Lilia_
30.10.2023 09:16
IQ testler: olar anyk nämäni ölçeýär we adam aňyna näderejede obýektiw baha berýär..!
Gadymy döwürlerden bäri adamlar özleriniň we başgalaryň akyl ukyplaryny ölçemegiň usulyny oýlap tapmaga synanyşyk edip gelipdirler. Adamyň akyl-paýhasyna baha berýän synaglar ýaly bir zady döretmek üçin ilkinji synanyşyklar XIX asyryň ahyrynda edilipdir, şonuň netijesinde bolsa 1905-nji ýylda fransuz psihologlary Alfred Binet we Teodor Simon, öz aýdyşlaryna görä, adam aňynyň ýaşyna baha bermek üçin niýetlenen synag taýýarlapdyrlar. 1915-nji ýylda Stenford uniwersitetiniň amerikaly psihology Lýuis Terman bu synagy kämilleşdirdi, şondan soň bolsa, ol Stenford-Bine synagy diýlip atlandyrylyp başlandy. IQ adalgasynyň özi — intelligence quotient ýa-da akyl ösüş koeffisiýenti diýmegi aňlatmak bilen, 1912-nji ýylda nemes psihology Wilgelm Stern tarapyndan döredilipdi.
IQ-nyň derejesiniň görkezijileri hemişe adamyň bilimine bagly däldir, ýöne ýokary bilimli bolup bu synagy synaýanlar ortaça oňyn netijeleri gazanýarlar. Umuman aýdanyňda, IQ synaglary adam nähili logiki netijeleri çykarýar we logiki baglanyşyklary duýýar, maglumatlary tertipleýär, çylşyrymly pikirlere düşünýär hem-de abstrakt pikirlenmäge näderejede ukyply diýen ýaly sowallary kesgitläp, adamyň nähili pikirlenip bilýändigini görkezýär. IQ synaglary haýsydyr bir ugurdaky bilimleri barlamaýar-da, logiki, giňişlik, assosiatiw we dilden pikirlenmek ukyplaryny ölçeýär.
Häzirki wagtda dünýäde birnäçe meşhur IQ synaglary bolup, olaryň iň meşhurlary Aýzenk synagy, Weksler synagy, Reýwen synagy, Amthauer synagy we Kettel synagydyr. Bu synaglaryň netijelerine görä, ortaça adamyň IQ derejesi 85 bilen 115 bal aralygynda bolýar, şeýle netijeleri IQ synaglaryndan geçen adamlaryň takmynan 68% görkezýär.
Dürli hili synaglarda akyl taýdan yza galmakdan başlap, ýiti zehinlilige çenli bolan dereje hem üýtgeýär, ýöne umuman alanyňda, psihologlar we psihiatrlar IQ derejesi 70 baldan aşakda bolmagy akyl taýdan yza galmagyň dürli derejeleri hasaplaýarlar. Iň köp ulanylýan ölçegler ballary:
- 24-den az bolsa: akyl taýdan juda yza galmak;
- 25 — 39: — agyr psihiki yza galmak;
- 40 — 54: ortaça akyl taýdan yza galmak;
- 55 — 69: az-kem akyl taýdan yza galmak;
- 70 — 84: serhet ýakasyndaky psihiki bozulmalary;
- 85 — 114: ortaça akylly adamyň netijesi;
- 115 — 129: ortaça intellektden ýokary;
- 130 — 144: ortaça zehinli;
- 145 — 159: örän zehinli;
- 160 — 179: aýratyn zehinli;
- 180 we ondan ýokary: çuňňur zehinli (geniler).
Köp psihologlar adamyň hakyky IQ derejesine takyk baha berip bilmeýändikleri üçin onlaýn intellektual synaglara ygtybarsyz garaýarlar. Şonuň üçin köpler synagy internetde däl-de, professional psiholog bilen geçirmegi maslahat berýärler.
