat bilen sazlaşykly bolmagyna täsir edýär. Bedendäki gormonlar bilen bagly bolan bu sagat, Gün batyp garaňky düşende uklamalydygymyzy, daň atanda oýanmalydygymyzy, belli bir wagtdan naharlanmalydygymyzy... ýatladýar. Ýagny adamyň tebigat bilen sazlaşykly hereket etmegini üpjün edýär. Her gün Günüň dogup-ýaşyşy ýaly, her ýyl gyşda gar ýagyp, baharda agaçlaryň pyntyklaýşy, tomusda ekinleriň hasyl berşi ýaly adam bedeninde hem yzygiderli gaýtalanýan belli bir hereket bolýar. Bilermenleriň bellemeklerine görä, adam bedeninde bolup geçýän käbir zatlar Gün şöhlesi bilen gönüden-göni baglanyşykly. Her gün irden 5-de siz uklaýan bolsaňyz hem bedeniňiz «oýanyp», kortizon atly gormon bölüp çykaryp başlaýar. Sagat 11 boluberende bedeniň temperaturasy iň ýokary derejede gyzyp, fiziki işjeňlik ýokary derejä ýetýär. Irden 6-11 aralygy adamyň iň işjeň bolýan wagtydyr. Bu wagt aralygynda edilen iş hem önjeýli bolýar. Megerem, «Ir turan işinden dynar» sözi hem ýöne ýere aýdylman, bu hakykaty tassyklaýan bolsa gerek. Gün öýlän boluberende, adamda ýadawlyk alamatlary duýlup başlaýar we ünsüni jemlemek adatdakydan peselýär. Şol sebäpli islendik iş edilende mahal-mahal arakesme edilmelidigi, esasan hem, yssy günlerde günortan irkilmegiň peýdalydygy bellenilýär. Bu uky o diýen uzyn bolmaly däl. Günortandan soňra, sagat 15:00 töweregi bedeniň energiýasy artýar, ýady täzelenýär.

Agşam 22:00-da bedeniň iýmit siňdiriş ulgamy ýuwaşaýar. Gije 00:00-01:00 aralygynda entägem ýatmadyk bolsaňyz, beýni bedene uklamalydygyny ýatladýar, ýagny adamyň güýçli ukusy tutýar. Bu wagtda ünslülik örän pes derejä ýetýär. Bu biologik aýlaw adamyň gündelik durmuşyny sazlamaga ýardam edýär. Uky, dem alyş, bedeniň işjeňligi ýaly ýaşamak üçin zerur zatlar biologik sagada görä üýtgeýär. Bedeniň tebigat bilen sazlaşygynyň bozulmazlygy üçin her gün ýatyp-turýan, naharlanýan, işleýän, okaýan ýa-da sport bilen meşgullanýan wagtyňy üýtgetmezlik örän ähmiýetli hasaplanýar. Şol sebäpli gündelik ýerine ýetirýän işlerimizi şol biologik sagatlara görä sazlamagy endik edinmek okan kitabymyza has oňat düşünmäge, öwrenen maglumatymyzyň has gowy ýatda galmagyna, ýerine ýetirilen fiziki işimiziň önjeýli bolmagyna we iň esasysy saglygymyza oňyn täsir edýär. Gündelik durmuşda şähdaçyk we şadyýan bolmak biologik sagadyň tertibine görä hereket etmek bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Dynç günlerinde hem uklaýan wagtyňy üýtgetmezlik, ýagny şol bir wagtda uklap, şol bir wagtda oýanmak ähmiýetlidir. «Biologik sagat» uky wagtynyň üýtgemegi bilen bozulýar. Bu bolsa, näçe köp ýatylsa-da, güni bilen özüňi ýadaw duýmaga sebäp bolýar. Uzak wagtlap telewizora seretmek, telefona güýmenmek, gije giç ýatmak, ýagty otagda uklamak, aşa galmagally ýerde ýatmak, gündizine hereketsiz bolmak, açyk howada gezmezlik rahat uklamaga päsgel berýär.
46
46
Lilia_
04.11.2023 16:31
«AKYLLY» AÝNA SAGLYGYŇY GÖZEGÇILIKDE SAKLAMAK ÜÇIN MÖHÜM MÜMKINÇILIKLERI ÖZÜNDE JEMLEÝÄR

Soňky ýyllarda saglygyňy gadjetleriň hem-de elektron goşundylaryň üsti bilen gözegçilikde saklamak ýoň boldy. Bu ugurda iň uly mümkinçilikleri özünde jemleýän önümleriň biri-de «akylly» aýna hasaplanylýar. Munuň özi sagdyn durmuş ýörelgesini gündelik endigine öwren adamlar üçin täsirli guraldyr. Şeýle önümler bilen gyzyklanmalar internet arkaly ýüztutmalarda giňden beýanyny tapýar.   

