Lilia_
03.07.2023 23:46
Hyýal – munuň özi bir pikir, iş barada döreýän meýil, isleg, arzuw. Hyýalymyzda janlandyrmak – isleg-arzuwlarymyzyň amala aşýandygyny göz öňüne getirmegi başarmak. Hyýal güýji – hyýalymyzda janlandyrmak ukyby. Başgaça aýdanymyzda, hyýal – ýürek bilen beýniniň bilelikdäki önümi.

Eýsem, ynsanyň kämillige ýetmeginde, durmuşda üstünlik gazanmagynda hyýal güýjüniň näme ähmiýeti barka? Daşary ýurtlarda adamlaryň aýda müňlerçe dollar sarp edip “Hyýal güýjüni kämilleşdirmek” derslerine gatnamaklarynyň sebäbi nämedekä? Hyýallary pul berip satyn almak dogrumyka?

Ähli zat hyýaldan başlanýar

Hyýal güýji ýokarda hem belläp geçişimiz ýaly, öz arzuw-hyýallarymyzy aňymyzda janlandyrmak ukybydyr. Diňe bir arzuw-hyýallarymyzyň däl, eýsem, öz öňde goýan maksatlarymyzyň amala aşýandygyny aňymyzda janlandyryp bilmek hem ýene-de hyýal güýjüne baglydyr. Başlajak bolýan işimiziň tamamlanan durkuny göz öňüne getirip bilmeklik-de hyýal güýjüniň önümidir. Çünki ähli ajaýyp işler, gözellikler ilki biziň aňymyzda döreýär. Hyýalymyzda janlanýar. Suratkeş ilki çekjek suratynyň birkemsiz bolanyny hyýalynda janlandyryp, soňra eline palitrasyny alýar. Zergär ýasajak şaý-sepiniň gözel gyza nähili görk berjekdigini hyýalynda janlandyranyndan soňra göwejini gyzdyrýar. Halyçy dokajak halysynyň ilki öýüň törüni nähili bezejekdigini göz öňünde janlandyryp, soňra ýüwürtmäge başlaýar. Türgen ilki özüniň ýeňşini, janköýerleriniň el çarpyşmalaryny hyýalynda janlandyryp, soňra ýaryşa çykýar. Ýazyjy eserini ilki hyýalynda ýazyp, soňra kagyza geçirýär. Suratkeşiň suratynyň, zergäriň şaý-sepiniň, halyçynyň halysynyň, türgeniň ýeňşiniň, ýazyjynyň eseriniň... kämil bolmagy bolsa, olaryň hyýal güýjüniň kämilligine baglydyr.

“Dag başy dumansyz bolmaz – är başy hyýalsyz” diýlişi ýaly, hyýal güýji biziň öňde goýan maksatlarymyza ilki aňymyzda ýetmegimize we şol işiň amala aşjakdygyna ynanmagymyza ýardam edýär. Ynam bolsa durmuşda üstünligiň gözbaşy hasaplanylýar.

Hyýal güýji hyýalbentlikmi?

Hyýal güýji hyýalbentlikden ýa-da ham-hyýallykdan düýbünden tapawutlydyr. Hyýalbentlik ýa-da ham-hyýallyk hiç bir işiň başyna barmazdan, yhlas etmezden, zähmet çekmezden “Alma biş, agzyma düş!” diýlen pelsepä eýerip, bolsady ekip oturmaklykdyr. Emma hyýal güýji bulardan tapawutlylykda biziň öňde goýan maksatlarymyzyň amala aşjakdygyna ynanmak we şol işi ilki aňymyzda tamamlamak başarnygydyr. Biz öz öňde goýan maksadymyza ýetmek üçin geçmeli basgançaklarymyza aňymyzda, hyýalymyzda näçe aýdyň janlandyryp bilýän bolsak, onda bu şol işiň has anyk amala aşjakdygyndan habar berýär.

Başgaça aýdanymyzda, hyýal güýji öňde goýlan maksatlara ýetmegiň wideoşekilli meýilnamasyny taýýarlamakdyr. Wideoşekilli meýilnama diýleninde, heniz gurluşygyna başlanylmadyk binanyň gurlup tamamlananyndan soňra nähili boljakdygyny beýan edýän wideony göz öňüne getirip bilersiňiz. Guruljak binanyň aýratynlyklaryny dilden düşündirmegiň deregine, elbetde, onuň wideosyny görkezmek ähli kişiniň şol binany göz öňünde janlandyrmagyna ýardam eder. Çünki beýnimiz gözümiz bilen gören zadymyzy gowy ýatda saklaýar. Hyýalymyzda janlandyrýan pursatymyzda-da beýnimiz etjek işlerimiziň wideosyny görýär. Bu bolsa maksadymyza ýetmekde bize üstünligiň kartasy bolup hyzmat edýär.

Hyýalyňda janlandyrmak

Meşhur fizik Albert Eýnşteýin (1879-1955) “Özüňi nähili göz öňüne getirýän bolsaň, şeýle hem bolarsyň” diýýär. Eýsem, bu nädip bolýar?

Häzirki wagtda beýnimiziň işleýiş aýratynlyklarynyň we öwrenmegiň täze usullarynyň üstünde işleýän alymlar islendik biri işi hyýalymyzda janlandyrmak bilen şol işi hakykatdan-da amala aşyrmagyň arasynda beýnimiz üçin känbir tapawudyň ýokdugyny öňe sürýärler. Çünki täze maglumatlary öwrenmäge girişenimizde beýnimizdäki neýronlaryň arasynda özara baglanyşyklar emele gelip başlaýar. Bu baglanyşyklaryň sany belli bir möçbere ýeteninden soňra bolsa şol öwrenen maglumatymyzy ýa-da endigimizi kynçylyksyz peýdalanyp bilýäris.

