Lilia_
21.10.2023 14:46
Hyýal güýjüni kämilleşdirmek

Hyýal – munuň özi bir pikir, iş barada döreýän meýil, isleg, arzuw. Hyýalymyzda janlandyrmak – isleg-arzuwlarymyzyň amala aşýandygyny göz öňüne getirmegi başarmak. Hyýal güýji – hyýalymyzda janlandyrmak ukyby. Başgaça aýdanymyzda, hyýal – ýürek bilen beýniniň bilelikdäki önümi. 

Eýsem, ynsanyň kämillige ýetmeginde, durmuşda üstünlik gazanmagynda hyýal güýjüniň näme ähmiýeti barka? Daşary ýurtlarda adamlaryň aýda müňlerçe dollar sarp edip “Hyýal güýjüni kämilleşdirmek” derslerine gatnamaklarynyň sebäbi nämedekä? Hyýallary pul berip satyn almak dogrumyka?

Ähli zat hyýaldan başlanýar

Hyýal güýji ýokarda hem belläp geçişimiz ýaly, öz arzuw-hyýallarymyzy aňymyzda janlandyrmak ukybydyr. Diňe bir arzuw-hyýallarymyzyň däl, eýsem, öz öňde goýan maksatlarymyzyň amala aşýandygyny aňymyzda janlandyryp bilmek hem ýene-de hyýal güýjüne baglydyr. Başlajak bolýan işimiziň tamamlanan durkuny göz öňüne getirip bilmeklik-de hyýal güýjüniň önümidir. Çünki ähli ajaýyp işler, gözellikler ilki biziň aňymyzda döreýär. Hyýalymyzda janlanýar. Suratkeş ilki çekjek suratynyň birkemsiz bolanyny hyýalynda janlandyryp, soňra eline palitrasyny alýar. Zergär ýasajak şaý-sepiniň gözel gyza nähili görk berjekdigini hyýalynda janlandyranyndan soňra göwejini gyzdyrýar. Halyçy dokajak halysynyň ilki öýüň törüni nähili bezejekdigini göz öňünde janlandyryp, soňra ýüwürtmäge başlaýar. Türgen ilki özüniň ýeňşini, janköýerleriniň el çarpyşmalaryny hyýalynda janlandyryp, soňra ýaryşa çykýar. Ýazyjy eserini ilki hyýalynda ýazyp, soňra kagyza geçirýär. Suratkeşiň suratynyň, zergäriň şaý-sepiniň, halyçynyň halysynyň, türgeniň ýeňşiniň, ýazyjynyň eseriniň... kämil bolmagy bolsa, olaryň hyýal güýjüniň kämilligine baglydyr.

“Dag başy dumansyz bolmaz – är başy hyýalsyz” diýlişi ýaly, hyýal güýji biziň öňde goýan maksatlarymyza ilki aňymyzda ýetmegimize we şol işiň amala aşjakdygyna ynanmagymyza ýardam edýär. Ynam bolsa durmuşda üstünligiň gözbaşy hasaplanylýar.

Hyýal güýji hyýalbentlikmi?

Hyýal güýji hyýalbentlikden ýa-da ham-hyýallykdan düýbünden tapawutlydyr. Hyýalbentlik ýa-da ham-hyýallyk hiç bir işiň başyna barmazdan, yhlas etmezden, zähmet çekmezden “Alma biş, agzyma düş!” diýlen pelsepä eýerip, bolsady ekip oturmaklykdyr. Emma hyýal güýji bulardan tapawutlylykda biziň öňde goýan maksatlarymyzyň amala aşjakdygyna ynanmak we şol işi ilki aňymyzda tamamlamak başarnygydyr. Biz öz öňde goýan maksadymyza ýetmek üçin geçmeli basgançaklarymyza aňymyzda, hyýalymyzda näçe aýdyň janlandyryp bilýän bolsak, onda bu şol işiň has anyk amala aşjakdygyndan habar berýär.

Başgaça aýdanymyzda, hyýal güýji öňde goýlan maksatlara ýetmegiň wideoşekilli meýilnamasyny taýýarlamakdyr. Wideoşekilli meýilnama diýleninde, heniz gurluşygyna başlanylmadyk binanyň gurlup tamamlananyndan soňra nähili boljakdygyny beýan edýän wideony göz öňüne getirip bilersiňiz. Guruljak binanyň aýratynlyklaryny dilden düşündirmegiň deregine, elbetde, onuň wideosyny görkezmek ähli kişiniň şol binany göz öňünde janlandyrmagyna ýardam eder. Çünki beýnimiz gözümiz bilen gören zadymyzy gowy ýatda saklaýar. Hyýalymyzda janlandyrýan pursatymyzda-da beýnimiz etjek işlerimiziň wideosyny görýär. Bu bolsa maksadymyza ýetmekde bize üstünligiň kartasy bolup hyzmat edýär.

Hyýalyňda janlandyrmak

Meşhur fizik Albert Eýnşteýin (1879-1955) “Özüňi nähili göz öňüne getirýän bolsaň, şeýle hem bolarsyň” diýýär. Eýsem, bu nädip bolýar?

Häzirki wagtda beýnimiziň işleýiş aýratynlyklarynyň we öwrenmegiň täze usullarynyň üstünde işleýän alymlar islendik biri işi hyýalymyzda janlandyrmak bilen şol işi hakykatdan-da amala aşyrmagyň arasynda beýnimiz üçin känbir tapawudyň ýokdugyny öňe sürýärler. Çünki täze maglumatlary öwrenmäge girişenimizde beýnimizdäki neýronlaryň arasynda özara baglanyşyklar emele gelip başlaýar. Bu baglanyşyklaryň sany belli bir möçbere ýeteninden soňra bolsa şol öwrenen maglumatymyzy ýa-da endigimizi kynçylyksyz peýdalanyp bilýäris.

Bu ugurda iş alyp barýan alymlar hiç hili hereket etmezden hyýalymyzda özümizi hereket edýän ýaly janlandyrsak, beýnimiziň şol hereket bilen baglanyşykly böleginiň oýarylýandygyny we neýronlaryň arasynda baglanyşyklaryň emele gelýändigini anyklaýarlar. Şeýlelikde, öwrenmekde hyýalyňda janlandyrmak usuly kämilleşdirilýär we köp ugurlara ornaşdyrylýar. Aýratyn hem sport bilen meşgullanýan türgenlere özleriniň etjek her bir hereketini ilki hyýalynda janlandyrmak öwredilýär. Çünki amala aşyryljak hereket ilki beýnä doly ornaşdyrylanyndan soňra, bedenimiz ony ýeňillik bilen amala aşyrýar. Bu barada 1984-nji ýylda dünýä olimpiadasynda suw sportunyň belentlikden bökmek ugry boýunça çempion bolan kanadaly Silwiýa Berner şeýle diýýär “Her gün ýatmazdan öň suwa böküşimi hyýalymda janlandyrýardym. Eger hyýalymda göwnümdäki ýaly böküp bilmesem, hyýalymy edil wideo lentasy ýaly yzyna saryp, trampline gaýtadan çykýardym. Käte tälimçimden rugsat alyp, etjek bolýan hereketimi ilki doly göz öňüne getirip, hyýalymda janlandyrýardym. Günde 5-10 gezek özümi edil olimpiadada ýaly duýup, trampline çykyşymy, suwa böküşimi aňymda gaýtalaýardym. Soňabaka kemçiliksiz böküşi, janköýerleriň el çarpyşmalaryny, Kanadanyň gimniniň ýaňlanyň durşuny, boýnuma altyn medalyň dakylyşyny hyýalymda janlandyryp bilýärdim. Bu bolsa maňa olimpiadanyň çempiony bolmagyma ähli zatdan köp ýardam etdi”.

