Her kimiň bedeniniň dürli bolşy ýaly, derisi hem dürli häsiýetlidir. Kim arassa akýagyz derili bolsa, başgalar bugdaýreňk bolýar. Üçünjileriň dulugyndan gan damjak bolsa, käbirleri sebäpli we sebäpsiz gyzarýarlar. Ýüzüň derisiniň gyzarmagy kimde aşa tolgunmalaryň netijesinde bolup geçse, başgalarda sebäpsiz döräp, kadaly ýagdaýa eýe bolýar we adam oňa erk edip bilmeýär. Bu ýagdaý adamy oňaýsyz ýagdaýa salyp, ony özüne kembaha garamagyna, aljyraňňylyga getirip biler.
Eger siz bu ýaramaz ýagdaýdan dynmagy ýüregiňize düwen bolsaňyz, onuň sebäbini anyklamaga çalşyň.