Bu IQ synaglarynda ýokary ballary gazanýan adamlaryň has akyllydygyny aňladýarmy? Ýok, bu beýle-de däl. Ynsan intellekti gaty çylşyrymly ulgam we bilim, durmuş tejribesi, dogabitdi ukyplar hem-de hatda synagyň geçirilen gurşawy ýaly köp faktorlara baglydyr. Käbir adamlar bar, çalt pikirlenýärler, öndürijilikli, ýöne has haýal pikir edýänlerem bar. Ikisini deňeşdirip, kimiň has akyllydygyna düşünmäge synanyşyk etmek netijesizdir. Soňky ýyllarda adamyň IQ synaglarynyň netijelerine esaslanyp akyl-paýhasyna baha bermekden ýüz öwürmeli çemeleşme bar diýen pikirler köpeldi.
Umuman aýdanyňda, IQ-nyň derejesiniň oňyn bolmagy okuwda we karýerany ösdürmekde ýardam edip biler, ýöne olar hemişe adamyň işinde haýsydyr bir üstünlige ýetjekdigini aňlatmaýar. Köplenç ýokary synag netijeleri hiç hili üstünlikleri bolmadyk adamlar tarapyndan görkezilýär we tersine — ortaça IQ bolan adamlar tutanýerlilik, öwrenmek ukyby we ýagdaýlara ýeterlik jogap bermek ukyplary we başarnyklary sebäpli köp zat gazanýarlar.
IQ synaglary barada käbir gyzykly faktlar:
IQ synaglary köplenç dünýäniň köp sanly goşunlarynda harby işgärleri barlamak üçin ulanylýar;
IQ derejäniň 20 göterimini diýen ýaly türgenleşdirip bolar;
Bäbejikleriň ene süýdi bilen iýmitlendirilmegi geljekde olaryň IQ derejesini ýokarlandyrýar;
IQ derejesi ýokary adamlar alkogol içgilerini has köp ulanýarlar;
IQ derejesi ýokary we gaty ýokary adamlar ilatyň bary-ýogy 3%-idir;
soňky ýyllarda ähliumumy ýagdaýda adamzat jemgyýeti IQ derejesiniň peselmegine meýilli boldy.
36
38
Lilia_
30.10.2023 04:10
BU ENDIKLER BILEN DEPRESSIÝADAN DAŞLAŞYP BILERSIŇ..!
Gowy uklaýarsyňmy? Bedeniňe ýokumly iýmitleri iýýärsiňmi? Halaýan güýmenjeleriňe we sportuňa wagt sarp edýärsiňmi? Dost-joralaryň ýa ýakynlaryň bilen ýygy-ýygydan duşuşýarsyňmy? Bu soraglara beren jogaplaryň keýpiň nähilidigini we depressiýa töwekgelçiligiňi düşündirip biler. Täze barlag gowy ukyňy almak, fiziki taýdan işjeň bolmak we güýçli jemgyýetçilik gatnaşyklaryny saklamak ýaly sagdyn endikleri bolan adamlaryň depressiýa töwekgelçiliginiň 57% pesdigini görkezýär.
Elbetde, agyr depressiýany bejermek zerur. Dermanlar we terapiýa ýaly bejergiler köp adama gowulaşmaga kömek edýär. Emma, soňky ýyllarda ylmyň ösmegi bilen, depressiýanyň diňe bir bedendäki himiki deňagramsyzlyk däldigi äşgär boldy. Depressiýa has çylşyrymly ýagdaý bolup, artýan subutnamalar depressiýanyň alamatlarynyň öňüni almakda ýa-da ýeňilleşdirmekde endikleriň we hereketleriň möhümdigini görkezýär. Depressiýa bilen ýaşaýan ýa onuň üçin bejergi alýan adamlar hem durmuş ýörelgesini üýtgetmekden peýda gözläp bilerler.
Dynç almagyň güýji. Barlagyň netijesine görä, bir gijede ortaça 7-9 sagat uklamak depressiýa howpuny ~22% azaldýar. Uky diňe ýady güýçlendirmän, eýsem gündiz öwrenen zatlarymyzy ýada salmaga kömek edýär, immunitetimizi berkitmekde möhüm rol oýnaýar.
