WANGANYŇ ÝÜREGINI EÝELÄN ÝIGIT KIM?
Özüniň öňdengörüjiligi bilen dünýä halklarynyň ählisinde diýen ýaly meşhur bolan bolgar bilgiç zenany Wanganyň durmuşy syrdan doly. Wanga hakynda, mümkin boldugyça, köp zat bilmek isleýän adamlary bilgiç zenanyň ýüregini eýelän ýigidiň, has dogrusy, onuň ilkinji söýgüsiniň kimdigi hem gyzyklandyrýan bolsa gerek. Bu hakynda «Marie Claire» şeýle gürrüň berýär.
Wanga öz ilkinji söýgüsine internatda okaýan döwürlerinde duşýar. Kör çagalaryň mekdep-internatynda okaýan ýaşajyk Wanga diňe bir okuw sapaklaryny okamak bilen çäklenmän, eýsem pianino çalyp, aýdym aýtmagy hem başarypdyr. Şeýle günleriň birinde Dimitr atly bir ýigit Wanganyň aýdýan aýdymyny diňleýär we onuň mylaýym sesine bar erkini giderip, maýyl bolýar.
Şol wakadan birnäçe wagt geçensoň, Dimitr Wanga bilen tanyşmak kararyna gelýär. Netijede, olar tanyşýarlar we tiz wagtda umumy dil tapyp dostlaşýarlar. Bularyň dostluk duýgusy kem-kemden söýgi duýgusyna öwrülip gidýär. Dimitr Wangadan 3 ýaş uly bolandygy sebäpli, bularyň arasynda toý tutmak barada gürrüň bolýar. Ene-atalar ýaşlaryň birleşmegine garşy çykmasalar-da, Dimitriň kakasy ogluny maşgala mirasyndan ýüz öwürmäge mejbur edýär. Tiz wagtdan Wanganyň maşgalasynda hem kyn günler başlanýar we olar gyzlaryny öýe almagy makul bilýärler.
Ýaş juwanlar birek-birege gowuşmak umydy bilen, gizlin toý tutmagy ýüreklerine düwýärler. Emma olar maksada ýetmän tutulýarlar. Wanganyň kakasy gyzyna söýgülisi bilen hoşlaşmaga-da rugsat bermän, öýüne alyp gaýdýar.
1942-nji ýylda Wanga Dimitr bilen durmuş gurýar, ýöne düýbünden başga Dimitr bilen... Olar 20 ýyl bile ömür sürýärler. Käbir gürrüňlere görä, Wanga adamsy boljak ýaş ýigit bilen ol ýiten agasyny soraglap, ýanyna gelen wagtynda tanyşýar. Wanga 1962-nji ýylda aradan çykan adamsynyň ýasyny tä ömrüniň ahyryna çenli tutup, gara geýnip ýaşaýar...