Hakykatdan-da, beýnimiziň elektromagnit täsir ediş meýdany örän giňdir. Aňymyzdan geçirýän her bir oňyn pikirimiz özi bilen birnäçe oňyn pikirleri alyp gelýär. Erbet pikirler babatynda hem bu kada öz güýjünde galýar. Eýsem, A.Eýnşteýniň aýdyşy ýaly özümizi her bir işe başlanymyzda başarjaň, ukyply adam hökmünde göz öňüne getirsek, şol işi başarmak üçin bize ruhy taýdan güýç-kuwwat gelýär. Eger-de “Men muny başarman”, “Men hemişe şowsuzlyga uçraýan” diýen ýaly pikirler bilen bir işe başlasaňyz, onda elbetde siz hyýalyňyzda özüňizi hiç zada ukypsyz adam hökmünde göz öňüne getirersiňiz. Bu bolsa ýene-de meşhur fizigiň beýleki bir aýdan sözüne, ýagny “Hyýal güýji bilim güýjünden has güýçlidir” diýen sözüne alyp barýar.

Hyýal güýjüni artdyrmagyň ýollary

Aslynda, hyýal güýjüni artdyrmak bize düýbünden nätanyş ukyp ýa-da başarnyk däldir. Çagalykda her bir kişiniň biri-birinden üýtgeşik, biri-birinden tapawutly hyýallary bolýandyr. Emma näme üçindir ulalamyzsoň, biz hyýallara az orun berip, durmuşyň akymy bilen bolýarys. Eger-de çagalygymyzdaky ýaly erkin hyýal güýjüne eýe bolup bilsek, onda häzir has uly işleri başarjakdygymyz gümansyzdyr. Eýsem, hyýal güýjümizi kämilleşdirmek üçin biz näme etmeli? Ine, munuň ýönekeýje ýollary:

• siziň üçin manysyz ýaly görünse-de, käte adaty bolmadyk ýagdaýlary hyýalyňyzda janlandyryň;

• daş-töwregeňizi gurşap alýan jisimleriň öň üns bermedik taraplaryny görmäge çalşyň;

• nusgawy sazlary diňläň;

• käte dünýäde çözülmesi iň kyn meselelere hem öz ýanyňyzdan çözgüt agtaryň;

• käte çagalar bilen wagt geçiriň. Olar bilen oýnaň, gürrüňlerini diňläň;

• “bolgusyz” ýa-da “hiç haçan beýle zat bolup bilmez” diýip öýdýän pikirleriňizi bir ýere bellik edip goýuň;

• bolup geçýän adaty ýagdaýlaryň tersine bolup geçip biljekdigini göz öňünde janlandyryň!

• her gün görýän jisimlerimize seredip, adaty bolmadyk zady görmäge, olaryň başgaça geomterik şekilde bolup biljekdigini pikirlenmäge çalşyň!

Bularyň ählisi üçin size diňe sekuntlar ýeterlikdir. Günde sanlyja sekuntlaryňyzy hyýallaryňyza bagş ediň! Şonda siz hyýal güýjüniň jadysyny duýup bilersiňiz!
44
32
Lilia_
21.10.2023 10:58
Ýaşlar we elektronika..
Durmuşymyzda elektronikanyň tutýan orny barada heý pikir edip gördüňizmi? Eger heniz bu barada oýlanmadyk bolsaňyz, geliň, adaty bir günümize şeýle bir göz aýlalyň!

Her gün irden jübi telefonumyzyň sagadynyň jaňyna oýanýarys. Bir gezekde oýanýan bolsak, ne ýagşy. Ýogsam, iki-üç gezek telefonuň sesini öçürýäris. Oýanyp ýetişmänkäk eýýäm telewizor aýdyp durandyr. Ony çatanymyzyň parhyna hem baran däldiris. Ertirlik edinilýän pursatynda internetdäki dostlarymyza “Salam” diýip ýazmak üçin telefony elimizden düşürmeýäris. Bir elimizde bolsa telewizoryň uzakdan dolandyryjysy. Näme iýip-içenimizi bilmän, derrew okuwa tarap ýola düşýäris. Edil ýetişiksiz günde galan ýaly, öýden çykyp barýarkak gulagymyza ses çykaryjy enjamy dakmaga howlugýarys. Ýogsam, başga möhümräk işler üçin hem howlugyp bilerdik ahyryn. Aýdymlaryň arasyndan bir oňa, bir muňa geçirip, barjak ýerimize barýarys. Ýogsam, awtobusda mekdebe bile gatnaýan dostlarymyz bilen derslerimiz barada hem gürrüň edip bilerdik ahyryn. Mekdepden öýümize dolananymyzda hem şeýleräk. Öýe gelip, kompýuterimizi açýarys. Bir aý töweregi uzak wagta çekýän uly kompýuter oýunlaryň tamamlanman galan basgançaklaryny geçýäris, şa gyzyny halas edýäris, ýa-da söýgüli futbol toparymyzy kompýuterde çempion edýäris. Oýnuň dowamynda käte gaharlanýarys. Hatda toplan utugymyz azyrak bolsa, oýna täzeden başlaýarys. Öý işlerimizi agşam naharyndan soňa goýýarys. Şony hem elektroniki görnüşde amala aşyrmagy arzuw edýäris. Kitap okanymyzda ýene-de aýdym-saz diňlemäge çalyşýarys. Derslerimize taýýarlyk görenimizde özümize wagt çägäni goýýarys. Goýan wagt çägimiz tamamlanmanka derrew kitabymyzy ýapýarys. Emma kompýuter oýunlaryny oýnanymyzda, telewizora tomaşa edenimizde bu düzgüni ýatdan çykaran bolýarys. Irden ýatmalydygymyzy bilýäris. Onuň saglyga peýdasynyň bardygyny, ertirki güne işjeň başlamaga ýardam edýändigini hem bilýäris. Ýöne näme üçindir ukymyz gelýänçä internete girip, bir azajyk ýazyşasymyz gelýär. Ukymyz tutýar, emma ýollan hatlarymyzyň jogaplaryna garaşyp, özümizi uklamakdan saklaýarys. Bir seredýäris, sagat eýýäm bolup bilenini bolupdyr. Telefonuň sagadynyň jaňyny turjak wagtymyza goýýarys. Elbetde, ýaňy ukymyz gaçansoň, indi uklaýançak telefonuň aýdymyny çatyp goýýarys. Gije bir mahalllar gulagyňyza ses gelýändir. Görseňiz, telefonuňyz aýdym aýdyp durandyr. Öçürmäge çalyşýarsyňyz. Ukynyň arasynda başga düwmelerine basýarsyňyz. Irden ýene-de şol telefonuň jaňyna oýanýarsyňyz. Telefonyň sagady jyrlan hem bolsa, uzak gije aýdym aýdyp duransoň, güýji gaçandyr. Hawa, turan badymyza ony toga çatýarys. Şeýdibem, ýene-de bir elektroniki gün başlanýar.

