Kicxi_maniak
17.03.2024 10:58
Meşhur mowzlar
Täze mowzuklar
Teswirler
Bölümler
Agzalar
Heştegler
Köne görnüş
Online agzalar
Täzelikler
Tehnologiýa
Edebiýat
Bilim
Beýleki bölümler
Правила Статистика Контакты

Edebiýat
7-03-2024, 08:08
...
Bir adamyň ogul perzendi boldy,
Emma 2 ýaşda dünýeden ötdi.
Alla oňa ýene bir ogul berdi.
1 ýaşda onam topraga gatdy.

2 perzendini jaýlan bu bendä
4 sany gyz berdi ýene Hudaýym.
Gyzlaň ulusy kemala gelip,
Durmuş gurdy, aldy bagtdan paýyn.

Emma olam 20 ýaşyň içinde
Ezraýyla şirin janyn tabşyrdy.
Bir agtyk söýdürip 2-nji gyzy,
Olam bakyýete gadamyn urdy.

2 gyzy-ogly öz eli bilen
Gömen ata gamyn ile paýlady.
Soň 3-nji gyzyn 27-de
Özün synap duran ýere jaýlady.

Ýeke gyzy bilen galan biçäräň
Kalby lerzan bolup, bagry daglandy.
Emma, emma ogul berdi oňa Ýaradan,
Ol ynsan bu ogla juda baglandy.

Bar durkuny beren çagasy bilen
Deň aglar, deň güler, hatda deň iýer.
Ýöne betbagt ynsanyň söwer oglunam
Bir ýarym ýaşynda aldy ene ýer.

6 perzendini jaýlan ýüregi
Iň gatysyn gördi musallat belaň.
Emma bilýäňizmi, ol ynsan kimdi,
Pygamber Muhammet Aleýhisselam.

Entek bu dünýede hiç bir adamzat
Onça gazanmandy söýgüsin Hakyň.
Emma wepasyny göz etmek üçin
Resulyna beren synagna bakyň.

