Ary baly barada nämeleri bilmeli: özboluşly düzümi we arassalygyny barlamak
Ary baly barada nämeleri bilmeli: özboluşly düzümi we arassalygyny barlamak
Islendik bir adam ary baly barada nämeleri bilýärkä? Bu önüm barada köpleriň bilýäni diňe onuň peýdalydygy, ýokumlydygy hem-de allergiki täsire eýedigi, ýa bolmasa-da onuň arassalygyny, tebigylygyny bal tutýanlaryň düşündirip biljekdigi bolaýmasa... Ine, şunuň ýaly düşünjeler — köpimiziň ary baly dogrusynda «bilýäs» diýýänlerimiz.
Ary balynyň aslynda nähili zatdygy, ol barada ýene-de nämeleri hökman bilmelidigimiz dogrusynda durup geçeliň.
Ary baly özünde adam organizmine ýokumly 60 töweregi maddany jemleýär:
B2, B6, PP, C, H, E, K witaminleri, pantoten kislotasy, fol turşusy;
mineral serişdeler: magniý, natriý, demir, ýod, kükürt, fosfor, hlor, kalsiý;
mikroelementler: kremniý, mis, litiý, marganes, alýuminiý, bor, hrom, nikel, sink, gurşun, galaýy, osmiý we başgalar;
organiki we organiki däl kislotalar: limon, alma, şawel, üzüm we süýt.
Ary baly beýniniň, bagryň we aşgazanasty mäziň işleýşine oňyn täsir edýär, holesterini peseltmäge ýardamy bar, iýmit siňdirişi we ganyň düzümini gowlandyrýar. Gije bir çaý çemçesi ýaly içilen tebigy ary bal ýatkeşligi güýçlendirýär we pikirlenmegi ösdürýär. Şeýle hem immunitet ulgamyny güýçlendirýär, belli bir mikroblara hem-de wiruslara garşy täsir edýär. Baly yzygiderli iýmek aladalanmak duýgusyny azaldýar, ukyny kadalaşdyrýar. Bal bilen bir käse çaý içmek sowuklamanyň we wirusly dem alyş keselleriniň öňüni almaga kömek eder.
Ary balyny saglyga zyýan ýetirmez ýaly näçeräk iýip bolar? Lukmanlar uly ýaşlylara günüň dowamynda 2-3 çaý çemçesi, çagalara bolsa 1-2 çaý çemçesi ary balyny iýmegi maslahat berýärler. 18 aýdan kiçi bolan çagalara bolsa bal bermek maslahat berilmeýär. Has gowy siňdirilmegi üçin süýjülik nahardan bir ýarym sagat öň ýa-da üç sagat soň iýilse dogry bolar.
Ary balyny saklamagyň aýratynlyklary. Bal +5-den -10-a °C çenli temperaturada berk ýapylan çüýşede gury, ýeterlik şemalladylýan otagda saklanmalydyr. Kristalizasiýa, goýalmak, dykyzlygynyň ýokarlanmagy we agymtyl öwüsmegi tebigy prosesler bolup, balyň hilini tassyklaýar.
Balyň ortaça saklanyş möhleti bir ýyldyr. Ondan soň, ary baly öz ýokumly maddalaryny kem-kem ýitirip başlaýar.
Balyň arassalygyny, hakykylygyny nädip barlamaly? Gynansak-da, köplenç, ary balyny ýasama görnüşde taýýarlaýarlar. Oňa şeker, miwe suwy, un, suw we beýleki goşundylary goşýarlar. Balyň hilini has ýeňil usulda barlap bolýar: munuň üçin bala bir çemçäni batyryp, soňra ony oda ýakyp görüň. Eger ol ýansa, bal hiç hili goşundysyz, tebigydyr. Mundan başga-da, ol çöregiň üstünde çalynsa çöregi gataldýar, eger ol çörege siňiň, ony çyglasa balyň suw bilen garylandygyny aňladýar.
Ary balynyň sortlary. Balyň ysy, reňki we tagamy arylaryň ýygnaýan nektaryna baglydyr. Nektar dürli ösümliklerden ýygnalyp bilner. Olaryň iň meşhurlary — akasiýa, pagta, günebakar, garpyz, tikenli ösümlik görnüşleri we ş.m. ýaly gül nektarynyň sortlarydyr.
Balyň peýdalydygyny kesgitleýän esasy ölçegler — bal ösümlikleriniň ösýän ýeriniň daşky gurşaw şertleri hem-de bal tutýan adamyň tejribesidir.
Bellik: makala diňe tanyşdyrmak maksady bilen ýazylandyr. Hatda iň peýdaly önümlerem zyýanly maksatlar bilen peýdalanylmaly däldir we ony doly hukukly bejergi hökmünde ulanmaga synanyşmak ýalňyşdyr.
Meniňçe, ary baly iň gowy sowgat,.
Muňa her bir kişi oňat düşüner!
Hatda az hem bolsa,
Bir çaý çemçesi,
Iň bolmanda, şolam ýeterlik bolar!
Boris Zahoder