***

Elbetde, tehnologiýa biziň durmuşymyzy ýeňilleşdirýär. Ony ulanmazlyk mümkin däl. Emma oňa durmuşda biziň üçin has gymmatly zatlaryň – dostlugyň, maşgalanyň, söýginiň, saglygyň, wagtyň... ornuny eýelemäge rugsat bermäliň!

Makalanyň awtory Şageldi Ýabanow
49
40
Lilia_
21.10.2023 03:58
Dermanhanyň hünärmenleri dermanlaryň dogry ulanylyşy barada gürrüň berýärler..
Keselleriň ilkinji alamatlary ýüze çykanda biz derrew zerur bolan dermanlary alýarys we derman gutusynyň içindäki maglumat kagyzjygyny okaman bada-bat olary kabul etmek bilen bolýarys. Ilki bilen derman serişdeleriniň wajyp mesele bolup durýandygyna we saglygyňyzyň kepili üçin olary ulanmaga oýlanyşykly çemeleşmekligiň gerekligine düşünmek möhümdir.

“Şypaly Çomuç” dermanhananasynyň hünärmenleri, dogry derman kabul etmegiň käbir taraplary barada gürrüň berdiler.

Dermanlary näme bilen içmeli?

Iň gowy usullaryň biri, azyndan 100 ml mukdarda arassa gazlandyrylmadyk ýyly suwdyr. Dermanyň aşgazanda dogry we wagtynda eremegine hut ýyly suwuň kömek edýändigini bellemelidiris.

Sowuk suw iýmit bozulmalaryna, aşa gyzgyn suw bolsa gyzylödegiň ýanmagy ýaly zeperlere getirip biler.

Eýsem, beýleki suwuklyklar barada näme aýtsaň bolar? Eger ýanyňda suw bolmasa we şol pursat dermanlary içmek zerur bolsa näme etmeli?

Steroid däl çişmä garşy dermanlary süýt bilen içip bolýar.
Mineral suwy bilen derman içmeklik maslahat berilmeýär. Çünki onuň düzümindäki demir, kalsiý we beýleki maddalar derman serişdesiniň köp goşundylarynyň siňdirilmegini bökdeýär.
Şireler. Bu ýokary kislotaly içgiler dürli gormonal we ýürek-damar dermanlaryň gana dogry barmagyna päsgel berýär.
Çaý we kofe. Tanninler, kofein we çaýyň düzümindäki beýleki maddalar antispazmodikler, üsgülewüge garşy we oftalmiki serişdeler bilen eremeýän birleşmeleri emele getirmäge ukyplydyrlar.
Spirtli içgiler. Alkogol bilen derman serişdeleriniň birleşmesi adam saglygyna ýaramaz täsirleri ýetirip biler. Bejerginiň alkogolly içgiler bilen bilelikde alnyp barylmagy adam saglygyna hiç-hili peýda bermeýär, munuň tersine zäherlenmek howpuny döredýär.
Iýmit bilen dermanlary nädip dogry içmeli?

Dermanlaryň 90% -i bedene iýmit siňdiriş ulgamynyň üsti bilen aralaşýar. Derman serişdeleriniň kabul edilýän iýmit bilen täsirleşýändigi sebäpli, açöde nahardan 1 sagat öň ýa-da 2 sagat soň kabul edilmeli derman serişdeleriň görnüşleri hem bolýar. Dermanlaryň nahar edinme wagtlaryň aralygynda kabul edilmegi bolsa, işjeň maddalaryň tiz siňmegini üpjün edýär.

Şeýle-de nahardan soň derrew kabul edilmeli dermanlaryň başga bir kategoriýasy hem bardyr. Bulara aşgazanyň nemli bardasyny güýçli gyjyndyrýan çişmä garşy derman serişdeleri degişlidir.

Aşgazan-içege ulgamynyň keselleri üçin niýetlenen dermanlary kem-kemden kabul etmelidir. Şunuň bilen, sary gaýnama garşy dermanlary nahardan 20-30 minut öň ýa-da soň içmek maslahat berilýär. Iýmit siňdiriş fermentleri bolsa, edil prеbiotikler ýaly nahar bilen kabul edilmelidir.

Derman serişdelerini kabul etmezden ozal lukman bilen maslahatlaşmagyň we dermanlary ulanmak boýunça görkezmeleri üns bilen öwrenmegiň zerurdygyny tejribe görkezýär. Bu gymmatly görkezmeler, derman serişdesi kabul edilende ýüze çykyp biljek dürli ýaramaz täsirlerden gaça durmaga kömek eder.

“Şypaly Çomuç” dermanhanasynyň hünärmenleri müşderilerine ýokary derejeli hyzmat bilen bilelikde derman serişdelerini ulanmak babatda ugrukdyryjy maslahat kömegini hem berip bilerler. Dermanhanada dürli maksatly 5000-den gowrak derman serişdeleri bar. Bu sanawda kardiologiki, endokrinologiki, ginekologiki, wiruslara garşy, mikroblara garşy we beýleki dermanlar serişdeleri bar.

Şeýle hem dermanhanada näsaglara ideg etme serişdelerini, saglyk ýagdaýyna gözegçilik etmek üçin ýokary takyklyga eýe enjamlary, bejeriş kosmetikasyny we başga-da köp zatlary satyn alyp bilersiňiz.

“Şypaly Çomuç” dermanhanasy hepdede 7 gün işleýär. Dermanhana Aşgabat şäheriniň Sona Myradowa köçesiniň 21-nji jaýy (Lälezar bazary) salgysynda ýerleşýär.
49
55
Lilia_
20.10.2023 19:37
Berk berhiz ýa-da dogry iýmitlenmek: Bularyň haýsy biri täsirli?

Öz agramyny kadaly ýagdaýda saklamak barada alada edýän adamlaryň aglabasynda şeýle sowal ýüze çykan bolsa gerek: Nähili çäre görse gowy bolar — berk berhiz saklamalymy ýa-da dogry iýmitlenmek ýörelgelerine salgylanmaly? Köpler üçin bu çäreleriň ikisem şol bir zat ýaly, emma, aslynda bu beýle däldir. Olaryň hersi özbaşyna bir ýörelgedir.

