Lilia_
02.07.2023 07:43
TEMPERAMENT HAKYNDA DÜŞÜNJE



Biz daş-töweregimizdäki adamlara syn edip, olaryň biri-birinden özleriniň indiwidual, özboluşly aýratynlyklary bilen tapawutlanýandygyny görýäris. Bir adam gyzma, gaharjaň bolsa, ikinji adam şadyýan,alçak bolýar. Emma üçünji biri beýlekilere görä arkaýyn, sowukganly bolýar. Şeýlelikde, adamlaryň özlerini alyp baryşlary,hereketleri, gatnaşyklary biri-birine meňzemeýärler. Hatda gadym döwürlerde hem adamlar biri-birine syn edip, hereketleriniň, özlerini alyp barşynyň birmeňzeş däldigini görüpdirler. Emma şol döwürde adamyň şeýle tapawutlylygynyň nämä baglydygyna düşünmändirler.

Temperament baradaky düşünjäni (baryp biziň eramyzdan ozal IV-Vasyrlarda) grek lukmany Gippokrat öwrenip başlapdyr. Ol adamlaryň özlerini alyp baryşlaryna syn edip, şol aýratynlyklary giňişleýin ýazyp görkezmäge we düşündirmäge synanyşypdyr. Temperament adamyň işiniň ähli görnüşlerinde (okuw, oýun, zähmet) ýüze çykýar. Temperament adamyň ähli hereketlerine, özüni alyp barşyna, gepleýşine, işiň depginine, adamlar bilen gatnaşygyna, emosiýalaryň bolup geçişine we beýleki birnäçe psihiki aýratynlyklaryň ýüze çykyşyna täsir edýär.

Holerik temperamentiň tipiniň wekilleri özleriniň galjaňlygy, galdawlygy

bılen tapawutlanýarlar. Şonuň üçin holerikler deňagramsyz bolýarlar. Olaryň adamlar bilen gatnaşyklarynda, zähmet işlerinde, oýunda oýanma prosesi päsgellenmeden agdyklyk edýär. Holerik zähmet işine joşgunly, hyjuwly başlaýar. Ol özüne tabşyrylan işe uly gyzyklanma bilen başlap, öňdebaryjylyk görkezmäge çalyşýar. Eger-de iş kyn, çylşyrymly hem-de ýokary işjeňligi talap edýän bolsa, onda adamyň energiýasy, güýji çalt gowşaýar, haýallaýar, derrew onuň bedenine argynlyk aralaşýar, keýpi gaçýar. Bu bolsa holerikleriň deňagramsyzlygynyň netijesidir. Şonuň ýaly-da holerik birmeňzeş, köp oturyp işlemeli ýagdaýlarda çalt ýadaýar, ol muny ýüregedüşgünçlik hasaplaýar, oturyp karary ýetmeýär. Holerik barada I.P.Pawlow şeýle belleýär: “Haçan-da güýçli adam şeýle deňagramlylygyň ýok wagty haýsydyr bir iş bilen meşgullanyp, öz serişdelerine we güýjüne çakdanaşa agram salýar hem-de ahyrky netijede güýji gutaryp, gereginden artyk horlanýar. Şeýle köp işläni üçin soňra hiç zat etmäge ýaramaýar. Şeýlelikde, holeriklere gujurly, joşgunly, hyjuwly adamlar degişlidir”. Holerikleriň gowy taraplary olaryň zähmet işlerinde gujurlylygy, aktiw- işjeňlik görkezmegi, öňdebaryjy bolmagy, höwesliligidir. Holeriklerde gaharjaňlyk, gyzmalyk, gödeklik ýaly otrisatel häsiýetler hem ýüze çykýar. Olar sähelçe ýagdaýlar üçin çalt gaharlanyp,adamlar bilen gödek aragatnaşyk edip, olaryň göwnüne degip bilýär. Emma bu ýagdaý holeriklerde uzak saklanman, derrew kadaly ýagdaýa geçip, derrew hem köşeşip bilýär. Onuň bu hereketi hem deňagramsyzlygyň netijesidir. Holerigiň şeýle hereketleri ony, köplenç, konfliktli ýagdaýlara getirýär.

