Lilia_
10.07.2023 03:15
Çaga bilen gezelenç — şol bir wagtyň özünde bedenterbiýe
Çaga bilen gezelenç — şol bir wagtyň özünde bedenterbiýe
Ýaş eneler üçin boş wagt tapmakdan uly dynç barmyka? Uzakly günläp çaga seretmak, öý-içerini tertiplemek ýaly hysyrdylar bilen häzirki wagtda eneleriň aglabasy özüne seretmäge, trenažýor zalyna gidip maşk etmäge bir sagadam wagt tapanok. Belki, adaty şertlerde bu mümkinem däldir.
Begendirýän ýeri, bu meseläni göz öňüne tutup, fitnes instruktorlar täze özboluşly ugur — «Stroller Fitness» beden terbiýe usulyny oýlap tapdylar.
Bu türgenleşikler bedenterbiýe hökmünde çagany kolýaskada gezim etdirmegi öz içine alýar. Bu fiziki maşklary çaga doglandan alty aý geçmänkä we lukman bilen maslahatlaşmazdan başlamaly däldir. Mundan başga-da, “Stroller Fitness” programmasyny döredijiler çaganyň enesiniň gezelenç mahaly rahat bolmagy we özüni oňaýly duýmagy üçin beýik hem-de ýumşak tigirli kolýaskalary satyn almagy maslahat berýärler.
Islendik sport türgenleşigi maşklardan başlanýar. Myşsalary gyzdyrmak üçin kolýaska bilen yzygiderli ýöremek amatlydyr. Munuň netijeli bolmagy üçin ýöremek sportunyň esasy düzgünerini berjaý etmelidir: öňe uzadylýan aýak ýerdäki aýagyň barmagy ýerden üzülmäkä ýere degmelidir. Şeýle hem tizligiňizi üýtgedip ýöräp bilersiňiz.
Kolýaskada gezim edilýän mahaly ýerine ýetirip boljak maşklar:
Oturyp-turmak. Kolýaskadan mäkäm tutuň, aýaklaryňyzy egniňiziň giňliginde açyň, arkaňyzy dik saklaň. Indi bolsa ýuwaşlyk bilen, adaty wagt stulda oturýan ýaly oturyň. Dikeliň. Bu maşky gysga arakesme bermek bilen, 15-20 gezekden 3 tapgyr ýerine ýetiriň.
Bir dyzyňa çökmek. Çep taraplygyna kolýaska laýyk durup, ondan çep eliňiz bilen ýapyşyň. Sag aýagyňyza dolulygyna çöküň, soňra bolsa göwräňizi öňki ýagdaýyna getiriň. Bu çöküşi her aýagyňyzda 15-20 gezekden 3 tapgyr gaýtalaň.
Aýagyňy galdyrmak. Ýüzüňizi kolýaska tutup, iki eliňiz bilen onuň tutawajyndan tutuň, soňra çala öňe egiliň. Her aýagyňyzy 10 gezekden yzlygyna galdyryň. Soňra göwräňizi kolýaska gyralygyna bakdyryp, her aýgyňyzy 10 gezekden gyralygyna galdyryň.
Göwräňi gyralygyna egmek. Kolýaska gyralygyna duruň, aýaklaryň arasyny egniňiziň giňliginde açyň, bir eliňizi biliňize goýup, beýleki eliňiz bilen kolýaskadan tutup, şeýlelikde bolsa, ony öňe tarap itiň we birbada göräňizi gyralygyna egiň. Muny her tarapa 15-20 gezekden 3 tapgyr gaýtalamalydyr.
Kolýaskany öňe-yza hereketlendirmek eginleriňizi we gollaryňyzy işletmäge ýardam edýär. Munuň üçin kolýaskadan mäkäm ýapyşmak bilen, ony özüňize çekiň we öňe garşy itiň. Agramyň has ýeňil düşýändigi üçin bu maşky 30-40 gezekden gaýtalamaly bolýar. Soňra muny başgaça, arkanlygyna durup hem ýerine ýetirmek bolar.
Çaga bilen arassa howada gezelenç edilen mahaly bedenterbiýe maşklaryny etmek — bedeniňi kadaly ýagdaýa getirmekde ajaýyp mümkinçilikdir. Fitnesçi ene bolmak diňe bir moda-da däl, eýsem ol peýdaly endik.
84
207
Lilia_
09.07.2023 19:09
Adam öz häsiýetine dogabitdi eýemi?!
Köp alymlaryň tassyklamagyna görä, adamyň häsiýeti onuň geni bilen berk baglanyşykly. Doglan çaganyň kakasynyň genine garanda, dogabitdi häsiýetiniň kemala gelmegine ejesiniň geni has uly täsir edýär. Bu hadysa ylym esasynda subut edilendir.