Berhiz — köplenç halatda iýmitleniş tertibiňi çäklendirmekdir. Bu babatda hatda has berk talaplary bolmadyk berhiz hem witaminleriň hem-de mikroelementleriň ýetmezçiligine getirip biljek miwelerden özüňi saklamagy talap edýär. Käbir berhizler bolsa beloklaryň, uglewodlaryň, şeýle-de adamyň saglygy üçin has wajyp bolan elementlere eýe bolan önümleri (et, däneler, käbir bakja we miwe önümleri...) çäklendirýär ýa-da olary dolulygyna gadagan edýär.

Berhizler, adatça, belli bir netijäni gazanmakda belli bir wagt üçin täsirli, ýagny horlanmak, çylşyrymly operasiýalardan soň ýagdaýyňy kadalaşdyrmak ýa-da bejerginiň bir bölegi hökmünde, mysal üçin aşgazan ýarasy ýa-da gastrit üçin täsir edýär. Hemişe berhiz saklamak, adatça, käbir iýmitleriň ulanylmagynda ýagdaýy ýaramazlaşyp biljek agyr hroniki keselleri bolan adamlar, mysal üçin, süýji keseli ýa-da aşgazan-içege ulgamynda uly göwrümli operasiýalary geçiren adamlar üçin mahsus bolýar. Biz bolsa hemişe iýmitiň berk çäklendirilmegini talap etmeýän ýagdaý, umuman sagdyn adamlar dogrusynda gürrüň edýäris.

Sagdyn adam üçin berhiz tutmak hemişe çäklidir — bu üç günden bir aýa çenli aralykda bolup biler. Mono-berhizler (berhiz bir önümi içine alanda) üç günden köp bolmaly däldir. Soňra zerur witaminleriň we minerallaryň ýiti ýetmezçiligine ýa-da agramyň pese düşmegine sebäp bolmazlygy üçin iru-giç berhizden el çekmeli bolýar. Berhiziň esasynda gazanylan netijäni saklamak üçinem dogry ýa-da kadaly iýmitlenmek ýardam edýär.

Kadaly iýmitlenmek — bu çäklendirmelere däl-de, dürli hili iýmitlere esaslanýan düzgünleriň bir görnüşidir. Dogry iýmitlenmek käbir iýmitlerden ýüz öwürmegi aňlatmaýar, ol iýmitlenmegi diňe beýleki, has sagdyn tagamlaryň peýdasyna çäklendirýär. Mysal üçin, bu ýagdaýda kömelek bilen gowrulan ýeralmany ýa-da kremli torty halaýan adam bu iýmitlerden doly ýüz öwürmeli bolmaz, ol diňe degişli iýmitleri iýmegini çäklendirer.

Dogry iýmitlenmek ýörelgelerine eýerýän adamyň iýmiti häzirki zaman adamsyna tanyş bolan önümleriň ähli görnüşlerinden — etden (köplenç halatda «ak» - towuk, hindi towugy), dänelerden, deňiz we derýa balyklaryndan, hoz we guradylan önümlerden, miwelerden, az ýagly süýt we turşy süýt önümlerinden, möwsümleýin miwelerden we gök önümlerden, uglewodlary çäkli mukdarda bolan önümlerden (şeker, ak undan bişirilen önümler, gazlandyrylan içgiler...) we haýwanlaryň ýaglary bolan önümlerden ybaratdyr.

«Çäklendirilen mukdar» diýmek bu önümlerden düýbünden ýüz öwürmegi aňlatmaýar — käwagt iýilen kiçijik tort daş keşbe zyýan bermez, emma bu siziň ruhuňyzy göterip biler. Sagdyn iýmitlenmegiň esasy ýörelgesine hemme zady ýeterlik mukdary bilen iýmek arkaly eýerip bolar.

Kadaly iýmitlenmegiň düzgünlerine günde 4-5 gezek az mukdarda şol bir wagtlarda iýmitlenmek we ýeterlik derejede suw içmek hem degişlidir. Günüň birinji ýarymynda uglewodly iýmitleri iýmek, ikinji ýarymynda bolsa belokly iýmitlere üns bermek has ýerlikli çözgüt bolup biler.

Glutamat natriý ýaly tagam güýçlendirijileri öz içine alýan tiz tagamlardan, ýagly, gowrulan we kakadylan iýmitlerden, şeýle hem süýji gazlandyrylan içgilerden gaça durmalydyr, sebäbi olaryň düzüminde şekeriň gündelik mukdarynyň ýokary möçberinde şeker bardyr. Gaýnadylan, bişirilen ýa-da howurpeçde taýýarlanan iýmitlere ähmiýet bermek has gowusydyr.
Artykmaç agramdan ejir çekmeýän we agyr fiziki zähmet bilen meşgullanmaýan sagdyn adamyň (erkekler we aýallar) gündelik kaloriýa mukdary takmynan 1800-2000 kkal derejesine deňdir. Adaty ýagdaýda agramy gözegçilikde saklamak üçin bu mukdardaky kaloriýa ýeterlikdir.

Şeýlelikde, dietologlar diňe gysga wagtyň dowamynda peýdaly bolan, ýöne uzak wagtyň dowamynda witaminleriň we mikroelementleriň ýetmezçiligine sebäp bolup biljek dürli hili berhizleri synap görmegiň ýerine, hemişe kadaly iýmitlenmegiň düzgünlerini berjaý etmegi maslahat berýärler. Dogry iýmitlenmek käbir berk berhizler ýaly garaşylýan netijä beýle tiz getirmeýär, ýöne has durnukly täsir edýär. Dogry iýmitlenmek köp ýyllaryň dowamynda peýdasyny duýup ýaşap boljak özboluşly durmuş ýörelgesidir.

Türkmenistanda dietologlaryň we nutrisiologlaryň «Detoxboxtm» topary islendik adama horlanmak hem-de agramy kadaly saklamak üçin sagdyn iýmitlenmek ýörelgelerine esaslanýan gündelik iýmit meýilnamasyny saýlap almaga ýardam edýär. Horlanmak we agramy kadaly saklamak üçin «Detoxboxtm» programmalarynyň hatarynda üç, on hem-de ýigrimi sekiz gün üçin niýetlenen taýýar naharlar bardyr.

«Detoxboxtm-iň» önümlerine konserwantlar we tagam güýçlendirijiler goşulmaýar, şonuň üçinem olary uzak möhletläp saklamaly däldir. Agramy saklamak programmasy horlanmak üçin niýetlenen programmalardan tapawutlylykda, bu durmuş ýörelgesini uzak wagtlap dowam etdirmäge mümkinçilik berýär.
48
42
Lilia_
20.10.2023 16:46

Seresap boluň: Adamyň we jandarlaryň saglygyna zyýanly 10 sany otag ösümligi


Penjiräniň öňünde tertipleşdirilip ýerleşdirilen otag ösümlikleri... Owadan ýaşyl ýapraklarda we gülleriň gunçalarynda howp döredip biljek näme bolup bilerkä. Şeýle-de bolsa, diňe kiçi çagalar we öý haýwanlary üçin däl, eýsem ulular üçinem howply bolan giňden ýaýran zyýanly ösümlikler bar.