Maşk melhemdir. Fiziki işjeňligiň keýpi gowulandyryp, ruhy saglygyň erbetleşýän günlerini we depressiw alamatlary dermanlardan has gowy azaldýandygy barada ençeme subutnama bar. "Käbir adama dermanlar ilkibaşda peýda edýär, ýöne wagtyň geçmegi bilen peýdasy gowşaýar. Durmuş ýörelgesini üýtgetmegiň täsiri has uzaga çekiji ýa-da hemişelik bolup biler" – diýip, Standford uniwesitetinden Douglas Noordsy belleýär.
Gowy iýmitlenmek zerurlykdyr. Köp sanly barlaglar ösümlik esasly iýmitler, ýagny ýaşyl otlar, gök önümler, miweler, däneliler, noýba ýaly ýagsyz beloklar we hoz ýaly ýokumly ýaglar bilen iýmitlenmegiň kesel töwekgelçiligini azaltmaga kömek edýändigini görkezýär. Barlagyň awtory gipertoniýany, insulty, süýji keselini we ýürek infarktyny azaldýan Ortaýer deňziniň berhizini ýa-da MIND berhizini maslahat berýär.
Alkogolly içgileri çäklendir we çilim çekme. Adamlar alkogolly içgileri şähdaçyjy hasaplaýarlar. Ýöne, alkogol beýniniň işjeňligini haýalladýan merkezi nerw ulgamynyň depressantydyr. Näçe köp alkogol içseň şonça-da ol garaşlylyga öwrüler we käbir rak keselleriniň hem-de depressiýanyň töwekgelçiligini ýokarlandyryp biler. Çilim çekmek barada aýdylanda bolsa, temmäkiniň sagdyn endik däldigi eýýäm hemmämize mälim bolsa gerek.
Hereketsiz wagtyňy çäklendir. Akylly telefonlar we internet tehnologiýasy durmuşymyzy amatlaşdyrmak üçin peýdaly bolsa-da, adamlar köplenç telewizor we sosial mediýa seretmek, wideo oýunlaryny oýnamak üçin birnäçe sagatlap galman oturýarlar. Her gün 30 minutlyk ylgamaga ýa-da welosiped sürmäge gitseň-de, günüň galan bölegini ekranyň öňünde geçirseň ruhy saglygyňa zyýanly täsir edip biler.
Güýmenjeler arkaly dostluklary we jemgyýetçilik gatnaşyklaryny gurmak. Halaýan adamlaryň bilen wagt geçirmek, esasan hem bilelikde gowy görýän zadyňyzy etmek keýpiňi gowulandyrmaga kömek edýär. Güýmenjeler telewizora tomaşa etmek ýa-da sosial mediýa seretmek ýaly passiw işjeňligi däl-de, hyýaly ideýalary, täze bir zat etmegi, döredijiligi, dynç almagy we hereketliligi öz içine almalydyr.
34
27
Lilia_
30.10.2023 00:28
ÖKJÄNIŇ JAÝRYLMASYNYŇ BEJERGISI..!
Ökjeleriň jaýrylmagyna dogry saýlanylmadyk, dar, deriniň ýerini tutujy serişdelerden taýynlanan aýakgaplaryň, sintetiki joraplaryň geýilmegi, deriniň kömelekli zeperlenmeleri, deriniň guraksylygy, witamin ýetmezçiligi, aşgazan keselleri, süýji keseli sebäp bolup biler.
Aýaklaryň zeperlenmeginiň bejergisini başlamazdan öň olaryň sebäplerini kesgitlemek gerekdir. Deriniň kömelekli zeperlenmelerini aradan aýyrmak üçin dermatolog lukmanyna ýüz tutmak, iýmitlenme düzgünine üýtgeşme girizme, oňaýly aýakgap saýlama geçiriljek esasy çäreleriň başlangyjy bolup hyzmat edip biler.
