Lilia_
04.11.2023 00:55
Otagdaky ýaşyl tebigat

Tebigatyň aýrylmaz bölegi bolan güller hakynda gürrüň edilende, elbetde, otag gülleri hem göz öňümizde janlanýar. Sebäbi güýz we gyş aýlarynda – tebigatyň uka gidýän döwründe öýümizde ýaşyl tebigaty emele getirýän otag gülleri kalbymyza özboluşly ýakymly duýgyny bagyş edýär. Adam ösümliklerdir güllere ideg etmek bilen, olardan ruhlanýar, şähdi açylýar. Otag güllerini haçan we kimiň ösdürip başlandygy hakynda anyk bir zat aýtmak kyn, ýöne bu işe ilkinji bolup gözellik şeýdalary başlangyç beren bolsa gerek. Mundan başga-da, dürli geografik mesgenleriň açylmagy, ösümlik dünýäsiniň öwrenilmegi netijesinde, dürli güller medenileşdirilip, otaglarda ösdürmäge uýgunlaşdyryldy.

Adamzat durmuşynda bir zada oňat deňeşdirme berlende, «gül ýaly» diýen söz düzümi ulanylýar. Tebigatymyzyň ajaýyp bezegi bolan gülleriň ösdürilip ýetişdirilmegi belli bir derejede ynsan zähmetini talap edýär. Yhlas siňdirilip ýetişdirilen ajaýyp güller adamzada çäksiz ruhy lezzet paýlaýar. Ynsan üçin öz eli bilen döreden gözelligini görüp guwanmak uly bagtdyr. Köçelerde, ýaşaýyş jaýlarynyň we edara-kärhanalaryň meýdançalarynda al-elwan öwsüp oturan gülleri gören her bir adamyň argynlygy aýrylyp, ruhy dünýäsine röwşenlik çaýylýar. Şol sebäpden adamlar gülleri diňe bir meýdanda ýetişdirmän, öýlerinde, otag şertlerinde hem ýetişdirýärler. Dürli otag gülleri diňe bir öýümize bezeg bermän, eýsem, biziň saglygymyz babatda hem «alada» edýär. Otag gülleri howany çyglandyryp, ony zyýanly galyndylardan arassalaýar.

Alymlaryň hasaplamalaryna görä, köçe bilen deňeşdirilende, otaglarda zyýan beriji bölejikler 1,5 — 4 esse köpdür. Elbetde, otag gülleri ony doly derejede arassalap bilmeýär. Muňa garamazdan, olar howanyň çyglylygyny artdyryp, zyýan ýetirijileriň täsirini köp derejede azaldyp bilerler. Otag gülleri kislorod bölüp çykaryp, howany ionlar bilen baýlaşdyrýar. Olar dem alyş ýollarymyzdaky gönükdirijileriň (fermentleriň) işleýşini we madda çalşygyny çaltlandyrýar, gan aýlanyşynyň deňagramlylygyny saklamaga ýardam berýär, süňňümiziň kesele garşy durnuklylygyny güýçlendirýär, arterial basyşyň ýüze çykmagynyň öňüni alýar. Bulardan başga-da, howanyň guraklygy sebäpli döreýän dümewiň we beýleki ýiti ýokanç sowuklama keselleriniň hem öňüni alýar. Gurak howada kesel dörediji mikroorganizmler we wiruslar çalt köpelip, adamyň näsaglamagyna sebäp bolýar. Howanyň gurak bolmazlygy üçin, otag güllerini köpräk ösdürip ýetişdirmeli. On metr meýdanda bir otag ösümligini goýmak ýeterlikdir. Şeýle hem otag güllerine ideg etmek adamda ýakymly duýgulary döredýär.
42
126
Lilia_
4 Noýabr 2023
@0878, Kartynka
Lilia_
4 Noýabr 2023
@sazsoft, 😊
Lilia_
4 Noýabr 2023
@moana, Hudaýa şükür gowy..!🌹
sazsoft
4 Noýabr 2023
@arzuv_shayymova, Başga seretjek adam ýok bolsa, şeýle bolandyr 😐
Lilia_
4 Noýabr 2023
@moana, Salam,gowmy ýagdaýlarñyz😊
Lilia_
4 Noýabr 2023
@sazsoft, Menem okuwda, olaram yzymda gurap galandyr..
Lilia_
4 Noýabr 2023
@Kmg gurt, Aslynda düşünmezçe kynam dal,içinde biraz wagt geçirsen hemme zada öwrenşerdiñ..! Ýöne hasap pozdurmakçy bolsañ ilki girip hasap pozma talap ugratmaly..
sazsoft
4 Noýabr 2023
@arzuv_shayymova, Meniňem güllerim okuwdan öýe dolanyp barýançam gurap galypdyr...
Lilia_
4 Noýabr 2023
@moana, Menem otag güllerni gowy görýän ýöne yzymda olaram gurap galandyr..
Lilia_
4 Noýabr 2023
@Kmg gurt, Howwa bolar ýöne id'iñ name?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.