Anturiýum — bu ösümligiň gülüniň şiresinde oksalatlar — oksalat kislotasynyň duzlary bar. Ol derä degen ýagdaýynda allergiki täsire sebäp bolup biler, iýmit siňdiriş organlaryna düşse bolsa, bogazyň çişmegi we agyz boşlugynyň ýanmagy ýaly zyýanlara getirip biler.


Şonuň üçin bu ösümligi öýde el ýetmejek ýerde goýmak maslahat berilýär.


Diffenbahiýa — baldagyndaky zäherli şire deriniň hem-de gözüň we agzyň ýanmagyna täsir edip, gijilewüge getirýär. Ýuwudylan ýagdaýynda bolsa, iýmitden zäherlenmä sebäp bolup biler.


Diffenbahiýany ýatylýan otagda goýmazlyk maslahat berilýär.


Plumeriýa — bu ösümligi ellejek mahalyň hökmany suratda ellik geýmelidir. Plumeriýanyň şiresi deriniň açyk ýerine degse, ol bedeni gijileder. Bu gülüň peýdasy otagdaky howany gowy arassalaýanlygy bilen baglydyr.


Taýlandyň halky bu ösümligiň şowlulyk we bagt getirýändigine ynanýarlar.


Zamiokulkas — hatda ýaş gül ösdürijilerem onuň «Dollar agajy» diýen adyny eşidendirler. Zamiokulkas şiresinde kalsiý oksalady bar. Onuň zäherli şiresi esasanam kiçi çagalar we haýwanlar üçin howpludyr, çünki onuň aşgazana düşüp biljek kiçijik bölegi hem örän zyýanly zäherlenmä getirýär.


Zamiokulkasy allergik adamyň bar öýünde ösdürip ýetişdirmek maslahat berilmeýär.


Otag çyrmaşygy — bezeg lianasynyň baldaklary, ýapraklary we miweleri zyýanlydyr. Ösümlik hasam gök otlara ünsi gidýän pişikler üçin howpludyr.


Iýmitdäki maddalar parazit bakteriýalary we kömelejikleri ýok edýär. Otag çyrmaşygy howany gowy arassalaýar.


Puansettiýa (Roždestwo ýyldyzy) — onuň açyk gyzyl reňkdäki gülleri öräm owadandyr, ýöne euforbiýa maşgalasyna degişli bolany üçin bu ösümlik zäherlidir. Gül döwülende ondan ýaýrap çykýan şire gyzarma we gijilemäge getirýär.


Pahipodiýum — adatça ol «Madagaskar palmasy» diýlip atlandyrylýar. Agajyň sütüni ýiti tikenler bilen örtülendir, şonuň üçin ony çagalaryň we haýwanlaryň eli ýetmez ýaly ýerde goýmaly. Ösümligiň şiresi adamyň derisi üçin zyýansyzdyr, ýöne ýaralara düşen ýagdaýynda ýaramaz täsiri döredýär.


Oleander — kiçi göwrümli otagda bu gülüň ysy kelleagyry döredýär. Mundan başga-da, oleander şiresi adam organizmine düşen mahaly gusma, içgeçme we ýürek-damar kesellerine getirýär


Amarillis belladonna — bu ösümlik gülleýän döwründe ajaýyp gözelligi emele getirip, otag medeniýeti hökmünde meşhurlyga eýe boldy. Amarillisiň howply ýeri onuň soganlygy bolup, onuň şiresi gusmaga we sudoroga bermäge getirýär.


Adeniýum — bu kiçijik agaja meňzeýän ekzotik ösümlik. Onuň ajaýyp görnüşiniň aňyrsynda zäherli «häsiýeti» gizlenýär. Ösümligiň şiresi deriniň üsti bilen bedene geçip, ölüme sebäp bolup bilýär. Käbir afrikaly taýpalar henizem atýan oklaryna adeniýum şiresini goşýarlar.


Tebigatda dürli hili ýagdaýlar ýüze çykýar, käbir ösümlikleriň daşky görnüşi özüne çekiji bolsa-da, olar düzüminde ýeterlik derejede zäheri jemläp bilýärler. Şonuň üçin otag gülüni satyn alan mahalyňyz bu ugra has oňat düşünýän hünärmenler bilen maslahatlaşyň. Şunuň bilen birlikde, güllere ideg etmekde «howpsuzlyk çäreleriniň» ýönekeý düzgünlerine eýeriň, ýagny gülleri diňe ellik bilen ellemäge çalşyň, şeýle-de elleriňizi sabyn bilen gowy edip ýuwmagy ýatdan çykarmaň.


Bu ýagdaýlara aýratynam öýünde kiçi ýaşly çagalary bolanlar üns bilen çemeleşmelidir. Çagalar töweregindäki zatlar barada bilmegi, owadan gülleri elläp görmegi gowy görýärler. Şonuň üçinem ene-atalar otag ösümliklerini çaganyň eliniň ýetmejek ýerinde goýup tertipleşdirmelidir.

52
160
Lilia_
20.10.2023 09:00
Arassa howada gezelenç etmeseň näme bolar? Ynsan saglygyna zyýan ýetirip biljek 5 ýagdaý.
Edil söýgi hakynda ýazylan aýdymlaryň köp bolşy ýaly, arassa howada gezelenç etmegiň ynsan saglygyna ýetirýän peýdasy barada ýazylan maglumatlar hem az däl. Ýöne ine, öýde çykmaýan adamyň organizmi, saglyk ýagdaýy nähili bolup biler.

Bu meselede ilkinji bellemeli zat, dört diwaryň içinde oturmagyň adamyň ünsüni bir ýere jemlemegine, beýniniň işlemegine ýetirýän zyýanydyr. Adama ýöremek we arassa howada kisloroddan dem almak, bedeninde olaryň derejesini artdyrmak akyl öndürijiliginiň işjeňleşmegine we konsentrasiýasynyň ýokarlanmagyna kömek edýär. Onsoňam, bu babatda amerikan alymlarynyň geçiren barlagy 4 günläp arassa tebigatda bolan adamlaryň tabşyran döredijilik testiniň adaty adamlaryňkydan 50% ýokary bolýandygyny görkezdi. Diýmek, arassa howada gezelenç etmek döredijilik ukybynyň açylmagyna ýardam edýär.

Her gün gezelenç etmegiň deregine, bütin wagtyny diwanda oturyp telewizor görmek bilen geçirýän adamlaryň bolsa keýpi ýaramazlaşýar. Bu hili ýagdaýda şähdiňi açmaga diňe tebigata çykyp gezim etmek, ylgamak ýa-da welosipedde aýlanmak täsir edip biler. Kislorodyň ýeterlik derejede kabul edilmegi bolsa organizmde serotonin, endorfin we dofamin ýaly bagt gormonlarynyň bölünip çykmagyna mümkinçilik berýär.

Apatiýa, ýaltalyk we ýadawlyk duýgulary köplenç halatda köçede gezelenç etmeýän adamlarda ýüze çykýar. Öýde wagt geçirmek endigi D witaminiň derejesiniň peselmegine sebäp bolýar, gezelenç bolsa süňkleri berkitmekde, ýürek-damar keselleriniň we beýniniň işlemeginiň öňüni almakda möhüm hyzmata eýe bolýar.

