Arassa howada gezelenç etmeseň näme bolar? Ynsan saglygyna zyýan ýetirip biljek 5 ýagdaý.
Edil söýgi hakynda ýazylan aýdymlaryň köp bolşy ýaly, arassa howada gezelenç etmegiň ynsan saglygyna ýetirýän peýdasy barada ýazylan maglumatlar hem az däl. Ýöne ine, öýde çykmaýan adamyň organizmi, saglyk ýagdaýy nähili bolup biler.
Bu meselede ilkinji bellemeli zat, dört diwaryň içinde oturmagyň adamyň ünsüni bir ýere jemlemegine, beýniniň işlemegine ýetirýän zyýanydyr. Adama ýöremek we arassa howada kisloroddan dem almak, bedeninde olaryň derejesini artdyrmak akyl öndürijiliginiň işjeňleşmegine we konsentrasiýasynyň ýokarlanmagyna kömek edýär. Onsoňam, bu babatda amerikan alymlarynyň geçiren barlagy 4 günläp arassa tebigatda bolan adamlaryň tabşyran döredijilik testiniň adaty adamlaryňkydan 50% ýokary bolýandygyny görkezdi. Diýmek, arassa howada gezelenç etmek döredijilik ukybynyň açylmagyna ýardam edýär.
Her gün gezelenç etmegiň deregine, bütin wagtyny diwanda oturyp telewizor görmek bilen geçirýän adamlaryň bolsa keýpi ýaramazlaşýar. Bu hili ýagdaýda şähdiňi açmaga diňe tebigata çykyp gezim etmek, ylgamak ýa-da welosipedde aýlanmak täsir edip biler. Kislorodyň ýeterlik derejede kabul edilmegi bolsa organizmde serotonin, endorfin we dofamin ýaly bagt gormonlarynyň bölünip çykmagyna mümkinçilik berýär.
Apatiýa, ýaltalyk we ýadawlyk duýgulary köplenç halatda köçede gezelenç etmeýän adamlarda ýüze çykýar. Öýde wagt geçirmek endigi D witaminiň derejesiniň peselmegine sebäp bolýar, gezelenç bolsa süňkleri berkitmekde, ýürek-damar keselleriniň we beýniniň işlemeginiň öňüni almakda möhüm hyzmata eýe bolýar.
Eger siz öýden çykman oturýan bolsaňyz, rahat ýatmak aňsadam däldir. Arassa howaly gündiziň ýagtylygy saglyga juda peýdalydyr. Emma emeli yşyklandyryş uky gormony bolan melatoniniň derejesini ýokarlandyrýar. Adam beýle ýagdaýda özüni ýadaw we ukusyz duýýar, ýöne şol bir wagtyň özünde hem kynlyk bilen uklaýar.
Immunitetiň pese düşmeginiň esasy sebäpleriniň biri hem gezelenç etmezlikden döreýär. Arassa howadan dem almak we temperaturanyň dürli hili bolmagy immun ulgamyny berkidýär. Gezelençden hatda gyşyň günem ýüz döndürmek bolmaýar. Otaglaryň guraksy salkyn bolmagy hem keselleriň döremegine täsir edýän mikroblaryň öňüni alýar.
Gezim etmegiň we arassa tebigatdan dem almagyň saglyga ýetirýän peýdasyny köp sanly geçirilen barlaglaram tassyklaýar. Olardan birnäçesine ýüzlenip geçeliň:
1984-nji ýylda lukman Rojer Ulriçiň “Aýnadan daşaryk seretmek operasiýadan soň sagalmaga täsir edýär” diýen makalasy neşir edildi. Lukmanyň geçiren barlagyna görä, sagaldyş öýünde daşaryk, tebigata seredip oturan näsaglar tiz sagalypdyrlar. Şeýle-de bejerişde gezelenç etmegi hem göz öňüne tutmaly.
2014-nji ýylda alymlar giň gerimde analiz geçirip, onuň dowamynda 8500 sany adamyň netijelerini jemlediler. Bu barlagyň esasynda gelnen netije bolsa, adamyň näçe tebigata ýakyn bolsa, şonça-da duýgularynyň položitel häsiýetli bolýandygydyr.
2012-nji ýylda bolsa alymlar tebigata çykýan adamlarda empatiýa duýgusynyň ösýändigini ýüze çykardylar. Bu ýagdaýda bolsa adamlar duýgudaşlyk ýaly häsiýetli bolup, meýletin ýardamçylyk ýaly işleri alyp barýarlar.
Her günde daşarda aýlanmagy, gezim etmegi özüňize endik edinjek boluň, çünki hereketlilik durmuşyň özenidir.