Lilia_
28.10.2023 20:32
Barlaglar: sosial ulgamlar göwnüçökgünligi, ynjalyksyzlanmany ýokarlandyrýar

Internetdäki sosial ulgamlar çagalarda we ýetginjeklerde göwnüçökgünligi, ynjalyksyzlanmany we özüňe baha berişde meseleleri döredýär. Bu maglumatlar Amerikanyň «Pediatrics» lukmançylyk žurnalynda getirilýär diýip, «Habar 24» ýazýar.

ÝUNISEF-iň maglumatlaryna görä, dünýäde ösüp gelýän nesliň 40 göterimi kiberbullingiň (sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly gorkuzmak we aňyny zäherlemek) dürli görnüşlerini başdan geçirýärler.

Ýagdaý bilen baglylykda, guramanyň hünärmenleri ýurtlary çagalary internetiň zyýanly täsirinden goramaga çagyrýarlar.

Häzirki döwürde dünýäde 5-17 ýaş aralygyndaky çagalaryň we ýetginjekleriň 2 milliarddan gowragy bar. Olaryň 1,5 milliarda golaýy sosial ulgamlarda hasaba alnandyr. Çagalaryň we ýaşlaryň arasynda iň meşhur sosial ulgam «TikTok» bolup durýar. Ýetginjekleriň 95 göterimi her gün internede girýärler, olaryň üçden biri sosial ulgamlarda çap eden habarlarydyr suratlaryna deň-duşlarynyň seslenmegine garaşyp, uzakly gün diýen ýaly internetden çykmaýarlar.
47
100
altyyeva
28 Oktýabr 2023
@seneca, ayy bu temada nace gurlesenem az...
seneca
28 Oktýabr 2023
TikTok ýaly boş mediýany agzabam oturjak däl, dällireýänlermi diýjek, gedaýçylyk edýänlermi diýjek, tenini güjeňleýänlermi diýjek, sögünip özüni hondanbärsi görkezjek bolýandan enesiniň kellesinde ýumurtga döwýäne çenli adamy dälliretjek hemme zat bar. Mahlasy, uly gürrüň, sosial ulgamlara gaty uly gözegçilik getirilmeli.
seneca
28 Oktýabr 2023
Şol sebäpli bular ýaly bolgusyz mediýalary kän ulaltmaň, hiç biri hakyky däl, diňe hyýal älemi, we bulam bir zyýan, öz durmuşy işi gaýdandyr welin adamlara başga zatlary satýarlar, görekezýärler. Iň azyndan Twitter-a girseň düşünerin, iň azyndan dürli dünýägaraýyşlara, pikirlere şaýat bolýaň, we aslynda hemme zat öz eliňde, özüň peýdaly tarapdan ulansaň peýdasy gaty kän.
seneca
28 Oktýabr 2023
Esasanam makýaž, egin-eşik we ş.m paýlaşýanlar we bulary minudyna yzarlap görýänler bar, şeýlebir boş zatlar welin şular ýaly zatlary janygyp yzarlaýanlaryň akylly adamlardygyna hiç gabat gelmedim. Ynsanda bir bilesigelijilik bolar, ukyp bolar, höwes bolar, yhlas bolar, 2-3 sagatlap şol bir bolgusyz makýaž we ş.m zatlara wagt aýyrmaz.
seneca
28 Oktýabr 2023
Biziň bilmeli zadymyz bolsa: bu zatlar diňe aldawdan ybarat, boş zat ýagny. Hiçkimem ol ýerdäki ýaly şat däl, hiçkimem ol ýerdäki ýaly akylly däl, olaram diňe şat wagtyny goýýarlar. Ulaltmagyňa gerek ýok bärde hemme kişi akylly, hemme kişi owadan, alym bu ýerde.
seneca
28 Oktýabr 2023
Bir çaga bir hat goýup öz janyna kast edipdir (bolan zat), haty okap görenlerinde Instagrama girendigini, ol ýerdäki durmuşy görüp özüniň durmuşdan yzdadygyny, pesdigini ýazypdyr. Diňe 2-3 sagat Instagramda aýlanan adamyň depressiýa girmek ähtimallygy gaty ýokary. We Instagram ýaly mediýalarda köp wagt geçirýän adamlaryň aglabasy boş adamlar, sebäbi bu adamlaryň etjek işleri ýok, wagtlaryny boş zatlara seredip harçlap bilýärler.
seneca
28 Oktýabr 2023
Esasanam Instagram ýaly boş ulgamlaryň zyýany ynanylmaz derejede erbet.
seneca
28 Oktýabr 2023
Birinji ýetirýän zyýany, adamy real durmuşdan sowadýar. Sosial ulgamlarda gereginden artyk wagt sarp etmek adamlaryň real durmuşyndaky gatnaşyklaryna böwet bolýar. Sosial ulgamlarda köp wagt geçirmek adamlarda mahrumlyk duýgusy döredýär we bulam özüňize bolan ynamyňyzyň peselmegine sebäp bolýar. Sebäbi köp adamlar gören zatlarynyň özünde ýokdugyny, özüniň durmuşdan yzdadygyny, beýleki adamlaryň şat özüniň bolsa gamgyndygyny pikir edýär.
seneca
28 Oktýabr 2023
Sosial ulgamlarda köp wagt geçirmek elbetde adamy depressiýa sokýar. Soňky döwürde bu zatlaryň howpy we zyýany gaty gowy duýulyp başlandy. Adamlar gaty köp wagtlaryny sosial ulgamlarda geçirýär. Şeýlebir zyýanlary uly welin sanap gutaryp bolmaýar. Hatda Twitter-iň neşe ýaly adamlary özüne baglaýandygy subut edildi.
altyyeva
28 Oktýabr 2023
Dogry şula
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.