«Häzir «akylly» aýna  diňe haýsydyr bir sensor ekranly elektron enjam bolman, eýsem, her gün deriniň ýagdaýy bilen baglylykda saglygyň barada maglumatlary almaga, hatda bedeniň temperaturasyny ölçemäge hem ajaýyp mümkinçilik berýän möhüm tehnologiýa hökmünde kabul edildi. Aýnada operasion ulgam gurnalan bolmagy mümkin we ol dürli goşundylary ýüklemek bilen birnäçe ugurdaky ölçegleri ekrana çykaryp ýa-da maslahatlary berip biler» — diýip, «Price.ru» platformasynyň wekilleri belleýärler.

«Akylly» aýna bedeniň ýagdaýyny gözegçilikde saklamak hem-de sagdyn durmuş ýörelgesini goldamak boýunça iň uly isleglerden peýdalanýan önümleriň öňdäki onlugynyň mümkinçilikleriniň ählisini özünde jemleýär. Bu ýerde «akylly» sagatlaryň hem-de fitnes-bilezikleriň, tonometrleriň, ädimleriň sanyny ölçeýjileriň, sterilizatorlaryň, miostimulýatorlaryň, «akylly» terezileriň, durşuňy düzedijileriň, uky kapsulalarynyň hem-de belli bir wagta gurulýan «akylly» sagatlaryň mümkinçilikleri utgaşdyrylýar.   
44
29
Lilia_
04.11.2023 12:06
«Emeli aň» 2023-nji ýylyň sözi diýlip yglan edildi

Britan bilermenleri 2023-nji ýylyň sözüni yglan etdiler, ol «Emeli aň» (AI) diýen sözdür diýip, «MIR 24» ýazýar.

Ýylyň sözi meşhur iňlis diliniň sözlügini düzüjiler tarapyndan hödürlenildi. Olar «Emeli aň» sözüni «adamyň psihiki işiniň kompýuter tehnologiýalarynyň kömegi bilen nusgalanmagy» hökmünde düşündirdiler. Hünärmenler EA tehnologiýasynyň diýseň çalt ösýändigini we 2023-nji ýylda iň köp ara alnyp maslahatlaşylan mowzukdygyny belleýärler. Soňky aýlarda bu adalgany dört esse köp ulanyp başlapdyrlar.

Reýtingi düzüjiler emeli aňyň üns merkezinde bolandygyny belleýärler. Ol, mysal üçin, elektron poçta ýaly, gündelik durmuşa barha çalt ornaşýar.

Ýylyň sözüni saýlaýjylar munuň üçin birgiden çeşmeleri, şol sanda internetdäki sosial ulgamlary hem yzarlaýarlar.
39
28
Lilia_
04.11.2023 07:33
«Poseidon Undersea Resort» suwasty myhmanhanasy..

"Poseidon Undersea Resort" – Fijiniň Poseidon adasynda ýerleşýän dünýäniň iň ajaýyp suwasty myhmanhanasydyr. Myhmanhananyň özboluşlylygy — onuň suwuň aşagynda ýerleşmegidir.

«Poseidon Undersea Resort» suwasty myhmanhanasynda 24 sany kaşaň otag, alty restoran, suwa çümüjilere niýetlenen dükan, suw sport merkezi, toý dabaralaryny geçirmek üçin kiçeňräk ybadathana, golf we tennis meýdançalary bar. Otaglaryň penjirelerinden haýran galdyryjy umman gözelligini synlamak bolýar. Bu ýere gelen myhmanlar suwasty «ýaşaýjylarynyň» durmuşyny hem-de haýran galdyryjy reňkli merjen gaýalaryny synlamakdan uly lezzet alyp bilerler. Myhmanhananyň deňziň on iki metr çuňlugynda ýerleşmegi, onuň täsinligini has-da artdyrýar.

12 metr çuňlukdaky gidrostatik basyş 2,2 bara — ýagny, 220 kilopaskala deňdir. Beýle basyşly çuňlukda çümüjiler ýüz otuz minutlap suwuň aşagynda saklanyp bilýärler. Muňa garamazdan, binanyň içindäki basyş 1 bara, başgaça aýdylanda, ýeriň üstündäki basyş bilen deňdir. Myhmanhananyň içindäki howa ýeriň üstünden ýörite nasoslaryň kömegi bilen binanyň içine goýberilýär. Bu bolsa, olaryň birnäçe günläp myhmanhananyň içinde arkaýyn galmaklary üçin amatly şerti döredýär.

