Lilia_
25.10.2023 16:56
ADAM BEDENI HAÝSY ELEMENTLERDEN YBARAT?
Alymlaryň gelen netijesine görä, biziň bedenimiz atomlardan durýar. Eýsem olar haýsy elementlerden ybarat we adam olary nädip kabul edýär?
Adam bedeniniň massasynyň 96 %-i azot, wodorod, kislorod we ugleroddyr. Şeýlelik bilen, bedende kislorodyň 61 %-i, wodorodyň bolsa 10 %-i bar. Şol bir wagtyň özünde, wodorod kisloroddan has ýeňil, şonuň üçin atomlarymyzyň, takmynan, 63 %-i wodorod atomlary, 24 %-i kislorod atomlary we 12 %-i uglerod atomlarydyr.
Wodorod atomlarynyň köpüsi biziň içýän suwumyzdan gelýär.100 ýyl ozal bu atomlar islendik dünýä ummanlarynyň birinde, 1000 ýyl ozal bolsa, haýsydyr bir ýerasty suwlarda ýerleşen bolmaly.
Kislorod atomlary bedenimize howadan girýär. Bu atomlaryň birnäçe ýyl mundan ozal, Ýer şarynyň islendik ýerinde ýerleşip bilendigi bellidir.
Biz uglewod we azot atomlaryny iýmitden alýarys. Million ýyl mundan ozal bu atomlaryň köpüsi ýeriň üsti bilen atmosferanyň arasynda deň paýlanandyr.
Bilşimiz ýaly, her ýyl kosmosdan Ýere 5000 tonna töweregi täze material düşýär. Bu bolsa, bizi emele getiren käbir atomlaryň bir wagtlar kosmosda ýerleşendigini aňladýar.
44
30
Lilia_
25.10.2023 13:54
WANGANYŇ ÝÜREGINI EÝELÄN ÝIGIT KIM?
Özüniň öňdengörüjiligi bilen dünýä halklarynyň ählisinde diýen ýaly meşhur bolan bolgar bilgiç zenany Wanganyň durmuşy syrdan doly. Wanga hakynda, mümkin boldugyça, köp zat bilmek isleýän adamlary bilgiç zenanyň ýüregini eýelän ýigidiň, has dogrusy, onuň ilkinji söýgüsiniň kimdigi hem gyzyklandyrýan bolsa gerek. Bu hakynda «Marie Claire» şeýle gürrüň berýär.
Wanga öz ilkinji söýgüsine internatda okaýan döwürlerinde duşýar. Kör çagalaryň mekdep-internatynda okaýan ýaşajyk Wanga diňe bir okuw sapaklaryny okamak bilen çäklenmän, eýsem pianino çalyp, aýdym aýtmagy hem başarypdyr. Şeýle günleriň birinde Dimitr atly bir ýigit Wanganyň aýdýan aýdymyny diňleýär we onuň mylaýym sesine bar erkini giderip, maýyl bolýar.
Şol wakadan birnäçe wagt geçensoň, Dimitr Wanga bilen tanyşmak kararyna gelýär. Netijede, olar tanyşýarlar we tiz wagtda umumy dil tapyp dostlaşýarlar. Bularyň dostluk duýgusy kem-kemden söýgi duýgusyna öwrülip gidýär. Dimitr Wangadan 3 ýaş uly bolandygy sebäpli, bularyň arasynda toý tutmak barada gürrüň bolýar. Ene-atalar ýaşlaryň birleşmegine garşy çykmasalar-da, Dimitriň kakasy ogluny maşgala mirasyndan ýüz öwürmäge mejbur edýär. Tiz wagtdan Wanganyň maşgalasynda hem kyn günler başlanýar we olar gyzlaryny öýe almagy makul bilýärler.
Ýaş juwanlar birek-birege gowuşmak umydy bilen, gizlin toý tutmagy ýüreklerine düwýärler. Emma olar maksada ýetmän tutulýarlar. Wanganyň kakasy gyzyna söýgülisi bilen hoşlaşmaga-da rugsat bermän, öýüne alyp gaýdýar.
1942-nji ýylda Wanga Dimitr bilen durmuş gurýar, ýöne düýbünden başga Dimitr bilen... Olar 20 ýyl bile ömür sürýärler. Käbir gürrüňlere görä, Wanga adamsy boljak ýaş ýigit bilen ol ýiten agasyny soraglap, ýanyna gelen wagtynda tanyşýar. Wanga 1962-nji ýylda aradan çykan adamsynyň ýasyny tä ömrüniň ahyryna çenli tutup, gara geýnip ýaşaýar...
64
239
Lilia_
25.10.2023 09:58
KEL BOLMAGYŇ PEÝDALARY..!