Internet maglumatlaryna görä, adam öz häsiýetiniň takmynan ýaryna dogabitdi eýe bolup, ol aňsat-aňsat üýtgeýän däldir. Adamlaryň häsiýetiniň galan ýarysy bolsa, ýaşaýan jemgyýetine görä kemala gelýär. Ilkinji terbiýe öýüň öz içinden başlanýar. Ejelerimiz bu işiň iň beýik ussatlarymyka diýýärin. Olar bizi “adamjyk” wagtymyzdan başlap, adamlyga çenli ulaldýan melekler. “Maşgala – bu kakanyň şalygynda ejäniň hökümdarlygy we perzendiň şol şalykdaky jenneti durmuşydyr” –diýip bir ýerden okapdym. Bu ýazgy bilen diňe ylalaşmak galýar. Syn eden bolsaňyz, köp maşgalada çagalar öz kakasyna aýdyp bilmeýän zatlaryny ejesiniň üsti bilen aýdýarlar. Muny sada dil bilen düşündirip bolar: kakalar-erkek adamlar, olar çagalaryny ejelerden az söýenok, ýöne olara biz çagalar beýik goragçy hökmünde garaýarys, hemem biraz çekinýäris. Bolmalysy-da şeýlemikä diýýärin!
Çagalary eljiretmän, ýöne ýürekden söýýändigini bildirip söýmek ene-atalaryň mukaddes borjy. Käbir ene-atalarda öz çagalary bilen biraz ýowuzrak daraşsa, olar durmuşa ir taýýar bolar diýen pikir bolýar. Bu düýbünden nädogry. Çaga üçin iň ýakyn hossar öz ene-atasy. Eger bu hossarlar ony goramasalar, çaga öz arzyny gerek wagty hiç kime-de aýdyp bilmez. Aýdylmadyk arzlar onuň ýaşajyk kalbyna kitüw bolup düşer. Olam ýaňy kemala gelip ugran ýaş daragtyň biraz gyşaryp ösmegine getirer. Şonuň üçinem çagalaryňyza söýýändigiňizi bildiriň, goý olar özleriniň goraglydygyny duýsunlar. Bu olaryň terbiýesine berk täsir edýär.
Çagalara zähmet çekmegi näçe ir öwretdigiçe özleri üçinem, ene-atalary üçinem şonça peýdaly. Ilki çemçe tutmagy, soňra pil, ýa iňňe tutmagy öwrediň… Daşary ýurt dillerinden birki sanagyny ýaşlykda öwrense, bütin ömründe özüniň käbir deň-duşlaryndan tapawutlanýandygyny biler. Bu tapawut, bu artykmaçlyk onda, ene-atasyna bolan söýgini ýene artdyrar. Umuman, çagalara näçe köp hünär, bilim berdigiňizçe olar ulalanlarynda size şonçada minnetdar bolarlar. Ýöne olara elmydama gerek wagty dynç beriň. Olar öz çagalygynyň şatlygyny duýup ýetişsinler.
Her maşgala aýratyn bir dünýä bolansoň, her kim dürlüçe terbiýelenip, ahyrynda ýene uly jemgyýete aralaşýar. Hemmeler jemgyýetde öz ornuny tapmaga howlugýar. Jemgyýet bolsa howlukman, saýlap-seçip, öz saýlawyny geçirýär. Çagalaryň üstünligi, ene-atasynyň üstünligi. Ýa-da tersine, olaryň şowsuzlygy, ene-atalaryň şowsuzlygydyr. Çagalaryňyza jemgyýetde ornuny tapmaga kömekleşiň. Olar ýene öz hossarlaryna gysmyljyrap, olardan dalda gözlär. Elbetde, ene-atalar hemişe olara elini uzadyp, islendik kynçylygyny ýeňmäge kömek berýän, synmajak galadyr. Ýöne çagalaryňyza söýýän hünärini saýlamaga mümkinçilik beriň. Olar durmuş atly çäksiz ummanda öz akymy bilen ýüzsün, siziň akymyňyzda olaryň ýüzüp bilmän gark bolmagy ahmal. Olar öz islegi bilen ýaşasa, dünýä olary öz ýüzýän akymyna äkider.
Çagalaryň göwnüçökgün ýagdaýyny gözlerinden we sözlerinden aňşyrýan ene-atalar, olaryň häsiýetine hem özlerinden beter beletdir. Meselem, ak reňke gyzyl reňk damdyrsaň gyzyl, sary damsa sary bolşy ýaly, çagalar hem ene-atalar nähili terbiýe berse, şo hili adamlar bolup ýetişýär. Turşy zady dişlesek, ýüzümizi turşadyşymyz ýaly, jemgyýetem öz biedep adamlaryna ýüzüni turşadýar.
