KEL BOLMAGYŇ PEÝDALARY..!
Käbir erkekleriň saçy ýaşy ulaldygyça ýa-da başga ýagdaýlar sebäpli selçeňleýär, azalýar. Bu bolsa olarda howsala döredip başlaýar. Munuň öňüni almak üçin erkekler gymmat bahaly kremleri, ýörite şampunlary we iň soňky ýol hökmünde saç ekdirmek bejergisini ulanýarlar. Hasaplamalara görä, saç meselesi sebäpli Ýer ýüzüniň erkekleri her ýyl, takmynan, 3,5 milliard dollar sarp edýärler.
Kellede kelligiň döremegine sebäp bolýan zatlaryň biri gormon bozulmagydyr. Şeýle-de saçyň ösýän höwürtgesi hökmünde bilinýän follikulalaryň gysylmagy kel bolmaga sebäp bolýar. Kel bolmagyň nesil yzarlaýandygy hem ylmy taýdan subut edildi. 30 ýaşa çenli erkekleriň 25-30 göterimi saçyny ýitirip başlaýar. Bu her etnik toparda bolup geçýän zat. Geçirilen gözlegler erkekleriň 60 göteriminiň pul ýa-da dost däl-de, eýsem, saç isleýändiklerini görkezdi.
Aslynda, kel bolmagyň hem birnäçe peýdalary bar. Ýeri gelende, geliň, olar bilen tanyş bolalyň!
Kel bolmagyň käbir aýratynlyklary
Kel adamlarda düwnük keseline ýolukmak gür saçlylara garanyňda pes bolýar.
Wagtyňyzy we puluňyzy tygşytlaýarsyňyz.
Islendik başgap size gelişýär.
Kel adamlaryň işewürlik, ýolbaşçylyk ukyby ýokary bolýar.
Onlarça ýyllap şol bir durkuňyzy saklap bilersiňiz, üstesine, çalaran saçlaryň ýoklugy sebäpli ýaş hem görnüp bilersiňiz.
Esasy zadyň saçda däl-de, saçyň astyndaky kellededigini hiç wagt ýadyňyzdan çykarmaň. Goý, lowurdap duran saçyňyz däl-de, beýniňizde döreýän ajaýyp pikirler, giň dünýägaraýşyňyz töwerekdäkileri haýrana goýsun.