Allaň gazabydyr öýdüp düşünmäň,
Elden alsa ýakyn söýegleriňi
Sabyr, ynam dogaň, kalbyňda bolsun,
Alla agyr synar söýenlerini.
32
116
Kicxi_maniak
13.03.2024 19:34
Ala gözli gyz (hekaýa)
Özümiñ nä sebäpden beýle akmaklyga het edenime henizlerem düşünemok. Belkem asla düşünmesem gerek. Beýtmäge maña güýç beren zat nämedi, söýgimidi ýa zenan basdaşlygymydy... Kim bilýär...
Onuñ gapysyny kakdym. Ýüzüme soragly garan keşbi henizem ýadymyñ çet künjeginde. Ala gözleri bardy. Saçy eginlerinden çala geçýärdi. Garaýagyz teni çyranyñ ýagtysyna lowurdaýardy. Sada we birkemsizdi. Özümiñ bigörkligimi näletledim. Gözelligine üns bermedik hatda, muny onuñ kemçiligi saýan kişi kimin ýigrençli garadym.
- Oñ bilen men biri-birimizi söýýäs. Aramyzdan aýryl. Basym biziñ toýumyz.
Aýtmak üçin telim ýola türgenleşen sözlerimi hetjikledim. Ýüzüniñ her nokadyny göz atuwyma ýat tutdurjak kimin ünsli synladym. Ala gözlerine çöken gussa ony bedroýlaşdyrmandy. Bu hasam gaharymy getirdi. Filmde aýdylyşy ýaly: "Ol taslamalaryñ naýbaşysy, men bolsa tebigatyñ gödek ýalñyşlygydym". Agzyna gelenini diýer, ýalanymy ýüzüme basar öýtdüm. Beýtmedi. Başyny atyp, gapyny ýapyp goýberdi.
Soñ ony hiç haçan görmedim. Has dogrusy, janly görmedim.
Söýen kişim bilen durmuş toýum tutuldy. Ol - ala gözli gyz diýenini edip aramyzdan aýrylypdy. Bagtlydym. Ähli zadyñ beýle ýeñillik bilen çözülerine garaşmanymdan bolsa gerek, geñirgendiriji ahwala düşerdim mahal-mahallar. Bu bagty maña peşgeş bereniñ kimligini bilýärdim. Oña hem haýran galýardym hemem minnetdardym.
Bir gün adamym öýe adatdakylardan gijä galyp geldi. Başy öñe egilgidi. Nahar iýmejekdigini aýtdy. Bir bolmasyz işiñ bolandygyny ýüregim syzýardy. Näme bolandygyny soradym.
- Ol ýogalypdyr diýdi.
Kimdigine düşünipdim. Adamymam edil meniñ ýaly onuñ adyny tutmak islemändi. "Ol" diýsek, ikimiz üçinem düşnüklidi.
- Nädip bolupdyr? - diýdim.
Gözlerini bir nokada dikip oturşyna aýylganç hakykaty pyşyrdady.
- Öz janyna kast edipdir.
Birkemsiz sungat eserine meñzeýän keşbi topragyñ astynda göz öñüme getirenimde inim düýrügdi. Ýerimden turdum. Ýatylýan jaýa geçip sessiz süýndüm. Ony gören ilkinji we iñ soñky gezegimdäki keşp ýene örboýuna galypdy. Huşumdan kowasym geldi. Başarmadym.
Gije düýş görüpdirin. Ol başujymda otyr. Ýylgyrýar. Howpurgaýaryn.
- Git bu ýerden - diýip gygyrýaryn. Onuñ bolsa şo-ol ýylgyryp otyrşy.
Şol gijeden soñ hiç zat öñküsi ýaly bolmady. Adamym öýe gelmezligi, gelse-de gijäñ ýary gelmegi tapdy. Ol gelýänçä uklamaýardym. Garaşýardym. Bir günem hemişeki wagtlarynda öýe gara berdi. Ýerinde durup bilenokdy. Golundan tutup, içeri saldym. Deminde içginiñ ysy bardy. Ýerine ýatyranymdan soñ dik duran ýerimden açalak-ýumalak gözlerine garadym.
- Ony küýseýäñmi?
Belkem, muny soramaly däldim. Jogaby mälim soraglary soramazlygy öwrenmegim gerekdi. Adamym hiç zat diýmedi. Diñe gözünden akan ýaşy görüp galdym.