Jemgyýetiň kagyza ýazylmadyk, ýöne özüne mahsus etiketlerini berjaý etmek medeniýetliligiň aňrybaşydyr. Iň ýönekeý mysallar: awtobusa müneňde özüňden uly adama ýer bermek; köçede ýöräp barýan wagtyň çigit çigitlemezlik; ýa-da söhbetdeşiň ýüzüne seredip onuň gürrüňini diňlemek… Umuman, öýüň içinde we öýden daşarda başardygymyzdan edep kadalaryny berjaý etmäge çalyşsak, durmuşyň nähili ajaýypdygyna, ony ajaýyp edýän zadyň bolsa, adamzatdygyna ýene bir gezek göz ýetireris.
“Gaharjaň adamyň dosty az” diýýärler. Elmydama gussa çekýän adamyň bolsa, saglygynyň peselýändigi medisina ylmynda tassyklanan. Şonuň üçinem ýaşan ömrümizde ýylgyryp, häzirki bar zatlarymyzdan lezzet alyp ýaşalyň! Dogabitdi häsiýetimize erkimiz ýetmese-de, jemgyýetde kemala gelýän häsiýetimizi ýagşy tarapa özgermäge çalşalyň. Dünýäni özgertmäge erki ýetýän adamzadyň, köpler aýtmyşlaýyn, häsiýetini özgertmäge erkiniň ýetmeýändigini tekrarlasak gülkünç eşidiler, şeýle dälmi?!
Aýjahan Annabaýewa
80
174
Lilia_
04.07.2023 05:06
Ary baly barada nämeleri bilmeli: özboluşly düzümi we arassalygyny barlamak
Ary baly barada nämeleri bilmeli: özboluşly düzümi we arassalygyny barlamak
Islendik bir adam ary baly barada nämeleri bilýärkä? Bu önüm barada köpleriň bilýäni diňe onuň peýdalydygy, ýokumlydygy hem-de allergiki täsire eýedigi, ýa bolmasa-da onuň arassalygyny, tebigylygyny bal tutýanlaryň düşündirip biljekdigi bolaýmasa... Ine, şunuň ýaly düşünjeler — köpimiziň ary baly dogrusynda «bilýäs» diýýänlerimiz.
Ary balynyň aslynda nähili zatdygy, ol barada ýene-de nämeleri hökman bilmelidigimiz dogrusynda durup geçeliň.
Ary baly özünde adam organizmine ýokumly 60 töweregi maddany jemleýär:
B2, B6, PP, C, H, E, K witaminleri, pantoten kislotasy, fol turşusy;
mineral serişdeler: magniý, natriý, demir, ýod, kükürt, fosfor, hlor, kalsiý;
mikroelementler: kremniý, mis, litiý, marganes, alýuminiý, bor, hrom, nikel, sink, gurşun, galaýy, osmiý we başgalar;
organiki we organiki däl kislotalar: limon, alma, şawel, üzüm we süýt.
Ary baly beýniniň, bagryň we aşgazanasty mäziň işleýşine oňyn täsir edýär, holesterini peseltmäge ýardamy bar, iýmit siňdirişi we ganyň düzümini gowlandyrýar. Gije bir çaý çemçesi ýaly içilen tebigy ary bal ýatkeşligi güýçlendirýär we pikirlenmegi ösdürýär. Şeýle hem immunitet ulgamyny güýçlendirýär, belli bir mikroblara hem-de wiruslara garşy täsir edýär. Baly yzygiderli iýmek aladalanmak duýgusyny azaldýar, ukyny kadalaşdyrýar. Bal bilen bir käse çaý içmek sowuklamanyň we wirusly dem alyş keselleriniň öňüni almaga kömek eder.
Ary balyny saglyga zyýan ýetirmez ýaly näçeräk iýip bolar? Lukmanlar uly ýaşlylara günüň dowamynda 2-3 çaý çemçesi, çagalara bolsa 1-2 çaý çemçesi ary balyny iýmegi maslahat berýärler. 18 aýdan kiçi bolan çagalara bolsa bal bermek maslahat berilmeýär. Has gowy siňdirilmegi üçin süýjülik nahardan bir ýarym sagat öň ýa-da üç sagat soň iýilse dogry bolar.
Ary balyny saklamagyň aýratynlyklary. Bal +5-den -10-a °C çenli temperaturada berk ýapylan çüýşede gury, ýeterlik şemalladylýan otagda saklanmalydyr. Kristalizasiýa, goýalmak, dykyzlygynyň ýokarlanmagy we agymtyl öwüsmegi tebigy prosesler bolup, balyň hilini tassyklaýar.
