HAÇAN, NÄÇEDE, NÄHILI UKYŇY ALMALY?
Her adamyň işdäsi, gündelik edýän hereketi, ukusy başgaça bolýar. Bu zerurlyklaryň ählisi adama fiziki we ruhy taýdan täsir edýär. Gije-gündiziň 24-den biri bolan adaty sagatdan başga adamyň «biologik sagady» hem bolýar. Bu sagat adamyň tebigat bilen sazlaşykly bolmagyna täsir edýär. Bedendäki gormonlar bilen bagly bolan bu sagat, Gün batyp garaňky düşende uklamalydygymyzy, daň atanda oýanmalydygymyzy, belli bir wagtdan naharlanmalydygymyzy... ýatladýar. Ýagny adamyň tebigat bilen sazlaşykly hereket etmegini üpjün edýär. Her gün Günüň dogup-ýaşyşy ýaly, her ýyl gyşda gar ýagyp, baharda agaçlaryň pyntyklaýşy, tomusda ekinleriň hasyl berşi ýaly adam bedeninde hem yzygiderli gaýtalanýan belli bir hereket bolýar. Bilermenleriň bellemeklerine görä, adam bedeninde bolup geçýän käbir zatlar Gün şöhlesi bilen gönüden-göni baglanyşykly. Her gün irden 5-de siz uklaýan bolsaňyz hem bedeniňiz «oýanyp», kortizon atly gormon bölüp çykaryp başlaýar. Sagat 11 boluberende bedeniň temperaturasy iň ýokary derejede gyzyp, fiziki işjeňlik ýokary derejä ýetýär. Irden 6-11 aralygy adamyň iň işjeň bolýan wagtydyr. Bu wagt aralygynda edilen iş hem önjeýli bolýar. Megerem, «Ir turan işinden dynar» sözi hem ýöne ýere aýdylman, bu hakykaty tassyklaýan bolsa gerek. Gün öýlän boluberende, adamda ýadawlyk alamatlary duýlup başlaýar we ünsüni jemlemek adatdakydan peselýär. Şol sebäpli islendik iş edilende mahal-mahal arakesme edilmelidigi, esasan hem, yssy günlerde günortan irkilmegiň peýdalydygy bellenilýär. Bu uky o diýen uzyn bolmaly däl. Günortandan soňra, sagat 15:00 töweregi bedeniň energiýasy artýar, ýady täzelenýär.
Agşam 22:00-da bedeniň iýmit siňdiriş ulgamy ýuwaşaýar. Gije 00:00-01:00 aralygynda entägem ýatmadyk bolsaňyz, beýni bedene uklamalydygyny ýatladýar, ýagny adamyň güýçli ukusy tutýar. Bu wagtda ünslülik örän pes derejä ýetýär. Bu biologik aýlaw adamyň gündelik durmuşyny sazlamaga ýardam edýär. Uky, dem alyş, bedeniň işjeňligi ýaly ýaşamak üçin zerur zatlar biologik sagada görä üýtgeýär. Bedeniň tebigat bilen sazlaşygynyň bozulmazlygy üçin her gün ýatyp-turýan, naharlanýan, işleýän, okaýan ýa-da sport bilen meşgullanýan wagtyňy üýtgetmezlik örän ähmiýetli hasaplanýar. Şol sebäpli gündelik ýerine ýetirýän işlerimizi şol biologik sagatlara görä sazlamagy endik edinmek okan kitabymyza has oňat düşünmäge, öwrenen maglumatymyzyň has gowy ýatda galmagyna, ýerine ýetirilen fiziki işimiziň önjeýli bolmagyna we iň esasysy saglygymyza oňyn täsir edýär. Gündelik durmuşda şähdaçyk we şadyýan bolmak biologik sagadyň tertibine görä hereket etmek bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Dynç günlerinde hem uklaýan wagtyňy üýtgetmezlik, ýagny şol bir wagtda uklap, şol bir wagtda oýanmak ähmiýetlidir. «Biologik sagat» uky wagtynyň üýtgemegi bilen bozulýar. Bu bolsa, näçe köp ýatylsa-da, güni bilen özüňi ýadaw duýmaga sebäp bolýar. Uzak wagtlap telewizora seretmek, telefona güýmenmek, gije giç ýatmak, ýagty otagda uklamak, aşa galmagally ýerde ýatmak, gündizine hereketsiz bolmak, açyk howada gezmezlik rahat uklamaga päsgel berýär.