Dogry sözli adamyň görki, ömri we döwleti zyýada bolar.
Ene-atadan soňra iň ýakyn syrdaşyň – dostuň, hatda ene-ata ýaňzytmaga çekinýän käbir pikirleriňi hem ynamdar dostuň bilen paýlaşyp bolýar.
Güler ýüzlülik we ýylgyryş ýüreklere ýollanýan dostluk çakylygydyr.
Halal lukma ýaly haýyrly zat ýokdur. Dogry söz ýaly ygtybarly dost ýokdur.
Häsiýeti ýumşak adam asylly saýylar. Özüni sypaýyçylykly alyp barýanyň mertebesi beýgeler.
Iň abraýly iş – şöhrat getirer, iň ýagşy hereket – öwgä ýetirer. Iň ýaman iş – buýsanjyňy ýatyrar, iň ýaramaz hereket – abraýyňy döker.
Iň ajaýyp zat – gözel işler bilen utgaşan dogry sözdür.
Iň ýagşy ýardam – perişan kişä goltgy bermek.
Kim bilen dostlaşmakçy bolsaň, ilki ony ýagşy tana, çünki häsiýet juda ýokuşýan zatdyr. Ýagşydan ýagşy häsiýetler, ýamandan ýaramaz häsiýetler ýokuşar.
Kim gaýrat basgançagy bilen ýokary galsa, il-günüň gözünde abraýy belent bolar. Kim janypkeş bolsa, halk arasynda gadyr-gymmaty artar.
Kim özüne bolan söýgi we umyt döredip bilýän bolsa, bu onuň ata-baba asyllydygyna delildir.
Kim ýagşy adamlara ýoldaş bolsa, işi rowaç bolar. Kim ýaramazlar bilen dost bolsa, bereketden mahrum galar.
Pespällik asylzada adamlaryň bezegidir. Dostluk mylakatly adamlaryň hemrasydyr
Taýýarlan: Mahym ATAÝEWA