Perzendim dünýä inen güni gabat geldim oña ýene bir ýola. Bu gezekki welin düýpgöter başgaçady. Gujagymda ýatan bäbegiñ mymyk ellerine, ýumulgy gözlerine seredýärdim. Birdenkä, oña gözüm düşdi. Egninde ak, uzyn lybasy bardy. Bäbegimiñ başyndan sypady.
- Saña meñzemesin - diýip pyşyrdady.
- Eliñi aýyr, degme çagama - diýip gygyrdym.
Sesime şepagat uýasy geldi. Näme bolanlygyny sorady. Ony otagdan çykarmagyny haýyş etdim. Şepagat uýasy geñirgenip, otagda üçümizden başga hiç kimiñ ýoklugyny aýtdy. Ine, şonda düşündim ony diñe meniñ görüp bilýänligime.
Soñ ol meniñ ýanymdan asla aýrylmady. Keselhanadan çykan ulagymda, öýmüzde, iñ pynhan pursatlarymda-da ýanymdady. Gyzyma at goýmagy pikirlenenimizde:
- Meniñ adymy dak - diýip, haýyş etdi.
Onuñ göwnüne degesim gelmeýärdi. Iñ ýakyn joram bolupdy. Ikimiz mydama dertleşýärdik. Has dogrusy, men özümi bimaza edýän duýgulary aýdardym, olam edil şo-ol birinji gezekki duşuşygymyzdaky ýaly başyny atardy. Bir gezek oña:
- Sen menden öýkelimiñ? - diýip, soradym.
- Ýok - diýip, ýylgyrdy.
Bir gün aşhanada agşama näme nahar bişirjekdigimiz hakda jedelleşýärdik. Öz gürrüñimiz bilen şeýle başagaýdyk welin, adamymyñ geleninem duýmandyrys.
- Bu gün nä irläpsiñ? - diýip syr bildirmejek boldum.
Adamym welin ähli zady syzypdy. Kim bilen gepleşýänligimi sorady. Aýtmaly boldum.
- Ol bar-a, göreñokmy? - diýdim.
Soñky sözümi gepiñ gerdişine görä aýdypdym. Adamymyñ ony görüp bilmeýänligini bilýärdim. Adamym sesini çykarman aşhanadan çykdy.
Şeýle pursatlar soñ kän gaýtalandy. Adamym onuñ barlygyna ynanokdy. Men bolsa ony diñe meniñ görýänime ynandyrjak bolýardym.
Ol gyz bardy. Syýa saçlaryny darap uzynlygyna goýbererdi. Öýümiziñ penjiresinden daşaryny synlardy. Gyzjagazymy gujagyna alyp, her dürli oýunlar ederdi. Ýöne mydama gussalydy. Ýylgyran pursatlarynda-da gözlerindäki gussany duýmak mümkindi. Käte adamym işden geleninde onuñ ýanyna baryp, egnine başyny goýardy. Gabanjañlyk ruhumy gurşasa-da, syr bildirmejek bolardym. Olaryñ söýgüsiniñ arasyna goşulan mendim. Indi bu ýalñyşlygymy gaýtalajak däldim.
Ala gözli gyz bagtly bolmalydy. Meniñ päsgel beren bagtymy täzeden gazanmalydy. Galan ömrümi şu maksadyñ ugrunda göreşmäge taýýar geçirjekdim.
...Bir gün meni bir topar şepagat uýalarynyñ işleýän ýerine äkitdiler. Gitmejek bolup kän dyzadym. Adamym gyzjagazymy elinde saklap durşuna muny meniñ oñatlaşmagym üçin edýändigini aýtdy...
... Häzir men içinde diñe ýatylýan krowaty bolan darajyk otagda. Ruhum gysylýar. Öýümiñ giñiş otaglaryny küýsäp ikibaka gezim edýärin. Ala gözli gyz bolsa heniz-henizlerem şo-ol gussaly ýylgyrşy bilen ýüzüme seredip dur....
42
143
Kicxi_maniak
12.03.2024 21:45
Suwperim
Saçlaryňy göýbersene erkine,
Goý galgadyp geçsin garagol şemal.
Aýam seniň görküň görüp kemsiner,
Şolam seň nuruňdan tapandyr kemal.

