Uçuk – «Herpes simplex» atly wirusyň deriniň üsti bilen geçmegi arkaly ýüze çykýan we ömürboýy gaýtalanyp bilýän wirus ýokanjydyr. Wirus diňe bir dodaga däl eýsem göze, beýnä we başga organlara hem ýokuşyp bilýär. Uçuk adatça, immunitet güýçli bolsa, bir hepdäniň içinde öz-özünden aýrylýar.
Dodakdan we onuň töwereginden çykýan uçuk ýumşak bolýar we o diýen agyry bolmaýar. Uçuklar bir çykyp başlanyndan soň birnäçe gezek gaýtalanyp bilýär. Eger dodakda uçuk bar bolsa onda bir az wagtlap (tä aýrylýança) kiçi çagalary we bäbekleri ogşamak maslahat berilmeýär. Sebäbi kiçi ýaşly çagalar we bäbekler uçugy (wirus ýokuşsa wagty bilen bitmeýär) agyr geçirýärler.
Eger uçuk dodakdan köp çykýan bolsa onda lukmanlar E we D witaminlerini özünde jemleýän gök önümleri we miweleri iýmegi maslahat berýärler.
Uçugyň 5 müň ýyldan gowrak taryhynyň bardygy öňe sürülýär. Soňky geçirilen gözleglere görä, uçuk wirusynyň («Herpes simplex» HSV-1) 5 müň ýyl mundan ozal ilatyň artmagy bilen Ýewraziýadan Ýewropa köpçülikleýin göçhä-göçlügiň dowamynda ýüze çykypdyr diýlip çaklanylýar. Alymlar şol döwür (XIV asyryň ahyry) uçugyň ýüze çykmasynyň we ýaýramagynyň sebäbini bolsa «öpüşmek» diýip pikir edýärler.
Jemläp aýdanymyzda: Uçuk adamdan-adama ýokuşyp bilýär! Seresap boluň!