Ökjäniň derisiniň guraklygyny aradan aýryp, onuň iýmitlenmegini, jaýrylan deriniň bitişmegini gazanmak üçin öý şertlerinde, elýeter serişdeleriň kömegi bilen bejergi çärelerini geçirip bolar. Ynha, olaryň birnäçesini dykgatyňyza hödürleýäris:
► Iýmit sodasy goşulan gyzgyn suwda aýagyňyzyň derisini ýumşadyň. Soňra olary gowy süpürip, jaýrylan ökjä gyrgyçdan geçirilen ter hyýaryň we gyzgyn suwda ýumşadylan soganyň lötüni goýuň. Bu önümler 2:1 gatnaşykda bolmalydyr. Bu ýapgyny gije goýup, irden aýakdan ýuwup aýyryň we ýagly kremi çalyň.
► Derisi gyzgyn suwda ýumşadylan aýaklara zeýtun we ösümlik ýagynyň çalynmagy hem peýdaly netijeleri berýär. Aýaklaryňyza ýag çalyp pagtadan taýýarlanylan joraby geýiň we ony hem sellofan haltajyk bilen örtüp 2-3 sagat saklaň. Soňundan aýaklaryňyzy ýuwup, krem çalyň.
► Bor turşulygy goşulan gyzgyn suwda aýaklaryňyzy ýumşadyň. Soňra ony gowy süpürip, A witaminini saklaýan kremi jaýrylan ökjä çalyň. Wazelin hem gowy kömek edip biler.
► Aýaklaryňyzy hwoýanyň ergini bilen aşhana duzy goşulan (2 nahar çemçe ýeterlik) suwda saklamak hem peýdaly netijeleri berip biler. Soňundan ökjelere kastor (sürgi) ýagyny çalyp, gijesine jorap geýmelidir.
► Aloe otunyň şiresini, düýp soganyň suwuny, balyk ýagyny we uny saklaýan garyndynyň ulanylmagy hem jaýrylan deriniň bitişmegine ýardam berýär. Bu önümlerden ýasalan bölejigi zeperlenen derä goýup jorabyňyzy geýiň we polietilen bilen örtüp, ertire çenli goýuň. Irden aýaklaryňyzy ýuwup, krem çalyň.
36
42
Lilia_
29.10.2023 11:12
Täsin ykbally meşhur küştçi
Robert Fişer — dünýä belli küştçi. Özem zehinli we başarnykly küştçi. Ol 1943-nji ýylyň 9-njy martynda Çikagoda doglupdyr. Küşt oýnamagy oňa uly uýasy Joanna öwredipdir, tagtada şekilleri süýşürmegi Bobbiniň özi öwrenipdir (Bobbi Robertiň ýörgünli ady). Mahlasy, bu ýaş zehin küşte durky-düýrmegi bilen berlipdir we eýýäm 14 ýaşynda ABŞ-nyň iň ýaş çempiony bolupdyr. Onuň üçin küşt tagtasyndan daşarda hiç hili dünýä ýok ýaly görnüpdir. Deň-duşlary bilen gürleşmändir, sebäbi olar küşte gyzyganok ekenler. Ol ajaýyp ýatkeşlige eýe bolupdyr, özem daşary ýurt dillerini öwrenmäge ukyply eken.
Ol küşte degişli edebiýatlary nemesçe, iňlisçe, ispança, rusça asyl nusgasynda okap bilipdir. 10 ýaşynda Bobbi özüniň ilkinji küşt ýaryşyndaky ýeňşini gazanypdyr, ýöne muňa kän bir ähmiýet bermändir. 13- ýaşynda ABŞ-nyň ýaşlarynyň arasynda çempion, 14-ýaşynda bolsa ýurduň uly ýaşly küştçüleriniň arasynda çempion bolýar. Şondan soň bir ýyl geçensoň, ol mekdebi taşlap, özüni ymykly küşte bagyşlamak kararyna gelýär we eýýäm on alty ýaşynda dünýäde iň ýaş grossmeýster bolmagy başarýar. 1972-nji ýylda ol özüniň küşt älemindäki esasy ýaryşyň ýeňijisi bolýar we ABŞ-nyň milli gahrymanyna öwrülýär. Ýöne şondan soň ol bir gezegem resmi oýun geçirmeýär, ähli gazanan şöhratyny ýitirýär we terkidünýälige baş urýar. Ady rowaýata öwrülen küştçiň synýan döwri başlanýar, 1975-nji ýylyň 3-nji aprelinde bolsa dünýäniň küşt çempiony diýen adyndan mahrum edilýär.