Balyň ortaça saklanyş möhleti bir ýyldyr. Ondan soň, ary baly öz ýokumly maddalaryny kem-kem ýitirip başlaýar.
Balyň arassalygyny, hakykylygyny nädip barlamaly? Gynansak-da, köplenç, ary balyny ýasama görnüşde taýýarlaýarlar. Oňa şeker, miwe suwy, un, suw we beýleki goşundylary goşýarlar. Balyň hilini has ýeňil usulda barlap bolýar: munuň üçin bala bir çemçäni batyryp, soňra ony oda ýakyp görüň. Eger ol ýansa, bal hiç hili goşundysyz, tebigydyr. Mundan başga-da, ol çöregiň üstünde çalynsa çöregi gataldýar, eger ol çörege siňiň, ony çyglasa balyň suw bilen garylandygyny aňladýar.
Ary balynyň sortlary. Balyň ysy, reňki we tagamy arylaryň ýygnaýan nektaryna baglydyr. Nektar dürli ösümliklerden ýygnalyp bilner. Olaryň iň meşhurlary — akasiýa, pagta, günebakar, garpyz, tikenli ösümlik görnüşleri we ş.m. ýaly gül nektarynyň sortlarydyr.
Balyň peýdalydygyny kesgitleýän esasy ölçegler — bal ösümlikleriniň ösýän ýeriniň daşky gurşaw şertleri hem-de bal tutýan adamyň tejribesidir.
Bellik: makala diňe tanyşdyrmak maksady bilen ýazylandyr. Hatda iň peýdaly önümlerem zyýanly maksatlar bilen peýdalanylmaly däldir we ony doly hukukly bejergi hökmünde ulanmaga synanyşmak ýalňyşdyr.
Meniňçe, ary baly iň gowy sowgat,.
Muňa her bir kişi oňat düşüner!
Hatda az hem bolsa,
Bir çaý çemçesi,
Iň bolmanda, şolam ýeterlik bolar!
Boris Zahoder
81
108
Lilia_
03.07.2023 23:46
Hyýal – munuň özi bir pikir, iş barada döreýän meýil, isleg, arzuw. Hyýalymyzda janlandyrmak – isleg-arzuwlarymyzyň amala aşýandygyny göz öňüne getirmegi başarmak. Hyýal güýji – hyýalymyzda janlandyrmak ukyby. Başgaça aýdanymyzda, hyýal – ýürek bilen beýniniň bilelikdäki önümi.
Eýsem, ynsanyň kämillige ýetmeginde, durmuşda üstünlik gazanmagynda hyýal güýjüniň näme ähmiýeti barka? Daşary ýurtlarda adamlaryň aýda müňlerçe dollar sarp edip “Hyýal güýjüni kämilleşdirmek” derslerine gatnamaklarynyň sebäbi nämedekä? Hyýallary pul berip satyn almak dogrumyka?
Ähli zat hyýaldan başlanýar
Hyýal güýji ýokarda hem belläp geçişimiz ýaly, öz arzuw-hyýallarymyzy aňymyzda janlandyrmak ukybydyr. Diňe bir arzuw-hyýallarymyzyň däl, eýsem, öz öňde goýan maksatlarymyzyň amala aşýandygyny aňymyzda janlandyryp bilmek hem ýene-de hyýal güýjüne baglydyr. Başlajak bolýan işimiziň tamamlanan durkuny göz öňüne getirip bilmeklik-de hyýal güýjüniň önümidir. Çünki ähli ajaýyp işler, gözellikler ilki biziň aňymyzda döreýär. Hyýalymyzda janlanýar. Suratkeş ilki çekjek suratynyň birkemsiz bolanyny hyýalynda janlandyryp, soňra eline palitrasyny alýar. Zergär ýasajak şaý-sepiniň gözel gyza nähili görk berjekdigini hyýalynda janlandyranyndan soňra göwejini gyzdyrýar. Halyçy dokajak halysynyň ilki öýüň törüni nähili bezejekdigini göz öňünde janlandyryp, soňra ýüwürtmäge başlaýar. Türgen ilki özüniň ýeňşini, janköýerleriniň el çarpyşmalaryny hyýalynda janlandyryp, soňra ýaryşa çykýar. Ýazyjy eserini ilki hyýalynda ýazyp, soňra kagyza geçirýär. Suratkeşiň suratynyň, zergäriň şaý-sepiniň, halyçynyň halysynyň, türgeniň ýeňşiniň, ýazyjynyň eseriniň... kämil bolmagy bolsa, olaryň hyýal güýjüniň kämilligine baglydyr.