Käbir erkekleriň saçy ýaşy ulaldygyça ýa-da başga ýagdaýlar sebäpli selçeňleýär, azalýar. Bu bolsa olarda howsala döredip başlaýar. Munuň öňüni almak üçin erkekler gymmat bahaly kremleri, ýörite şampunlary we iň soňky ýol hökmünde saç ekdirmek bejergisini ulanýarlar. Hasaplamalara görä, saç meselesi sebäpli Ýer ýüzüniň erkekleri her ýyl, takmynan, 3,5 milliard dollar sarp edýärler.
Kellede kelligiň döremegine sebäp bolýan zatlaryň biri gormon bozulmagydyr. Şeýle-de saçyň ösýän höwürtgesi hökmünde bilinýän follikulalaryň gysylmagy kel bolmaga sebäp bolýar. Kel bolmagyň nesil yzarlaýandygy hem ylmy taýdan subut edildi. 30 ýaşa çenli erkekleriň 25-30 göterimi saçyny ýitirip başlaýar. Bu her etnik toparda bolup geçýän zat. Geçirilen gözlegler erkekleriň 60 göteriminiň pul ýa-da dost däl-de, eýsem, saç isleýändiklerini görkezdi.
Aslynda, kel bolmagyň hem birnäçe peýdalary bar. Ýeri gelende, geliň, olar bilen tanyş bolalyň!
Kel bolmagyň käbir aýratynlyklary
Kel adamlarda düwnük keseline ýolukmak gür saçlylara garanyňda pes bolýar.
Wagtyňyzy we puluňyzy tygşytlaýarsyňyz.
Islendik başgap size gelişýär.
Kel adamlaryň işewürlik, ýolbaşçylyk ukyby ýokary bolýar.
Onlarça ýyllap şol bir durkuňyzy saklap bilersiňiz, üstesine, çalaran saçlaryň ýoklugy sebäpli ýaş hem görnüp bilersiňiz.
Esasy zadyň saçda däl-de, saçyň astyndaky kellededigini hiç wagt ýadyňyzdan çykarmaň. Goý, lowurdap duran saçyňyz däl-de, beýniňizde döreýän ajaýyp pikirler, giň dünýägaraýşyňyz töwerekdäkileri haýrana goýsun.
55
196
Lilia_
24.10.2023 13:06
Köplenç durmuşda göwünde beslän arzuwlaryňa tarap barýan ýolda «hiç zat mümkin däl!» diýýärler. Şeýle mazmundaky sözler size nähili täsir edýär? Oňa gulak asyp oturmalymy ýa-da diňe öňe sary ymtylmalymy? Elbetde, ilkinji nobatda özüňe ynanmagy başarmaly we näme bolsa-da arzuwlaryňyzyň başa barmagy ugrunda yhlas etmeli. Aslynda, «çarçuwalaryň» ýagny çäkleriň diňe kellämizde bardygyny ýatdan çykarmalyň.
Mümkin bolmadyk «mümkinçiliklere» nädip ýetmeli?
Pikirleriňizden başlaň.
Hemme zat pikir bilen başlaýar. Içki pikiriňiz, isleýän zadyňyz aýdyň bolmaly. Islegler bulaşyk bolanda, ol oňyn netijelere-de ýetirmeýär. Pikirleriň amala aşmagy bolsa hereketlere baglydyr. Adam näme isleýändigini anyk bilse, onda ol oňa ýetmek üçin ähli zady edýär.
Ünsüňizi jemläň.
Üns her bir zatda gaty möhümdir. Ünsüňizi, wagtyňyzy we güýjüňizi dogry ýerde dogry zada sarp etseňiz, garaşylýan netije siziň bilen bolar. Ünsüňizi sowýan zatlara üns bermän, ähli pikirimiz maksadymyzda bolmaly.
Arzuwlaryňyzy çäklendirmäň.
Islegleriňizde sada bolmaň. Iň gowusyny arzuw ediň. Hatda düýşüňizde hem özüňizi çäklendirseňiz, hakyky durmuşyňyz hem garyp bolar? Pikir ediň, arzuw ediň, göz öňüne getiriň. Käbir adamlar muny wagt ýitirmek we biderek zat diýip hasaplaýarlar. Aslynda, arzuwlar hyýaly oýandyrýar, aňy güýçlendirýär we täze pikirleri döredýär, has gowy netijelere ýetmäge kömek edýär.
Şowsuzlyklaryňyzy kabul ediň.
Ýüze çykýan ýalňyşlyklar we şowsuzlyklar hem belli bir derejede peýdaly bolup biler. Ýalňyşlyk – bu tejribedir. Şowsuzlyklar dogry çözgüt tapmaga kömek edip biljek ýagdaýa täzeçe garaýyş berip biler. Ýalňyşlyklardan sapak almaly. Her gezek şowsuzlyga uçran wagtyňyz, her bir kynçylygyň dünýäniň soňy däldigine düşünmek zerurdyr. Şowsuzlyklar ynsany taplaýar. Üstünlige barýan ýol hem şondan geçýär. Şowsuzlyklar näçe köp bolsa, şonça-da üstünlik gazanmak mümkinçiligi hem artýar.
Egoňyzy öňe geçirmäň.
