Seni makullaýanlaryň ählisi dost däldir. Seni tankytlaýanlaryň ählisi hem görip däldir. Dogruçyllyk bilen iş salyşýan adamlar dostuňdyr.
Süýji sözli adamyň häsiýeti hem gözel bolar. Häsiýeti gowy adamyň niýeti hem gowudyr. Niýeti ýagşy adamyň geljegi has owadandyr.
Ýagşy adamy görseň, ony dost tutun, Allanyň oňa ýagdyrýan bereketinden saňa-da paý ýeter.
Ýagşy işe amal etmeýän bolsaň, ýaman işe öjükdirýän bir bolma.
Ýagşylyk etseň, ile ýaýma, ört. Saňa ýagşylyk etseler, gizleme, ýaýrat.
Ýamanlyklaryňy gizleýşiň ýaly, ýagşylyklaryňy-da gizle.
Ýaramaz adamlar bilen tirkeşmek, ýagşy adamlar barada erbet pikir etmeklige sebäp bolar.
Ynsanlaryň iň ejizi dost tutunmagy başarmaýanydyr.
Ynsanyň ýürekden salam bermegi, toý-märekede ýer bermegi we iň gowy sözler bilen ýüzlenmegi dostlugyň ilkinji ädimleridir.
Taýýarlan: Mahym ATAÝEWA,