“Dag başy dumansyz bolmaz – är başy hyýalsyz” diýlişi ýaly, hyýal güýji biziň öňde goýan maksatlarymyza ilki aňymyzda ýetmegimize we şol işiň amala aşjakdygyna ynanmagymyza ýardam edýär. Ynam bolsa durmuşda üstünligiň gözbaşy hasaplanylýar.
Hyýal güýji hyýalbentlikmi?
Hyýal güýji hyýalbentlikden ýa-da ham-hyýallykdan düýbünden tapawutlydyr. Hyýalbentlik ýa-da ham-hyýallyk hiç bir işiň başyna barmazdan, yhlas etmezden, zähmet çekmezden “Alma biş, agzyma düş!” diýlen pelsepä eýerip, bolsady ekip oturmaklykdyr. Emma hyýal güýji bulardan tapawutlylykda biziň öňde goýan maksatlarymyzyň amala aşjakdygyna ynanmak we şol işi ilki aňymyzda tamamlamak başarnygydyr. Biz öz öňde goýan maksadymyza ýetmek üçin geçmeli basgançaklarymyza aňymyzda, hyýalymyzda näçe aýdyň janlandyryp bilýän bolsak, onda bu şol işiň has anyk amala aşjakdygyndan habar berýär.
Başgaça aýdanymyzda, hyýal güýji öňde goýlan maksatlara ýetmegiň wideoşekilli meýilnamasyny taýýarlamakdyr. Wideoşekilli meýilnama diýleninde, heniz gurluşygyna başlanylmadyk binanyň gurlup tamamlananyndan soňra nähili boljakdygyny beýan edýän wideony göz öňüne getirip bilersiňiz. Guruljak binanyň aýratynlyklaryny dilden düşündirmegiň deregine, elbetde, onuň wideosyny görkezmek ähli kişiniň şol binany göz öňünde janlandyrmagyna ýardam eder. Çünki beýnimiz gözümiz bilen gören zadymyzy gowy ýatda saklaýar. Hyýalymyzda janlandyrýan pursatymyzda-da beýnimiz etjek işlerimiziň wideosyny görýär. Bu bolsa maksadymyza ýetmekde bize üstünligiň kartasy bolup hyzmat edýär.
Hyýalyňda janlandyrmak
Meşhur fizik Albert Eýnşteýin (1879-1955) “Özüňi nähili göz öňüne getirýän bolsaň, şeýle hem bolarsyň” diýýär. Eýsem, bu nädip bolýar?
Häzirki wagtda beýnimiziň işleýiş aýratynlyklarynyň we öwrenmegiň täze usullarynyň üstünde işleýän alymlar islendik biri işi hyýalymyzda janlandyrmak bilen şol işi hakykatdan-da amala aşyrmagyň arasynda beýnimiz üçin känbir tapawudyň ýokdugyny öňe sürýärler. Çünki täze maglumatlary öwrenmäge girişenimizde beýnimizdäki neýronlaryň arasynda özara baglanyşyklar emele gelip başlaýar. Bu baglanyşyklaryň sany belli bir möçbere ýeteninden soňra bolsa şol öwrenen maglumatymyzy ýa-da endigimizi kynçylyksyz peýdalanyp bilýäris.
Bu ugurda iş alyp barýan alymlar hiç hili hereket etmezden hyýalymyzda özümizi hereket edýän ýaly janlandyrsak, beýnimiziň şol hereket bilen baglanyşykly böleginiň oýarylýandygyny we neýronlaryň arasynda baglanyşyklaryň emele gelýändigini anyklaýarlar. Şeýlelikde, öwrenmekde hyýalyňda janlandyrmak usuly kämilleşdirilýär we köp ugurlara ornaşdyrylýar. Aýratyn hem sport bilen meşgullanýan türgenlere özleriniň etjek her bir hereketini ilki hyýalynda janlandyrmak öwredilýär. Çünki amala aşyryljak hereket ilki beýnä doly ornaşdyrylanyndan soňra, bedenimiz ony ýeňillik bilen amala aşyrýar. Bu barada 1984-nji ýylda dünýä olimpiadasynda suw sportunyň belentlikden bökmek ugry boýunça çempion bolan kanadaly Silwiýa Berner şeýle diýýär “Her gün ýatmazdan öň suwa böküşimi hyýalymda janlandyrýardym. Eger hyýalymda göwnümdäki ýaly böküp bilmesem, hyýalymy edil wideo lentasy ýaly yzyna saryp, trampline gaýtadan çykýardym. Käte tälimçimden rugsat alyp, etjek bolýan hereketimi ilki doly göz öňüne getirip, hyýalymda janlandyrýardym. Günde 5-10 gezek özümi edil olimpiadada ýaly duýup, trampline çykyşymy, suwa böküşimi aňymda gaýtalaýardym. Soňabaka kemçiliksiz böküşi, janköýerleriň el çarpyşmalaryny, Kanadanyň gimniniň ýaňlanyň durşuny, boýnuma altyn medalyň dakylyşyny hyýalymda janlandyryp bilýärdim. Bu bolsa maňa olimpiadanyň çempiony bolmagyma ähli zatdan köp ýardam etdi”.