Üstünlik ynsany ulumsy adam hem edip biler. Elbetde, gazananlaryňa buýsanmagyň hiç hili ýalňyşlygy ýok, ýöne üstünlikleri gereginden artyk ulaltmajak bolmaly. Has öňe geçirilen ego, başgalaryň tankytlaryna we nädogry bahasyna sebäp bolýar.
Senenama ulanyň.
Bir maksat goýanyňyzda, oňa ýetmek üçin sene belläň. Maksadyňyz geljege gaty ýakyn bolsa, ony birnäçe ownuk böleklere bölüň, olar üçin sene belläň we senenama ulanyň. Aý üçin niýetlenen maksatlaryňyzy ýazyň, her gün üçin maksatlaryňyzy ýazyň. Guramaçylykly hem ünsli bolmak, mümkin bolmadyk «mümkinçilikleri» açmaga kömek eder.
Maksadyňyz üçin wagt tapyň.
Ösüş gazanmak üçin ünsi bir zada gönükdiriň. Bir wagtyň özünde birnäçe ownuk maksat bolup biler, ýöne diňe bir uly maksat bolmaly. Maksadyň üstünde işlemek üçin her gün wagt bölüň. Muny her gün etseňiz, ol kem-kemden endige öwrüler.
Maksadyňyz hemişe myradyna gowuşsyn, gadyrly dostlar!
Mekan DURDYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň 3-nji ýyl talyby.
46
105
Lilia_
24.10.2023 04:15
Filosof we ädikçi
Bir gezek bir filosof ädikçiniň ussahanasyna özüniň tozup giden aýakgaby bilen giripdir. Ol ädikçä ýüzlenip şeýle diýipdir:
– Meniň aýakgabymy bejerip berseňizläň!
– Men häzir başga biriniň aýakgabyny bejerýän, seniňkini bejermäge girişmezden ozal, bejerilmeli başga-da aýakgaplarym bar. Ýöne siz şu günlükçe aýakgabyňyzy goýup gidiň, şuny geýiň, ertirem özüňiziňki üçin gelersiňiz – diýip, ädikçi oňa başga bir köwüş uzadypdyr.
– Men özüme degişli däl aýakgaby geýemok – diýip, filosof gahar-gazaba münüpdir.
– Sen başgalaryň aýakgabyny geýip bilmeýän bolsaň, nädip filosof bolýaň? – diýip, ädikçi geň galypdyr.
– Goňşy köçede filosoflara gaty gowy düşünýän ýene-de bir ädikçi bar. Onuň ýanyna baryň, goý, ol seniňkini hem bejersin!
44
87
Lilia_
24.10.2023 00:30
Agtaryş
Müňlerçe ýyl mundan ozal iki filosof Liwanyň dag eňňitlerinde biri-birine gabat gelipdirler.
– Nirä ugradyň? – diýip, olaryň birisi sorapdyr. Beýlekisi oňa şeýle jogap beripdir:
– Men juwanlygyň çeşmesini gözleýän, meniň bilşime görä, ol şu dagyň gerişlerinden çogup çykýar. Meniň okan gadymy kitaplarymda bu çeşme barada gürrüň gozgalyp, onuň edil gül ýaly Güne sary uzaýandygy barada agzalýar.
– Siz näme gözleýärsiňiz?
– Men ölümiň syrlaryny agtarýaryn – diýip, birinji dillenipdir.
Iki filosof biri-birini uly ylymdan paý berilmänlikde, ruhy körlükde aýyplap, boş jedelleşip ugrapdyrlar.
Filosoflar seslerine bat berip durkalar, olaryň deňinden öz obasynda sada adam hökmünde tanalýan ýolagçy geçip barýan eken. Ol iki adamyň bir zat barada göçgünli jedelleşýändigini eşidip, aýak çekipdir. Soňra ol ikisiniň hem getirýän delillerine gulak goýup, olara golaý baryp, şeýle diýipdir:
– Dostlar, görýän welin, ikiňiz hem, bir filosofiýa mekdebine degişli öýdýän, çünki siziň ikiňizem, diňe dürli sözler bilen şol bir zat hakda söz açýarsyňyz. Siziň biriňiz juwanlygyň çeşmesini gözleýän bolsaňyz, beýlekiňiz ölümiň syrlaryny agtarýarsyňyz. Olar aslyýetine seredeniňde, biri-birinden aýrylmaz baglanyşykly bolup, olaryň her biri ýeke-täk bitewi zat hökmünde siziň aňyňyza ornaşypdyr.
– Hoş galyň, akyldarlar – diýip, nätanyş ýola düşüpdir. Olardan biraz arany açyp, hoşgöwünlilik bilen gülüp goýberipdir.
Iki filosof sähelçe wagt ümsümlikden soňra, biri-biriniň ýüzüne seredişip, gülmäge başlapdyrlar.
– Onda näme?! – diýip, olaryň biri seslenipdir: – Ýör, onda bilelikde gözläli!
46
52