Jandarlar näme üçin gyş ukusyna gidýärler?
Köp jandar üçin gyşda ýeterlik iýmit tapmak kyn bolýar. Şol sebäpden olaryň köpüsi gyşyna uka gidýärler. Haýwanlaryň energiýasyny tygşytlamak we gyşdan artykmaç iýmitlenmezden ýaşamak üçin ýürek urşuny haýallatmagyna «gyş ukusy» diýilýär. Ylma ozaldan tanyş bolan gyş ukusyna gidýän haýwanlary ýatlap geçeliň! Olar: aýylar, gemrijiler, adaty kirpi, awstraliýa ýehidnasy, zolakly ýenot, ýarganat, homýak, burunduk, alaka, torsuk, gurbagalar, pyşbaga we beýleki mör-möjeklerdir.
Gyş ukusy haýwanlaryň bedeniniň ýylylygynyň kemelmegi bilen kynlaşýan madda çalşygy esasynda döreýän tebigy ýagdaýdyr. Emma käbir haýwanlaryň gyş ukusyna gitmegine sebäp bolýan zatlaryň iň esasysy-da, bu pasylda iýmit tapmagyň kynlaşmagydyr. Bu pasylda olar garaňky gowaklarda, agaç köweklerinde, çuň hinlerde özlerine amatly ýerleri peýläp uklaýarlar. Gyş ukusy diýlende hem, olaryň ählisi bütin gyşy ukuda geçirmeýärler. Meselem, ýarganatlaryň ukusy bir aýdan artyk, kirpileriň ukusy bolsa iki-üç hepdeden köp dowam etmeýär.
Ýeri gelende belläp geçsek, gyş ukusyna gidýän haýwanlaryň arasynda has bellileriniň biri aýylardyr. Olar ilkinji garyň ýagmazynyň öň ýany gyş ukusyna gidýärler.
•