Ýaşlar we elektronika..
Durmuşymyzda elektronikanyň tutýan orny barada heý pikir edip gördüňizmi? Eger heniz bu barada oýlanmadyk bolsaňyz, geliň, adaty bir günümize şeýle bir göz aýlalyň!
Her gün irden jübi telefonumyzyň sagadynyň jaňyna oýanýarys. Bir gezekde oýanýan bolsak, ne ýagşy. Ýogsam, iki-üç gezek telefonuň sesini öçürýäris. Oýanyp ýetişmänkäk eýýäm telewizor aýdyp durandyr. Ony çatanymyzyň parhyna hem baran däldiris. Ertirlik edinilýän pursatynda internetdäki dostlarymyza “Salam” diýip ýazmak üçin telefony elimizden düşürmeýäris. Bir elimizde bolsa telewizoryň uzakdan dolandyryjysy. Näme iýip-içenimizi bilmän, derrew okuwa tarap ýola düşýäris. Edil ýetişiksiz günde galan ýaly, öýden çykyp barýarkak gulagymyza ses çykaryjy enjamy dakmaga howlugýarys. Ýogsam, başga möhümräk işler üçin hem howlugyp bilerdik ahyryn. Aýdymlaryň arasyndan bir oňa, bir muňa geçirip, barjak ýerimize barýarys. Ýogsam, awtobusda mekdebe bile gatnaýan dostlarymyz bilen derslerimiz barada hem gürrüň edip bilerdik ahyryn. Mekdepden öýümize dolananymyzda hem şeýleräk. Öýe gelip, kompýuterimizi açýarys. Bir aý töweregi uzak wagta çekýän uly kompýuter oýunlaryň tamamlanman galan basgançaklaryny geçýäris, şa gyzyny halas edýäris, ýa-da söýgüli futbol toparymyzy kompýuterde çempion edýäris. Oýnuň dowamynda käte gaharlanýarys. Hatda toplan utugymyz azyrak bolsa, oýna täzeden başlaýarys. Öý işlerimizi agşam naharyndan soňa goýýarys. Şony hem elektroniki görnüşde amala aşyrmagy arzuw edýäris. Kitap okanymyzda ýene-de aýdym-saz diňlemäge çalyşýarys. Derslerimize taýýarlyk görenimizde özümize wagt çägäni goýýarys. Goýan wagt çägimiz tamamlanmanka derrew kitabymyzy ýapýarys. Emma kompýuter oýunlaryny oýnanymyzda, telewizora tomaşa edenimizde bu düzgüni ýatdan çykaran bolýarys. Irden ýatmalydygymyzy bilýäris. Onuň saglyga peýdasynyň bardygyny, ertirki güne işjeň başlamaga ýardam edýändigini hem bilýäris. Ýöne näme üçindir ukymyz gelýänçä internete girip, bir azajyk ýazyşasymyz gelýär. Ukymyz tutýar, emma ýollan hatlarymyzyň jogaplaryna garaşyp, özümizi uklamakdan saklaýarys. Bir seredýäris, sagat eýýäm bolup bilenini bolupdyr. Telefonuň sagadynyň jaňyny turjak wagtymyza goýýarys. Elbetde, ýaňy ukymyz gaçansoň, indi uklaýançak telefonuň aýdymyny çatyp goýýarys. Gije bir mahalllar gulagyňyza ses gelýändir. Görseňiz, telefonuňyz aýdym aýdyp durandyr. Öçürmäge çalyşýarsyňyz. Ukynyň arasynda başga düwmelerine basýarsyňyz. Irden ýene-de şol telefonuň jaňyna oýanýarsyňyz. Telefonyň sagady jyrlan hem bolsa, uzak gije aýdym aýdyp duransoň, güýji gaçandyr. Hawa, turan badymyza ony toga çatýarys. Şeýdibem, ýene-de bir elektroniki gün başlanýar.
***
Elbetde, tehnologiýa biziň durmuşymyzy ýeňilleşdirýär. Ony ulanmazlyk mümkin däl. Emma oňa durmuşda biziň üçin has gymmatly zatlaryň – dostlugyň, maşgalanyň, söýginiň, saglygyň, wagtyň... ornuny eýelemäge rugsat bermäliň!
Makalanyň awtory Şageldi Ýabanow