Lilia_
03.07.2023 09:47
Filosofik pikirlenme




Filosofik pikirlenme belli bir derejede ylmy akyl ýetirişden tapawutlanýar. «Filosofiýa» düşünjesi grekçe «fileo» → «söýgi» we «sofia» → «paýhas» sözlerinden gelip çykyp, «paýhasa söýgi» diýen manyny berýär. Filosofiýanyň beýleki ylymlardan tapawudy onuň haýsy hem bolsa bir mesele bilen däl-de, adama, tebigata we jemgyýete degişli ähli meseleler bilen gyzyklanýanlygydyr. Filosofik akyl ýetiriş işiniň esasy maksady baky we gutarnykly hakykylyklara akyl ýetirmekligiň üsti bilen dünýäniň barlygynyň düýp sebäplerini we adamyň dünýädäki ornuny hem-de ömrüniň manysyny tapmagy bilen baglanyşyklydyr. Hut şu aýratynlyk hem filosofik pikirlenmäniň beýleki ähli ylymlardan tapawutly aýratynlygydyr. Şu aýratynlygy göz öňünde tutulyp, filosofiýa, köplenç, diňe subut edilen zatlary ykrar edýän ylym bilen diňe ynançlara (subut edilmändigine garamazdan) esaslanýan diniň aralygyndaky orny eýeleýän dünýägaraýyş hasap edilýär.

Filosofik akyl ýetirişiň ýene-de bir aýratynlygy onuň kanunlarynyň, düşünjeleriniň we ýörelgeleriniň ählumumy häsiýete eýeligidir, ýagny olaryň tebigata-da, jemgyýete-de, adama-da we akyl ýetiriş işiniň özüne-de degişliligidir.

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan 9-njiy synplar üçin «Jemgyýeti öwreniş» okuw kitaby
77
172
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.