Eger siz öýden çykman oturýan bolsaňyz, rahat ýatmak aňsadam däldir. Arassa howaly gündiziň ýagtylygy saglyga juda peýdalydyr. Emma emeli yşyklandyryş uky gormony bolan melatoniniň derejesini ýokarlandyrýar. Adam beýle ýagdaýda özüni ýadaw we ukusyz duýýar, ýöne şol bir wagtyň özünde hem kynlyk bilen uklaýar.

Immunitetiň pese düşmeginiň esasy sebäpleriniň biri hem gezelenç etmezlikden döreýär. Arassa howadan dem almak we temperaturanyň dürli hili bolmagy immun ulgamyny berkidýär. Gezelençden hatda gyşyň günem ýüz döndürmek bolmaýar. Otaglaryň guraksy salkyn bolmagy hem keselleriň döremegine täsir edýän mikroblaryň öňüni alýar.

Gezim etmegiň we arassa tebigatdan dem almagyň saglyga ýetirýän peýdasyny köp sanly geçirilen barlaglaram tassyklaýar. Olardan birnäçesine ýüzlenip geçeliň:

1984-nji ýylda lukman Rojer Ulriçiň “Aýnadan daşaryk seretmek operasiýadan soň sagalmaga täsir edýär” diýen makalasy neşir edildi. Lukmanyň geçiren barlagyna görä, sagaldyş öýünde daşaryk, tebigata seredip oturan näsaglar tiz sagalypdyrlar. Şeýle-de bejerişde gezelenç etmegi hem göz öňüne tutmaly.

2014-nji ýylda alymlar giň gerimde analiz geçirip, onuň dowamynda 8500 sany adamyň netijelerini jemlediler. Bu barlagyň esasynda gelnen netije bolsa, adamyň näçe tebigata ýakyn bolsa, şonça-da duýgularynyň položitel häsiýetli bolýandygydyr.

2012-nji ýylda bolsa alymlar tebigata çykýan adamlarda empatiýa duýgusynyň ösýändigini ýüze çykardylar. Bu ýagdaýda bolsa adamlar duýgudaşlyk ýaly häsiýetli bolup, meýletin ýardamçylyk ýaly işleri alyp barýarlar.

Her günde daşarda aýlanmagy, gezim etmegi özüňize endik edinjek boluň, çünki hereketlilik durmuşyň özenidir.
45
38
Lilia_
20.10.2023 05:48
Şekere bolan islegi ýeňip geçmegiň 6 usuly
«Süýji zat iýmesem bolanok», «Şokolad süýjülerini hem-de beýleki süýji zatlary örän halaýan», «Iň halaýan zadym süýji» we şuňa meňzeş sözleri dostlaryňyzdan, ýakynlaryňyzdan günde diýen ýaly eşidýänsiňiz ýa-da bu sözleri özüňizem ýygy-ýygydan gaýtalaýansyňyz. Ýöne şekerli zatlary köp iýmegiň saglygymyza ýaramaz täsir edip bilýändigini welin hemmämiz bilýän bolsak gerek. Şonuň ýaly-da, şeker iýmesek hiç bolmaýan ýagdaýynda oňa nähili çäre görüp bilerkäk?

Bu makalada şekerli zatlary iýmegimizi çäklendirip biljek ýa-da şekerçil endigimizi bes etmäge ýardamyny ýetirjek maslahatlar jemlenendir.

Şekere bolan islegimizi nädip ýeňmeli?

•  Az-kemden mukdaryny azaltmaly. Mysal üçin, adatça çaýymyza guýýan iki çemçe şekerimizi bir çemçe azaldyp, şeýle-de iýýän süýtli şokoladymyzyň ýerine ajy şokoladlary iýip bileris. Şokoladyň düzüminde kakao-bob önümi näçe köp bolsa, onuň şekeri hem şonça azdyr. Käbir ajy şokoladlarda kakao-bobuň mukdary 99%-e çenli hem bolup bilýär.

• Gündelik iýmitiň möçberini çylşyrymly uglewodlara öwrüň. Olar has uzak siňdirilýär, şonuň üçinem özüňizi uzak wagtlap dok duýarsyňyz. Çylşyrymly uglewodly iýmitlere däneler, nohut, gök önümler, kömelekler, otlar, miweler, tokaý miweleri, hozlar, un önümleri degişlidir.

• Sport bilen meşgullanmak. Yzygiderli geçirilýän fiziki hereketler stressi basýar, ol bolsa şekere bolan islegi ýokarlandyrýan şertdir. Munuň üçin günde türgenleşik zallaryna gitmek, o bolmasa-da her gün maşk etmek ýeterlikdir.

• Gündelik iýip-içýän zatlaryňyzyň sanawyna suw bilen limony goşuň. Dogrusy, bu iki peýdaly zatlar artykmaç agramdan dynmaga kömek edip, zerur bolan şeker bilen üpjün eder.

• Süýjülige bolan adaty endikleriňizden saplanjak boluň. Kän barýan kafedir çaýhanalaryňyza kän barmajak boluň.

• Özüňi dok ýaly duýuň. Özüňize kän bir ajykmaz ýaly we süýji zatlary küýsäp durmaz ýaly iýmit tertibini düzjek boluň.

Şekere bolan islegi döredýän şertler hökmünde şulary görkezmek bolar:

• Deňagramsyz iýmitlenmek, ýok bolan çylşyrymly uglewodlary şeker bilen doldurmak

• Beýnini işjeňleşdirýän akyl işi. Netijede, beýnimiz ony süýjüler bilen ätiýaçlandyrmagy talap edýär.

• Stressi süýjülik bilen basmak endigi;

• Ukynyň kadasynyň bozulmagy.

Şeýle-de iýmit tertibiňizde süýjüli gazlandyrylan suwlary, fruktoazly, şekeri çalşyryjyly süýjüli naharlary, siroplary, şeýle-de pirožnylary we ş.m iýmegi çäklendirmek zerurdyr.

Peýdaly süýjüler

Hemme zatda sazlaşyk bolmalydyr. Şonuň üçin süýjülerdenem doly ýüz öwürmeli däldir. Gowy ýeri, birneme zyýansyz süýjüleriň hem bardygy. Olaryň hatrarynda zefir, pastila, ajy şokolad, marmelad, ary baly, miweler, gury iýmişler, tokaý miweleri we ş.m bellemek bolar.
41
30
Lilia_
20.10.2023 00:18
Häzirki eneler üçin taým-menejment: maşgalany, çagany we işi nädip utgaşdyrmaly.
Häzirki zaman dünýäsinde zenanlaryň durmuşyny hem maşgala, hem zähmet ýoly bilen utgaşdyrmaga mümkinçilik bardyr. Olar bu ýagdaýda iki ugurda hem üstünlikli netije gazanyp, özlerini hem ýatdan çykarmaýarlar. Köp işli bolmak zenan üçin adatça kadaly ýagdaý, ýöne olar özlerini kämilleşdirmegi maşgala durmuşy bilen nädip sazlaşykly utgaşdyryp bilerler? Munuň üçin käbir zatlary bilmek zerurdyr.