Hakykatdan-da, beýnimiziň elektromagnit täsir ediş meýdany örän giňdir. Aňymyzdan geçirýän her bir oňyn pikirimiz özi bilen birnäçe oňyn pikirleri alyp gelýär. Erbet pikirler babatynda hem bu kada öz güýjünde galýar. Eýsem, A.Eýnşteýniň aýdyşy ýaly özümizi her bir işe başlanymyzda başarjaň, ukyply adam hökmünde göz öňüne getirsek, şol işi başarmak üçin bize ruhy taýdan güýç-kuwwat gelýär. Eger-de “Men muny başarman”, “Men hemişe şowsuzlyga uçraýan” diýen ýaly pikirler bilen bir işe başlasaňyz, onda elbetde siz hyýalyňyzda özüňizi hiç zada ukypsyz adam hökmünde göz öňüne getirersiňiz. Bu bolsa ýene-de meşhur fizigiň beýleki bir aýdan sözüne, ýagny “Hyýal güýji bilim güýjünden has güýçlidir” diýen sözüne alyp barýar.
Hyýal güýjüni artdyrmagyň ýollary
Aslynda, hyýal güýjüni artdyrmak bize düýbünden nätanyş ukyp ýa-da başarnyk däldir. Çagalykda her bir kişiniň biri-birinden üýtgeşik, biri-birinden tapawutly hyýallary bolýandyr. Emma näme üçindir ulalamyzsoň, biz hyýallara az orun berip, durmuşyň akymy bilen bolýarys. Eger-de çagalygymyzdaky ýaly erkin hyýal güýjüne eýe bolup bilsek, onda häzir has uly işleri başarjakdygymyz gümansyzdyr. Eýsem, hyýal güýjümizi kämilleşdirmek üçin biz näme etmeli? Ine, munuň ýönekeýje ýollary:
siziň üçin manysyz ýaly görünse-de, käte adaty bolmadyk ýagdaýlary hyýalyňyzda janlandyryň;
daş-töwregeňizi gurşap alýan jisimleriň öň üns bermedik taraplaryny görmäge çalşyň;
nusgawy sazlary diňläň;
käte dünýäde çözülmesi iň kyn meselelere hem öz ýanyňyzdan çözgüt agtaryň;
käte çagalar bilen wagt geçiriň. Olar bilen oýnaň, gürrüňlerini diňläň;
“bolgusyz” ýa-da “hiç haçan beýle zat bolup bilmez” diýip öýdýän pikirleriňizi bir ýere bellik edip goýuň;
bolup geçýän adaty ýagdaýlaryň tersine bolup geçip biljekdigini göz öňünde janlandyryň!
her gün görýän jisimlerimize seredip, adaty bolmadyk zady görmäge, olaryň başgaça geomterik şekilde bolup biljekdigini pikirlenmäge çalşyň!
Bularyň ählisi üçin size diňe sekuntlar ýeterlikdir. Günde sanlyja sekuntlaryňyzy hyýallaryňyza bagş ediň! Şonda siz hyýal güýjüniň jadysyny duýup bilersiňiz!!
74
148
Lilia_
03.07.2023 09:47
Filosofik pikirlenme
Filosofik pikirlenme belli bir derejede ylmy akyl ýetirişden tapawutlanýar. «Filosofiýa» düşünjesi grekçe «fileo» → «söýgi» we «sofia» → «paýhas» sözlerinden gelip çykyp, «paýhasa söýgi» diýen manyny berýär. Filosofiýanyň beýleki ylymlardan tapawudy onuň haýsy hem bolsa bir mesele bilen däl-de, adama, tebigata we jemgyýete degişli ähli meseleler bilen gyzyklanýanlygydyr. Filosofik akyl ýetiriş işiniň esasy maksady baky we gutarnykly hakykylyklara akyl ýetirmekligiň üsti bilen dünýäniň barlygynyň düýp sebäplerini we adamyň dünýädäki ornuny hem-de ömrüniň manysyny tapmagy bilen baglanyşyklydyr. Hut şu aýratynlyk hem filosofik pikirlenmäniň beýleki ähli ylymlardan tapawutly aýratynlygydyr. Şu aýratynlygy göz öňünde tutulyp, filosofiýa, köplenç, diňe subut edilen zatlary ykrar edýän ylym bilen diňe ynançlara (subut edilmändigine garamazdan) esaslanýan diniň aralygyndaky orny eýeleýän dünýägaraýyş hasap edilýär.