Onuň geçiren oýunlary hakda aýdara nusgalyk zatlar az däl. Meselem, 1972-nji ýylda ol russiýaly meşhur küştçi Boris Spasskiý bilen dünýäniň çempiony diýen ady almak ugrunda bäsleşýär. Bu küşt ýaryşy Islandiýanyň paýtagty Reýkýawikde geçirilýär we oýun Fişeriň haýryna tamamlanýar.
Şahsy durmuşy hakda aýdylanda, Fişer 1990-njy ýyllarda Fişer Kaliforniýada ýalňyz ýaşaýar, soň Wengriýa, boýdaşynyň ýanyna gidýär. Ýugoslawiýada ýaryş geçýärkä, ol amerikan hökümetiniň salgysyna tankyt bilen çykyş edýär we ýurda gelmek hukugyny ýitirýär. Şonuň üçinem indi eýýäm ýurdunda tas ýatdan çykarylan Fişer 2000-nji ýyllarda Filippinler adasyna barýar. Aziýada pasportynyň möhleti tamamlanandygy üçin, ony tasdanam ABŞ-a ugradypdylar, ýöne Fişeriň birnäçe ýyl mundan ozal çempion bolan ýurdy Islandiýa oňa syýasy gaçybatalga berýär we ol şo taýda ömrüniň ahyryna çenli ýaşaýar we 64- ýaşynda aradan çykýar.
37
40
Lilia_
28.10.2023 23:39
Lukman gulaklykda uzak wagt saz diňlemegiň zyýanlydygyny duýdurdy
Gulaklykda uzak wagtlap we yzygiderli saz diňlemek eşidişiň bozulmagyna getirip biler. Galyberse-de, olar gulakda keselleriň döremegine sebäp bolar. Bu barada russiýaly lukman Iwan Romasow gürrüň berdi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.
Romasowyň sözlerine görä, NHANES (National Health and Nutrition Examination Survey) amerikan maksatnamasynyň çäklerinde geçirilen barlaglara laýyklykda, gulaklyklaryň eşidişi zaýalaýandygy anyklandy. Alymlar barlaglarda iki usuldan: pikir soralyşykdan we ses ölçeginden peýdalandylar. Barlaglara hemişe gulaklyk ulanýan 20-69 ýaş aralygyndaky 3583 adam gatnaşdy.
Netijede, eşidişiň bozulmagynyň erkekleriň arasynda zenanlara garanda, iki esse köpdügi anyklandy. Galyberse-de, gulaklyk ulanýan adamyň ýaşy näçe uly bolsa, onuň eşidişiniň bozulmagynyň ähtimallygynyň ýokarydygy belli boldy. «Sazy 85 desibelden ýokary derejede diňlemek zyýanlydyr, her gün şeýle ölçegde 60-80 minutdan köp wagt saz diňlemek gulagyň agralmagyna getirip biler. Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň kadalaryna laýyklykda, pleýerde sesiň güýjüniň 60 göterim derejesinde günde 60 minutdan artyk saz diňlemeli däldir» diýip, lukman sözüniň üstüni ýetirdi.
Russiýaly lukman gulaklygyň arassalygyna gözegçilik etmegi maslahat berdi, enjamy yzygiderli hapadan we tozandan arassalap durmaly. Eger şeýle edilmese, bedene kesel ýokuşmagy daşda däl diýip, ol nygtady.
41
31