Wagty ulgamlaşdyrmak we guramak. Şahsy gün tertibiňi düzmek — täsirli usul bolup, şu ýagdaýlara ýardam edýär:

işleri möhümligine görä yzygiderlilikde hepde we aý üçin meýilleşdirmäge;
möhüm çärelere taýýarlyk görmäge (maşgala derejesinde ýa-da oturyşlyk ýaly) hem-de ähli işleri guramagy ýetişmäge.
Çaga bilen kadaly, dogry wagt geçirmek. Işleýän her bir enä çagasy bilen geçirýän wagtynyň sanyna däl-de, şol sarp edilýän wagtyň hiline ähmiýet bermek zerurdyr.

Çagaňyza ir säherden başlap wagt sarp etjek boluň (iň bolmanda 10-15 minut). Bütin günüň dowamynda çagaňyz bilen jaňlaşyp bilseňiz has gowy bolar. Işden geleniňizden soň bolsa, telefonuňyzy öçürip, çagalaryňyz bilen günüňiziň nähili geçendigi barada pikir alşyň.

Çagaňyz bilen has ýakyn gatnaşyk saklamaga bilelikde edilen iş hem mümkinçilik berýär. Oňa kitap okamak, bir zady bile taýýarlamak, gezelenç we ş.m degişli bolup biler. Maşgalany bilelikde geçirilen dynç günlerem örän jebisleşdirýär.

Özümize wagt tapmaly. Ýadaw we sussupes ene çagalaryny nädip begendirip biler öýdýärsiňiz? Hut şonuň üçinem zenan maşgala işden we hojalygyň işlerinden ünsüni sowup, dynç almalydyr. Munuň üçin gözellik salonlaryna gidiň, joralaryňyz bilen duşuşyň, suwa düşüň, iň halaýan aýdymyňyzy diňläň we şular ýaly keýpiňizi çaglap biljek zatlara gümra boluň.

Has agyr düşjek işleri etjek bolmaň. Köp işi bir wagtda etjek bolmak emosional dartgynlylyga, hatda has uly ýaramaz täsire getirip bilýär. Käbir işleriňizi ýanýoldaşyňyza ynanyň, az-kem ene-atalardan kömek soraň.

Balans tapmaga synanyşmak gaz plitasynyň dört gözi baradaky teoriýada ýardam eder. Rus psihology, mugallym we «SelfMama. Işleýän ene üçin laýfhaklar» atly kitabyň awtory Lýudmila Petranowskaýa bu teoriýany şeýle düşündirýär:

«Gazyň dört gözüni ýada salýan, durmuşymyzyň esasy ugurlary bolan dört sany esasy zady — maşgalany, işi, saglygy hem-de dynç almagy ot diýip göz öňüne getirsek, olaryň ählisini birden ýakmaly däldigine düşünmelidiris. Ýogsam, beýle uly ýangynda nämedir bir zada ot düşmegi mümkindir».

Getirilen mysaldan görnüşi ýaly, zenan bu «otlaryň» ýanyş derejesini, haýsysyny güýçlendirmegi, haýsy birini peseltmegi öwrenmelidir. Şeýdibem, ol gündelik durmuşynda hojalygy, işi we özüne sarp etjek wagtyny kadalaşdyrýar.

Söýgi, goraglylyk we enäniň her demde goldaw berip durmagy çaga üçin örän möhümdir, ol adamyň geljekki durmuş ýoluny kesgitläp bilýär. Bu köp sanly işler maşgalada enä uly jogapkärligiň düşýändigini görkezýär. Ähli eneleriň hökmany suratda bilmeli zady — özüne üns berip, saglygyny, nerw ulgamyny kadaly saklamagyň daşky gurşaw bilen, adamlar bilen gatnaşmakda iň möhüm zatdygyna akyl ýetirmegidir.
40
35
Lilia_
19.10.2023 23:00
Ýaş eneler üçin boş wagt tapmakdan uly dynç barmyka? Uzakly günläp çaga seretmak, öý-içerini tertiplemek ýaly hysyrdylar bilen häzirki wagtda eneleriň aglabasy özüne seretmäge, trenažýor zalyna gidip maşk etmäge bir sagadam wagt tapanok. Belki, adaty şertlerde bu mümkinem däldir.

Begendirýän ýeri, bu meseläni göz öňüne tutup, fitnes instruktorlar täze özboluşly ugur — «Stroller Fitness» beden terbiýe usulyny oýlap tapdylar.

Bu türgenleşikler bedenterbiýe hökmünde çagany kolýaskada gezim etdirmegi öz içine alýar. Bu fiziki maşklary çaga doglandan alty aý geçmänkä we lukman bilen maslahatlaşmazdan başlamaly däldir. Mundan başga-da, “Stroller Fitness” programmasyny döredijiler çaganyň enesiniň gezelenç mahaly rahat bolmagy we özüni oňaýly duýmagy üçin beýik hem-de ýumşak tigirli kolýaskalary satyn almagy maslahat berýärler.

Islendik sport türgenleşigi maşklardan başlanýar. Myşsalary gyzdyrmak üçin kolýaska bilen yzygiderli ýöremek amatlydyr. Munuň netijeli bolmagy üçin ýöremek sportunyň esasy düzgünerini berjaý etmelidir: öňe uzadylýan aýak ýerdäki aýagyň barmagy ýerden üzülmäkä ýere degmelidir. Şeýle hem tizligiňizi üýtgedip ýöräp bilersiňiz.

Kolýaskada gezim edilýän mahaly ýerine ýetirip boljak maşklar:

Oturyp-turmak. Kolýaskadan mäkäm tutuň, aýaklaryňyzy egniňiziň giňliginde açyň, arkaňyzy dik saklaň. Indi bolsa ýuwaşlyk bilen, adaty wagt stulda oturýan ýaly oturyň. Dikeliň. Bu maşky gysga arakesme bermek bilen, 15-20 gezekden 3 tapgyr ýerine ýetiriň.

Bir dyzyňa çökmek. Çep taraplygyna kolýaska laýyk durup, ondan çep eliňiz bilen ýapyşyň. Sag aýagyňyza dolulygyna çöküň, soňra bolsa göwräňizi öňki ýagdaýyna getiriň. Bu çöküşi her aýagyňyzda 15-20 gezekden 3 tapgyr gaýtalaň.

Aýagyňy galdyrmak. Ýüzüňizi kolýaska tutup, iki eliňiz bilen onuň tutawajyndan tutuň, soňra çala öňe egiliň. Her aýagyňyzy 10 gezekden yzlygyna galdyryň. Soňra göwräňizi kolýaska gyralygyna bakdyryp, her aýgyňyzy 10 gezekden gyralygyna galdyryň.

Göwräňi gyralygyna egmek. Kolýaska gyralygyna duruň, aýaklaryň arasyny egniňiziň giňliginde açyň, bir eliňizi biliňize goýup, beýleki eliňiz bilen kolýaskadan tutup, şeýlelikde bolsa, ony öňe tarap itiň we birbada göräňizi gyralygyna egiň. Muny her tarapa 15-20 gezekden 3 tapgyr gaýtalamalydyr.