Filosofik akyl ýetirişiň ýene-de bir aýratynlygy onuň kanunlarynyň, düşünjeleriniň we ýörelgeleriniň ählumumy häsiýete eýeligidir, ýagny olaryň tebigata-da, jemgyýete-de, adama-da we akyl ýetiriş işiniň özüne-de degişliligidir.
Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan 9-njiy synplar üçin «Jemgyýeti öwreniş» okuw kitaby
77
172
Lilia_
02.07.2023 07:43
TEMPERAMENT HAKYNDA DÜŞÜNJE
Biz daş-töweregimizdäki adamlara syn edip, olaryň biri-birinden özleriniň indiwidual, özboluşly aýratynlyklary bilen tapawutlanýandygyny görýäris. Bir adam gyzma, gaharjaň bolsa, ikinji adam şadyýan,alçak bolýar. Emma üçünji biri beýlekilere görä arkaýyn, sowukganly bolýar. Şeýlelikde, adamlaryň özlerini alyp baryşlary,hereketleri, gatnaşyklary biri-birine meňzemeýärler. Hatda gadym döwürlerde hem adamlar biri-birine syn edip, hereketleriniň, özlerini alyp barşynyň birmeňzeş däldigini görüpdirler. Emma şol döwürde adamyň şeýle tapawutlylygynyň nämä baglydygyna düşünmändirler.
Temperament baradaky düşünjäni (baryp biziň eramyzdan ozal IV-Vasyrlarda) grek lukmany Gippokrat öwrenip başlapdyr. Ol adamlaryň özlerini alyp baryşlaryna syn edip, şol aýratynlyklary giňişleýin ýazyp görkezmäge we düşündirmäge synanyşypdyr. Temperament adamyň işiniň ähli görnüşlerinde (okuw, oýun, zähmet) ýüze çykýar. Temperament adamyň ähli hereketlerine, özüni alyp barşyna, gepleýşine, işiň depginine, adamlar bilen gatnaşygyna, emosiýalaryň bolup geçişine we beýleki birnäçe psihiki aýratynlyklaryň ýüze çykyşyna täsir edýär.
Holerik temperamentiň tipiniň wekilleri özleriniň galjaňlygy, galdawlygy
bılen tapawutlanýarlar. Şonuň üçin holerikler deňagramsyz bolýarlar. Olaryň adamlar bilen gatnaşyklarynda, zähmet işlerinde, oýunda oýanma prosesi päsgellenmeden agdyklyk edýär. Holerik zähmet işine joşgunly, hyjuwly başlaýar. Ol özüne tabşyrylan işe uly gyzyklanma bilen başlap, öňdebaryjylyk görkezmäge çalyşýar. Eger-de iş kyn, çylşyrymly hem-de ýokary işjeňligi talap edýän bolsa, onda adamyň energiýasy, güýji çalt gowşaýar, haýallaýar, derrew onuň bedenine argynlyk aralaşýar, keýpi gaçýar. Bu bolsa holerikleriň deňagramsyzlygynyň netijesidir. Şonuň ýaly-da holerik birmeňzeş, köp oturyp işlemeli ýagdaýlarda çalt ýadaýar, ol muny ýüregedüşgünçlik hasaplaýar, oturyp karary ýetmeýär. Holerik barada I.P.Pawlow şeýle belleýär: “Haçan-da güýçli adam şeýle deňagramlylygyň ýok wagty haýsydyr bir iş bilen meşgullanyp, öz serişdelerine we güýjüne çakdanaşa agram salýar hem-de ahyrky netijede güýji gutaryp, gereginden artyk horlanýar. Şeýle köp işläni üçin soňra hiç zat etmäge ýaramaýar. Şeýlelikde, holeriklere gujurly, joşgunly, hyjuwly adamlar degişlidir”. Holerikleriň gowy taraplary olaryň zähmet işlerinde gujurlylygy, aktiw- işjeňlik görkezmegi, öňdebaryjy bolmagy, höwesliligidir. Holeriklerde gaharjaňlyk, gyzmalyk, gödeklik ýaly otrisatel häsiýetler hem ýüze çykýar. Olar sähelçe ýagdaýlar üçin çalt gaharlanyp,adamlar bilen gödek aragatnaşyk edip, olaryň göwnüne degip bilýär. Emma bu ýagdaý holeriklerde uzak saklanman, derrew kadaly ýagdaýa geçip, derrew hem köşeşip bilýär. Onuň bu hereketi hem deňagramsyzlygyň netijesidir. Holerigiň şeýle hereketleri ony, köplenç, konfliktli ýagdaýlara getirýär.