Bu ugurda iş alyp barýan alymlar hiç hili hereket etmezden hyýalymyzda özümizi hereket edýän ýaly janlandyrsak, beýnimiziň şol hereket bilen baglanyşykly böleginiň oýarylýandygyny we neýronlaryň arasynda baglanyşyklaryň emele gelýändigini anyklaýarlar. Şeýlelikde, öwrenmekde hyýalyňda janlandyrmak usuly kämilleşdirilýär we köp ugurlara ornaşdyrylýar. Aýratyn hem sport bilen meşgullanýan türgenlere özleriniň etjek her bir hereketini ilki hyýalynda janlandyrmak öwredilýär. Çünki amala aşyryljak hereket ilki beýnä doly ornaşdyrylanyndan soňra, bedenimiz ony ýeňillik bilen amala aşyrýar. Bu barada 1984-nji ýylda dünýä olimpiadasynda suw sportunyň belentlikden bökmek ugry boýunça çempion bolan kanadaly Silwiýa Berner şeýle diýýär “Her gün ýatmazdan öň suwa böküşimi hyýalymda janlandyrýardym. Eger hyýalymda göwnümdäki ýaly böküp bilmesem, hyýalymy edil wideo lentasy ýaly yzyna saryp, trampline gaýtadan çykýardym. Käte tälimçimden rugsat alyp, etjek bolýan hereketimi ilki doly göz öňüne getirip, hyýalymda janlandyrýardym. Günde 5-10 gezek özümi edil olimpiadada ýaly duýup, trampline çykyşymy, suwa böküşimi aňymda gaýtalaýardym. Soňabaka kemçiliksiz böküşi, janköýerleriň el çarpyşmalaryny, Kanadanyň gimniniň ýaňlanyň durşuny, boýnuma altyn medalyň dakylyşyny hyýalymda janlandyryp bilýärdim. Bu bolsa maňa olimpiadanyň çempiony bolmagyma ähli zatdan köp ýardam etdi”.

Hakykatdan-da, beýnimiziň elektromagnit täsir ediş meýdany örän giňdir. Aňymyzdan geçirýän her bir oňyn pikirimiz özi bilen birnäçe oňyn pikirleri alyp gelýär. Erbet pikirler babatynda hem bu kada öz güýjünde galýar. Eýsem, A.Eýnşteýniň aýdyşy ýaly özümizi her bir işe başlanymyzda başarjaň, ukyply adam hökmünde göz öňüne getirsek, şol işi başarmak üçin bize ruhy taýdan güýç-kuwwat gelýär. Eger-de “Men muny başarman”, “Men hemişe şowsuzlyga uçraýan” diýen ýaly pikirler bilen bir işe başlasaňyz, onda elbetde siz hyýalyňyzda özüňizi hiç zada ukypsyz adam hökmünde göz öňüne getirersiňiz. Bu bolsa ýene-de meşhur fizigiň beýleki bir aýdan sözüne, ýagny “Hyýal güýji bilim güýjünden has güýçlidir” diýen sözüne alyp barýar.

Hyýal güýjüni artdyrmagyň ýollary

Aslynda, hyýal güýjüni artdyrmak bize düýbünden nätanyş ukyp ýa-da başarnyk däldir. Çagalykda her bir kişiniň biri-birinden üýtgeşik, biri-birinden tapawutly hyýallary bolýandyr. Emma näme üçindir ulalamyzsoň, biz hyýallara az orun berip, durmuşyň akymy bilen bolýarys. Eger-de çagalygymyzdaky ýaly erkin hyýal güýjüne eýe bolup bilsek, onda häzir has uly işleri başarjakdygymyz gümansyzdyr. Eýsem, hyýal güýjümizi kämilleşdirmek üçin biz näme etmeli? Ine, munuň ýönekeýje ýollary:

siziň üçin manysyz ýaly görünse-de, käte adaty bolmadyk ýagdaýlary hyýalyňyzda janlandyryň;
daş-töwregeňizi gurşap alýan jisimleriň öň üns bermedik taraplaryny görmäge çalşyň;
nusgawy sazlary diňläň;
käte dünýäde çözülmesi iň kyn meselelere hem öz ýanyňyzdan çözgüt agtaryň;
käte çagalar bilen wagt geçiriň. Olar bilen oýnaň, gürrüňlerini diňläň;
“bolgusyz” ýa-da “hiç haçan beýle zat bolup bilmez” diýip öýdýän pikirleriňizi bir ýere bellik edip goýuň;
bolup geçýän adaty ýagdaýlaryň tersine bolup geçip biljekdigini göz öňünde janlandyryň!
her gün görýän jisimlerimize seredip, adaty bolmadyk zady görmäge, olaryň başgaça geomterik şekilde bolup biljekdigini pikirlenmäge çalşyň!
Bularyň ählisi üçin size diňe sekuntlar ýeterlikdir. Günde sanlyja sekuntlaryňyzy hyýallaryňyza bagş ediň! Şonda siz hyýal güýjüniň jadysyny duýup bilersiňiz!!
74
148
cekic
15 Awgust 2023
Sag bol dogry sozler
Lilia_
4 Iýul 2023
@miki, Hakyky
miki
4 Iýul 2023
Hakyky hyyal yagny arzuwsyz adam yok hiç yerdede 👍🤌
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.