Kolýaskany öňe-yza hereketlendirmek eginleriňizi we gollaryňyzy işletmäge ýardam edýär. Munuň üçin kolýaskadan mäkäm ýapyşmak bilen, ony özüňize çekiň we öňe garşy itiň. Agramyň has ýeňil düşýändigi üçin bu maşky 30-40 gezekden gaýtalamaly bolýar. Soňra muny başgaça, arkanlygyna durup hem ýerine ýetirmek bolar.

Çaga bilen arassa howada gezelenç edilen mahaly bedenterbiýe maşklaryny etmek — bedeniňi kadaly ýagdaýa getirmekde ajaýyp mümkinçilikdir. Fitnesçi ene bolmak diňe bir moda-da däl, eýsem ol peýdaly endik.
40
30
Lilia_
19.10.2023 19:26

Zehinli ynsanlaryň 7 aýratynlygy

Ähli ynsanlar dünýä inende özlerine mahsus zehin — aýratynlyk bilen dogulýarlar. Zehinlerini ýüze çykaryp bilenler beýlekilerden tapawutlanyp başlaýarlar. Akylly adamlar ýüze çykan ähli meselelere, kynçylyklara aňsatlyk bilen çözgüt tapýan adamlardyr. Olar çuňňur düşünjeleri we ýiti zehinleri bilen tanalýarlar. Olaryň tapawutly aýratynlyklary näme ? Biz olardan nämeleri öwrenip bileris?


Öwrenmäge hemişe taýýardyrlar


Akylly adamlar döredijilikleri bilen has köp tanalýar. Bilesigeliji bolandyklary üçin gürrüňe has içgin aralaşýarlar. Her bir işe çuň düşünmäge çalşyp, ondan bir many almak isleýärler. Olaryň beýleki adamlara garanyňda artykmaç taraplary özleriniň kemçiliklerini köp diýip hasaplaýanlygydyr. Olarda enjamlaryň nähili işleýändigi, tapawutly medeniýetler, azyk önümleriniň düzümi, taryh hakyndaky we töweregindäki adamlar baradaky täze zatlary öwrenmek üçin her pursady peýdalanmak, hemişe gözlegde bolmak häsiýeti bar. Şeýle- de, olar 24 sagadyň 7 sagadyny täze maglumatlara eýe bolmak we başarnyklaryny ösdürmek üçin harçlaýarlar.


Gowy synçydyrlar


Olaryň garaýyşlary we düşünjeleri diýseň anykdyr. Akylly adamlaryň hemmesi bir zada seredip nämäni görmek isleýän bolsa, anyk görüp bilýär. Şol ýerdäki ähli aýratynlyklary we ýetmezçiligi tiz duýýarlar. Düşünmek endiginiň ösendigi üçin bir-birine meňzeýän iki obýektdäki tapawutly taraplary-da çalt tapyp bilýärler. Eger ünsüni başga zatlara gönükdirmedik bolsalar, bu adamlar hiç bir zat babatda düşünişmezlige duçar bolmazlar. Olarda netije çykarmak we çak etmek häsiýetleri ösen. Köp gürlemegiň deregine olar öwrenmek üçin sowal bermäge meýillidirler.


Şowsuzlykdan gorkmazlar


Bir zady has içgin öwrenmegiň ýoly diňe synap görmek we gözegçilik bilen aýdyňlaşýar. Tomas Edison elektrik lampasyny ýakmak üçin 2000-e ýakyn dürli maddalarda tejribe geçirip görüpdir. Emma ol hiç hili netije bermändir. Onuň şägirtleriniň biri 700 synanyşygyň hem şowsuz geçendigini aýdanda, Edison oňa: «Ýok, bu başaryp bilmezlik däl! Biz gerek bolmadyk 700 zady öwrendik!» diýip jogap berýär. Diýmek, ýalňyşlar adamy güýçli edýär we oňa sapak bolýar.


Asla ruhdan düşmezler


Zehinsizlikden gorkmak, maksadyňdan dänmegiňe getirip biler. Şeýle günlerde biz täze zatlary ýerine ýetirmekde uçran şowsuzlygymyz zerarly maksadymyzdan dänýäris. Bir zady başaryp bilmesek, name üçin çalt ruhdan düşýäris? Wagty yzyna gaýtaryp, entek çagajykkak ýöremegi öwrenen pursadymyzy hakydamyzda janlandyralyň! Bu kämilleşmegiň dowamynda näçe gezek ýykylyp- sürüşdük?! Takmynan ýüzlerçe gezek. Eger şol wagt hem, maksadymyzdan dänen bolsak name bolardy? Öwrenmek köp wagty talap edýär, zehinli adamlar maksadyna ýetmek üçin ýüze çykan päsgelçiliklere köp üns bermeýärler. Olar maksadynyň hasyl boljagyna ynanyp, soňuna çenli dowam edýärler.


Akylly adamlar bilen söhbetdeş bolarlar


Olar wagtlaryny zerur jedellere we zehinli adamlar bilen söhbetdeş bolmaga harçlaýarlar. Olaryň başarnyklarynyň özeninde söhbet gurap bilmek ukyplary ýatyr. Siziň pikiriňizçe, has gowy gürleşip bilýän, öz diýenleri bilen töweregindäkileri ylalaşdyryp bilýän, sagdyn we berk gatnaşyklary döretmäge werziş bolan, söhbetdeşligiň esasynda gazanan ukyplaryny kyn pursatlarda peýdalanyp bilýän ynsan başarnyksyz we bagtsyz adam bolup bilermi? Dünýäniň özi uly aragatnaşyk tory we şol torda bize ylhamlandyryjy, peýdaly, manyly sowallary berýän adamlar gerek. Töweregimizde mugallymymyz, akylly dostumyz bolan wagty öwrenip bilijilik ukybymyz beýleki wagtdakylara seredende has beýikdir.


Täze pikirlere teşnedirler


Has gowy öwrenip bilmek üçin beýnimiziň diňlemäge we okamaga ätiýajy bardyr. Kiçijik çagajygyň dünýäni nähili açyşyna syn ediň. Her bir zada gyzyklanma bilen sereder, ähli bölekleri bir ýere getirmäge çalşar we ondan lezzet alar. Akylly adamlar bilesigeliji häsiýete eýe bolup, islendik wagt özüni kämilleşdirmäge itergi berjek täsin pikirleri öwrenmäge taýýardyrlar.


Pespäl adamlardyr


Olar, adatça, dymmagy saýlarlar. Eýe bolan bilim we ukyplaryny başgalara täsir etmek üçin däl-de, şeýle etmek isleýän adamlary ýeňmek üçin peýdalanýarlar. Bilmeýan zatlaryny bilýän ýaly görkezmäge çalyşmazlar. «Bilmeýärin» diýen jogaby nagt bererler. Olar hemişe rahat we işjeň adamlar hasaplanýarlar.

81
868