Şekere bolan islegi ýeňip geçmegiň 6 usuly
«Süýji zat iýmesem bolanok», «Şokolad süýjülerini hem-de beýleki süýji zatlary örän halaýan», «Iň halaýan zadym süýji» we şuňa meňzeş sözleri dostlaryňyzdan, ýakynlaryňyzdan günde diýen ýaly eşidýänsiňiz ýa-da bu sözleri özüňizem ýygy-ýygydan gaýtalaýansyňyz. Ýöne şekerli zatlary köp iýmegiň saglygymyza ýaramaz täsir edip bilýändigini welin hemmämiz bilýän bolsak gerek. Şonuň ýaly-da, şeker iýmesek hiç bolmaýan ýagdaýynda oňa nähili çäre görüp bilerkäk?
Bu makalada şekerli zatlary iýmegimizi çäklendirip biljek ýa-da şekerçil endigimizi bes etmäge ýardamyny ýetirjek maslahatlar jemlenendir.
Şekere bolan islegimizi nädip ýeňmeli?
• Az-kemden mukdaryny azaltmaly. Mysal üçin, adatça çaýymyza guýýan iki çemçe şekerimizi bir çemçe azaldyp, şeýle-de iýýän süýtli şokoladymyzyň ýerine ajy şokoladlary iýip bileris. Şokoladyň düzüminde kakao-bob önümi näçe köp bolsa, onuň şekeri hem şonça azdyr. Käbir ajy şokoladlarda kakao-bobuň mukdary 99%-e çenli hem bolup bilýär.
• Gündelik iýmitiň möçberini çylşyrymly uglewodlara öwrüň. Olar has uzak siňdirilýär, şonuň üçinem özüňizi uzak wagtlap dok duýarsyňyz. Çylşyrymly uglewodly iýmitlere däneler, nohut, gök önümler, kömelekler, otlar, miweler, tokaý miweleri, hozlar, un önümleri degişlidir.
• Sport bilen meşgullanmak. Yzygiderli geçirilýän fiziki hereketler stressi basýar, ol bolsa şekere bolan islegi ýokarlandyrýan şertdir. Munuň üçin günde türgenleşik zallaryna gitmek, o bolmasa-da her gün maşk etmek ýeterlikdir.
• Gündelik iýip-içýän zatlaryňyzyň sanawyna suw bilen limony goşuň. Dogrusy, bu iki peýdaly zatlar artykmaç agramdan dynmaga kömek edip, zerur bolan şeker bilen üpjün eder.
• Süýjülige bolan adaty endikleriňizden saplanjak boluň. Kän barýan kafedir çaýhanalaryňyza kän barmajak boluň.
• Özüňi dok ýaly duýuň. Özüňize kän bir ajykmaz ýaly we süýji zatlary küýsäp durmaz ýaly iýmit tertibini düzjek boluň.
Şekere bolan islegi döredýän şertler hökmünde şulary görkezmek bolar:
• Deňagramsyz iýmitlenmek, ýok bolan çylşyrymly uglewodlary şeker bilen doldurmak
• Beýnini işjeňleşdirýän akyl işi. Netijede, beýnimiz ony süýjüler bilen ätiýaçlandyrmagy talap edýär.
• Stressi süýjülik bilen basmak endigi;
• Ukynyň kadasynyň bozulmagy.
Şeýle-de iýmit tertibiňizde süýjüli gazlandyrylan suwlary, fruktoazly, şekeri çalşyryjyly süýjüli naharlary, siroplary, şeýle-de pirožnylary we ş.m iýmegi çäklendirmek zerurdyr.
Peýdaly süýjüler
Hemme zatda sazlaşyk bolmalydyr. Şonuň üçin süýjülerdenem doly ýüz öwürmeli däldir. Gowy ýeri, birneme zyýansyz süýjüleriň hem bardygy. Olaryň hatrarynda zefir, pastila, ajy şokolad, marmelad, ary baly, miweler, gury iýmişler, tokaý miweleri we ş.m bellemek bolar.