Lilia_
28.08.2023 00:06
Durmuşyň dogry we çarkandakly ýolunda gijä galsaň-da, ýalňyş ýolda öňde barýanlardan öňe geçýänsiň!
**
Eder-de dostuň günäsine üns berseň, onda dostsuz galýansyň. Hiç bir adam dünýäde bigünä däldir.
**
Hatda “çäresiz” diýen sözüň özünde hem bir sany çäre.., mümkinçilik.., umyt bardyr!
**
Gahar – bu ot, ýalyndyr. Ýanyp duran ýalny ýalyn bilen öçürip bolmaýşy ýaly, gahary öçürmek üçin sabyr diýen gudrat döredilendir.
**
Eger-de akylly bolmak isleseň, onda bimany sowal bermegi, üns bilen diňlemegi, özüňe göwnüýetijilikli jogap bermegi we aýtmana zat galmadyk mahalynda geplemegi bes etmegi hem öwren.
**
Güýçsüz ynsan özüne tarap zyňlan daşlaryň aşagynda galýar, güýçli ynsan bolsa şol zyňlan daşlardan özüne gala ýasamagy başarýar.
Taýýarlan: Şirin NURBERDIÝEWA
81
60
Lilia_
26.08.2023 21:57
Seni makullaýanlaryň ählisi dost däldir. Seni tankytlaýanlaryň ählisi hem görip däldir. Dogruçyllyk bilen iş salyşýan adamlar dostuňdyr.
Süýji sözli adamyň häsiýeti hem gözel bolar. Häsiýeti gowy adamyň niýeti hem gowudyr. Niýeti ýagşy adamyň geljegi has owadandyr.
Ýagşy adamy görseň, ony dost tutun, Allanyň oňa ýagdyrýan bereketinden saňa-da paý ýeter.
Ýagşy işe amal etmeýän bolsaň, ýaman işe öjükdirýän bir bolma.
Ýagşylyk etseň, ile ýaýma, ört. Saňa ýagşylyk etseler, gizleme, ýaýrat.
Ýamanlyklaryňy gizleýşiň ýaly, ýagşylyklaryňy-da gizle.
Ýaramaz adamlar bilen tirkeşmek, ýagşy adamlar barada erbet pikir etmeklige sebäp bolar.
Ynsanlaryň iň ejizi dost tutunmagy başarmaýanydyr.
Ynsanyň ýürekden salam bermegi, toý-märekede ýer bermegi we iň gowy sözler bilen ýüzlenmegi dostlugyň ilkinji ädimleridir.
Taýýarlan: Mahym ATAÝEWA,
167
455
Lilia_
26.08.2023 19:09
Dogry sözli adamyň görki, ömri we döwleti zyýada bolar.
Ene-atadan soňra iň ýakyn syrdaşyň – dostuň, hatda ene-ata ýaňzytmaga çekinýän käbir pikirleriňi hem ynamdar dostuň bilen paýlaşyp bolýar.
Güler ýüzlülik we ýylgyryş ýüreklere ýollanýan dostluk çakylygydyr.
Halal lukma ýaly haýyrly zat ýokdur. Dogry söz ýaly ygtybarly dost ýokdur.
Häsiýeti ýumşak adam asylly saýylar. Özüni sypaýyçylykly alyp barýanyň mertebesi beýgeler.
Iň abraýly iş – şöhrat getirer, iň ýagşy hereket – öwgä ýetirer. Iň ýaman iş – buýsanjyňy ýatyrar, iň ýaramaz hereket – abraýyňy döker.
Iň ajaýyp zat – gözel işler bilen utgaşan dogry sözdür.
Iň ýagşy ýardam – perişan kişä goltgy bermek.
Kim bilen dostlaşmakçy bolsaň, ilki ony ýagşy tana, çünki häsiýet juda ýokuşýan zatdyr. Ýagşydan ýagşy häsiýetler, ýamandan ýaramaz häsiýetler ýokuşar.
Kim gaýrat basgançagy bilen ýokary galsa, il-günüň gözünde abraýy belent bolar. Kim janypkeş bolsa, halk arasynda gadyr-gymmaty artar.
Kim özüne bolan söýgi we umyt döredip bilýän bolsa, bu onuň ata-baba asyllydygyna delildir.
Kim ýagşy adamlara ýoldaş bolsa, işi rowaç bolar. Kim ýaramazlar bilen dost bolsa, bereketden mahrum galar.
Pespällik asylzada adamlaryň bezegidir. Dostluk mylakatly adamlaryň hemrasydyr
Taýýarlan: Mahym ATAÝEWA
80
58
Lilia_
24.08.2023 01:10
Baobab agajy. (Suraty ýokarda) Madagaskar adasynda we Awstraliýada ösýän bu ösümligiň sekiz görnüşi bar. Oňa adansoniýa hem diýilýär. Mundan başga-da, «maýmynyň çöregi», «çüýşe agajy» ýaly atlary hem bar. Çüýşe diýilmeginiň sebäbi aşa gurak tebigatda ösýändigine garamazdan, onuň düzüminde köp mukdarda suw saklanýar. Şol sebäpli olar aňsat ýanmaýar. Kähalatlarda tokaýda ýangyn dörände bu agaçlar ýanman galýar. Diametri 15 metre ýetýän bu agajyň bir düýbünde 115 tonna suw saklanýandygy anyklanypdyr. Bu ösümlik ýagyşly möwsümde düzümine suw ýygnaýar. Şol mahal agajyň düzüminiň 76 göterimi suwdan ybarat bolýar. Ýerli ilat guran agaçlaryň ýokarsyny kesip, ortasyndaky köwegi suw saklamak üçin hem peýdalanýar. Agajyň boýy 40 metre çenli ýetýär. Onuň ýapraklaryndan, miwesinden, saýasyndan peýdalanýan onlarça jandar bolup, kiçiräk ekoulgamy döredýär. Baobabyň gabygynyň astyndan alynýan süýümden ýüp, sebet, egin-eşik ýaly zatlar taýýarlanýar. Onuň artylan gabygy gysga wagtdan gaýtadan ösüp çykýar. Agajyň miwesi, ýapraklary we gülleri iýmit hökmünde peýdalanylýar. Miwesinden süýji şerbetler taýýarlanýar. Deňiz derejesinden 450-600 metr belentlikde ösýän bu ösümlik tebigy we emeli usulda köpelýär. Täsin ýeri, adatça, agaçlar kesilende onuň ýaşyny anyklamaga ýardam edýän halkalar bu agajyň içinde görünmeýär.
76
114