Asylly adam – il aladasy, pes adam öz gaýgysy bilen ýaşaýar.
Ownuk zatlarda özüni saklap bilmezlik – uly işleriň ýoguna ýanýar.
Özüňe islemeýän zadyňy özgä-de etme.
Öz nadanlygyny bilip, bilimiň gözlegine çykan adama öwüt bergin. Özüniň gymmatly pikirlerini aýdyp bilmeýäne öz kömegiňi ber. Öz dörtburçlugynyň bir burçuny tanap, galan burçlary hakynda bilmäge ukyply adamy okatgyn.
Hakyky adamkärçilik bizden daşdamy? Eger isleseň, ol derrew seniň ýanyňda peýda bolar.
Bilim bolmasa, edepsizlk öz-özüňi gynamaklyga öwrüler. Bilim bolmasa, seresapsyzlyk hökman gorkaklyga öwrüler. Bilim bolmasa, açykgöwünlilik gödeklige öwrüler.
Eger döwletiň patyşasy ene-atasyny hormatlaýan bolsa, ýönekeý ynsanlary hem adamkärçilikli bolar.
Hakyky adamkärçilikli ynsan ähli zady öz güýjüne daýanyp etmäge çalşar.