Myhmanhanadaky otaglar kapsula görnüşinde bolup, olar uzyn bir dälize birleşdirilendir. Myhmanhanada tehniki-bejeriş işlerini geçirmeli bolan ýagdaýynda, otaglar goparylyp aýrylýar hem-de suwuň ýüzüne çykarylýar. Degişli işler geçirilensoň bolsa, ýene öňküsi ýaly dälizde birikdirilýär. Otaglaryň içki görnüşiniň bezegi daşky görnüşine laýyk gelýär. Bu ýerdäki ähli mebeller gymmat bahaly materiallardan — mermerden, agaçdan, deriden ýasalandyr.
42
18
Lilia_
04.11.2023 00:55
Otagdaky ýaşyl tebigat

Tebigatyň aýrylmaz bölegi bolan güller hakynda gürrüň edilende, elbetde, otag gülleri hem göz öňümizde janlanýar. Sebäbi güýz we gyş aýlarynda – tebigatyň uka gidýän döwründe öýümizde ýaşyl tebigaty emele getirýän otag gülleri kalbymyza özboluşly ýakymly duýgyny bagyş edýär. Adam ösümliklerdir güllere ideg etmek bilen, olardan ruhlanýar, şähdi açylýar. Otag güllerini haçan we kimiň ösdürip başlandygy hakynda anyk bir zat aýtmak kyn, ýöne bu işe ilkinji bolup gözellik şeýdalary başlangyç beren bolsa gerek. Mundan başga-da, dürli geografik mesgenleriň açylmagy, ösümlik dünýäsiniň öwrenilmegi netijesinde, dürli güller medenileşdirilip, otaglarda ösdürmäge uýgunlaşdyryldy.

Adamzat durmuşynda bir zada oňat deňeşdirme berlende, «gül ýaly» diýen söz düzümi ulanylýar. Tebigatymyzyň ajaýyp bezegi bolan gülleriň ösdürilip ýetişdirilmegi belli bir derejede ynsan zähmetini talap edýär. Yhlas siňdirilip ýetişdirilen ajaýyp güller adamzada çäksiz ruhy lezzet paýlaýar. Ynsan üçin öz eli bilen döreden gözelligini görüp guwanmak uly bagtdyr. Köçelerde, ýaşaýyş jaýlarynyň we edara-kärhanalaryň meýdançalarynda al-elwan öwsüp oturan gülleri gören her bir adamyň argynlygy aýrylyp, ruhy dünýäsine röwşenlik çaýylýar. Şol sebäpden adamlar gülleri diňe bir meýdanda ýetişdirmän, öýlerinde, otag şertlerinde hem ýetişdirýärler. Dürli otag gülleri diňe bir öýümize bezeg bermän, eýsem, biziň saglygymyz babatda hem «alada» edýär. Otag gülleri howany çyglandyryp, ony zyýanly galyndylardan arassalaýar.

Alymlaryň hasaplamalaryna görä, köçe bilen deňeşdirilende, otaglarda zyýan beriji bölejikler 1,5 — 4 esse köpdür. Elbetde, otag gülleri ony doly derejede arassalap bilmeýär. Muňa garamazdan, olar howanyň çyglylygyny artdyryp, zyýan ýetirijileriň täsirini köp derejede azaldyp bilerler. Otag gülleri kislorod bölüp çykaryp, howany ionlar bilen baýlaşdyrýar. Olar dem alyş ýollarymyzdaky gönükdirijileriň (fermentleriň) işleýşini we madda çalşygyny çaltlandyrýar, gan aýlanyşynyň deňagramlylygyny saklamaga ýardam berýär, süňňümiziň kesele garşy durnuklylygyny güýçlendirýär, arterial basyşyň ýüze çykmagynyň öňüni alýar. Bulardan başga-da, howanyň guraklygy sebäpli döreýän dümewiň we beýleki ýiti ýokanç sowuklama keselleriniň hem öňüni alýar. Gurak howada kesel dörediji mikroorganizmler we wiruslar çalt köpelip, adamyň näsaglamagyna sebäp bolýar. Howanyň gurak bolmazlygy üçin, otag güllerini köpräk ösdürip ýetişdirmeli. On metr meýdanda bir otag ösümligini goýmak ýeterlikdir. Şeýle hem otag güllerine ideg etmek adamda ýakymly duýgulary döredýär.
42
126