Sangwinik – bu tipiň wekilleri şadyýan,şähdaçyk, alçak, bilesigeliji we çalt hereketli bolýar. I.P.Pawlow bu tipiň wekillerini durmuşyň çalasyn we öndümli işgäri hökmünde häsýetlendirýär. Sangwinikler emosionallyk, joşgunlylyk tarapdan durnuksyz bolýarlar. Sebäbi olar çalt begenip hem-de gynanyp bilýärler. Ol adamlardan öýkelese, gaty görse hem uzak kine saklap bilmeýär. Ol öz durmuşynda şowsuzlyklary ýeňip geçip bilýär. Şonuň ýaly-da bu tipdäki adamlar nätanyş adamlar bilen çalt öwrenişip bilýärler. Olara ýygralyk, utanjaňlyk mahsus däldir. Ol täze adamlar bilen çalt tanşyp, gürleşmegi halaýar. Sangwinige mahsus bolan häsiýetleri onuň daşky sypatyndan, özüni alyp barşyndan hem görmek bolýar. Sangwinik täze, üýtgeşik zatlary çalt görmäge, öz ünsüni çalt üýtgetmäge, dürli işleri hem ýerine ýetirmäge ukyplydyr. Adamda duýmanyň we kabul edişiň çalt bolmaklygyny talap edýän işler sangwinige laýyk gelýändir. Sangwiniklerde terbiýeçilik täsiriniň netijesinde kollektiwizm, köplüge goşulmak, borçlulyk, jogapkärlik duýgularyny terbiýelemek bilen, olary okuw we beýleki jemgyýetçilik işlerine aktiw, işjeň gatnaşýan şahsyýet edip ýetişdirmek mümkindir.
Flegmatik tipiň wekillerine sabyrly, asuda, parahat, çydamly hem-de durnukly häsýetdäki adamlar degişlidir. Flegmatikler adamlaryňarasynda durmuşyň erjel zähmetkeşi hökmünde tanalýar. Onuň nerw prosesleriniň deňagramlylygy hem-de haýal hereketliligi özüniň asuda, parahat ýagdaýyny saklamaga mümkinçilik berýär. Flegmatikler elmydama tertipliligi saklamagy halaýarlar. Olar başlan işini ahyryna çenli tertipli alyp barmagy,soňlamagy başarýarlar. Ol işiň dowamynda başga zada ünsüni bölmegi ýa-da işi gutarman goýbolsun etmegi halamaýar. Flegmatiklerde ähli pisihiki prosesler haýal bolup geçýärler. Şonuň üçin olar äwmezek we giň göwrümli bolýarlar. Olar hiç wagt howlukmaçlyk bilen hereket etmeýärler. Flegmatigiň äwmezekligi, onuň haýal hereketi, köplenç, gijä galmagyna getirýär. Flegmatikler salyhatly, parasatly bolýarlar. Ol adamlar bilen aragatnaşykda
parahat gürläp, zerur bolmadyk zatlar hakynda köp gürlemegi halamaýar.
Melanholik tipiň wekillerine tutuk, gaýgyçyl, ýygra, çekinjeň, ýaýdanjaň häsiýetdäki adamlar degişlidir. Melanholikler täze adamlar örän haýal öwrenişýärler. Onuň ýygralygy, utanjaňlygy gowşak häsiýet hökmünde ýüze çykýar. Melanholikler güýçli duýgurlyklary bilen tapawutlanýar. Olar öýkelek bolup, göwnüne degseň, birnäçe wagtlap ýadyndan çykarman, içine salyp gezýärler. Ol ownujak sebäpleri hem gaýgy edip, derrew gam-gussa batyp bilýär. Melanholik
zerur halatlarda adamlar bilen arkaýyn gürleşmegi, pikir alşyp, dürli meseleleri çözmegi hem başarýar. Ol adamlar bilen agzybirlik saklap, gürleşmegi hem halaýar. Melanholikler tabşyrylan işi ak ýüregi bilen ýerine ýeririp, ynamy ödeýärler.
Şeýlelikde, temperamentiň her tipi özüne mahsus bolan häsiýetleri bilen biri-birinden tapawutlanýar.
Siz haýsy? Teswrilerlerde ýazmagy unutmaň!
83
437