Sangwinik – bu tipiň wekilleri şadyýan,şähdaçyk, alçak, bilesigeliji we çalt hereketli bolýar. I.P.Pawlow bu tipiň wekillerini durmuşyň çalasyn we öndümli işgäri hökmünde häsýetlendirýär. Sangwinikler emosionallyk, joşgunlylyk tarapdan durnuksyz bolýarlar. Sebäbi olar çalt begenip hem-de gynanyp bilýärler. Ol adamlardan öýkelese, gaty görse hem uzak kine saklap bilmeýär. Ol öz durmuşynda şowsuzlyklary ýeňip geçip bilýär. Şonuň ýaly-da bu tipdäki adamlar nätanyş adamlar bilen çalt öwrenişip bilýärler. Olara ýygralyk, utanjaňlyk mahsus däldir. Ol täze adamlar bilen çalt tanşyp, gürleşmegi halaýar. Sangwinige mahsus bolan häsiýetleri onuň daşky sypatyndan, özüni alyp barşyndan hem görmek bolýar. Sangwinik täze, üýtgeşik zatlary çalt görmäge, öz ünsüni çalt üýtgetmäge, dürli işleri hem ýerine ýetirmäge ukyplydyr. Adamda duýmanyň we kabul edişiň çalt bolmaklygyny talap edýän işler sangwinige laýyk gelýändir. Sangwiniklerde terbiýeçilik täsiriniň netijesinde kollektiwizm, köplüge goşulmak, borçlulyk, jogapkärlik duýgularyny terbiýelemek bilen, olary okuw we beýleki jemgyýetçilik işlerine aktiw, işjeň gatnaşýan şahsyýet edip ýetişdirmek mümkindir.

Flegmatik tipiň wekillerine sabyrly, asuda, parahat, çydamly hem-de durnukly häsýetdäki adamlar degişlidir. Flegmatikler adamlaryňarasynda durmuşyň erjel zähmetkeşi hökmünde tanalýar. Onuň nerw prosesleriniň deňagramlylygy hem-de haýal hereketliligi özüniň asuda, parahat ýagdaýyny saklamaga mümkinçilik berýär. Flegmatikler elmydama tertipliligi saklamagy halaýarlar. Olar başlan işini ahyryna çenli tertipli alyp barmagy,soňlamagy başarýarlar. Ol işiň dowamynda başga zada ünsüni bölmegi ýa-da işi gutarman goýbolsun etmegi halamaýar. Flegmatiklerde ähli pisihiki prosesler haýal bolup geçýärler. Şonuň üçin olar äwmezek we giň göwrümli bolýarlar. Olar hiç wagt howlukmaçlyk bilen hereket etmeýärler. Flegmatigiň äwmezekligi, onuň haýal hereketi, köplenç, gijä galmagyna getirýär. Flegmatikler salyhatly, parasatly bolýarlar. Ol adamlar bilen aragatnaşykda

parahat gürläp, zerur bolmadyk zatlar hakynda köp gürlemegi halamaýar.

Melanholik tipiň wekillerine tutuk, gaýgyçyl, ýygra, çekinjeň, ýaýdanjaň häsiýetdäki adamlar degişlidir. Melanholikler täze adamlar örän haýal öwrenişýärler. Onuň ýygralygy, utanjaňlygy gowşak häsiýet hökmünde ýüze çykýar. Melanholikler güýçli duýgurlyklary bilen tapawutlanýar. Olar öýkelek bolup, göwnüne degseň, birnäçe wagtlap ýadyndan çykarman, içine salyp gezýärler. Ol ownujak sebäpleri hem gaýgy edip, derrew gam-gussa batyp bilýär. Melanholik

zerur halatlarda adamlar bilen arkaýyn gürleşmegi, pikir alşyp, dürli meseleleri çözmegi hem başarýar. Ol adamlar bilen agzybirlik saklap, gürleşmegi hem halaýar. Melanholikler tabşyrylan işi ak ýüregi bilen ýerine ýeririp, ynamy ödeýärler.

Şeýlelikde, temperamentiň her tipi özüne mahsus bolan häsiýetleri bilen biri-birinden tapawutlanýar.


Siz haýsy? Teswrilerlerde ýazmagy unutmaň!
83
437
2020
2 Iýul 2023
Flegmatik
kadyrowa
2 Iýul 2023
𝑠𝑎𝑛𝑔𝑣𝑖𝑛𝑖𝑘
aykoo
2 Iýul 2023
Sangwinik
annamuradovna
2 Iýul 2023
Sangvinik
Miss_Minnosh❤️
2 Iýul 2023
Sangwinik👍🏻
blue_sky
2 Iýul 2023
Shu barada okuwda test hem gecirildi men flegmatik boldum
jumik
2 Iýul 2023
5 nji yokmy. mende hersinden birazajyk ba
live
2 Iýul 2023
Melanholik mena
light
2 Iýul 2023
Flegmatik
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.