Ykbalymda açylmadyk sahypam.
Bir ýylgyrda bar gussamy ýuw perim.
Suw üstünden gözläp tapaýyn nirden?
Suw astyda syrly ýatan suwperim.

Umydyma umyt goşsun Umydym.
Bu maşgala bolsun bize baş gala.
Sözläp-sözläp asla soňlap bilmerin,
Ýürekdäki sözlerimi goşgyda.

Dözmezim sen, özgelere dözmerin.
Duýgyly dünýäme geldiň görk berip.
Açyk deňiz kimin dury gözleriň,
Şol gözlerde galaryn men gark bolup.

Gerçeknazar Amannazarow
40
39
Kicxi_maniak
11.03.2024 01:29
Ylham Seýilgähinde
YLHAM SEÝILGÄHINDE


Men bir gyzy aldap söýdüm...
Bu nähili aldawly söýgi. Men ony bilemok.
Geçen asyr ýaşap geçen şahyrlarymyzyň we Orta asyrlarda ýaşap geçen güýçli yslam alymlarymyzyň ýadygärlikleriniň garşysynda men öz dünýä gözelime garaşyp otyryn.
Ine birden ol daş-töweregine garaňjaklap, eýläk-beýläk ýöräp meni gözleýär. Men bolsam oturan ýerimden derhal turup onuň ýanyna gadamly ädimlerim bilen bardym-da ''Salam'' berdim. Ol menden ötünç soraýar garaşdyranym üçin. Men bolsam ýaňy gelen ýaly, ör-gökden geldim-de: ''Menem şu wagt geldim'' diýip, ony rahatlandyryp ony aldanlygyma begendim.
Özümiň garyp oglandygymy, hiç ýerde işlemeýändigimi aýdyp ynandyryp ýene ony aldap gezdim.
Halaşyp ýörenimize ençeme wagt geçdi. Biz birek-birege düşünişýäris. Biziň aramyzda gahar-gazap bilen zat çözülmedi. Birek-birege ysnyşdyk. Soň men ýüregimde çişiň bardygyny, ahyr bir gün öljekdigimi oňa aýtdym. Ol şonda gaty erbet boldy... Egnimde kellesini goýup gujaklap aglady.
Men şonda onuň oturan oturgyjynyň öňüne geçip, onuň dyzyna çöküp menem agladym. Soň men özümiň duşuşykda şol gün kän garaşandygymy, özümiň garyp oglan däldigini, ine bu gün bolsa ýüregimde hiç hili çişiň ýokdugyny, özümiňem ölmejekdigimi oňa aýdyp berdimdänim nädip onuň öňünden aýrylyp ylgap, gaçandygymy hiç ýadymdan çykaryp bilemok. Şonda ol meni şeýle bir kowalady welin, onuň gahary depesine urdy. Soň ol meni tutdy-da otluga ýatyryp, üstüme geçip ýaman erbet edip urdy welin, gaýdyp ony aldamajagyma söz berdim...
35
99
Kicxi_maniak
10.03.2024 00:51
GANA SUWSAN SÖÝGI
(fantastiki hekaýa)




Meniň häzirki berjek bolýan gürrüňlerim iki ýyl mundan ozalky bolan wakalar hakynda. Ol wagtlar men diňe liseýa gatnaýardym.
Hawa, diňe ''okuw - öý'' diýip mende kän söýgi, duýgy diýilýän täsinlik ýokdy. Mekdepde wagtlarymam men şeýledim. Mugallym dagy bir zady beýan edäýse şony ýazmak bilen başagaýdym. Ol wagtlar näme internet ýok, android telefonlarymyz ýokdy. Diňe knopkaly aýdym-saz diňleýän telefonlarymyz bardy. Olam kä okuwçyda bar diýäýmeseň...
Gürrüň, meň söýgi diýilýän zadyň uly dünýäsine nädip barýandygym hakynda...
Hawa, şol liseýa gaynaýarkam günde öýe gaýdyljak wagty duralgada bir owadan gyz meniň bilen bir awtobusa münüp, bir duralgada düşerdi. Özi ýurdumyzyň daşyrak ýerinden wagtlaýyn okamak üçin göçüp gelip biziň jaýymyzyň gapdalyndaky bir otagly jaýy kireýine tutup şol ýerde bolýardy. Başda men oň bilen gürleşemokdym. Awtobusa münende dagy öňünde sessizje gözüni bir nokada dikip penjireden daşara serederdi. Soň habar gatyp, habar alşyp gürleşip ugradym. Täze çykan kitaplary okamaga berýärdim. Olam kä wagtlar öz gowy görýän kitaplaryny maňa okamaga berýärdi. Şeýdip oň bilen sulhum alyşyp gitdi. Onuň ady Dinarady.
Günlerde bir gün men ony duşuşyga çagyrdym. Owadanlygyna maýyl bolup şol duşuşykda ony gujaklap, ýaňagyndan ogşapdyryn. Ol şonda egin bilen boýnumyň aralygyndan dişledi. Dişleri hamymdan geçip etime ornapdy. Boýnumyň aşagyragynda gyzgyn gybyrdy duýdum. Onuň özüne maýyl ediji bedenine gujaklanan göwräm agyryny duýmadyk bolara çemeli. Şol wagt men ysgynsyz titräp ýykylypdyryn...
Gözlerimi açsam Dinara maňa seredip otyr...
Agzyndan bolsa gan damýardy. Edil akylyndan azaşan däliler ýaly...
Özem meni çolalyga süýräp getiripdir. Gözleri gyzaryp, agzyndaky gan ýere damyp durdy. Ýöne ol diýseň owadan görünýärdi.
Egnimden syrygýan gany elim bilen elläp tisginop gidipdirin.
- Dinara sen maňa näme etdiň? diýip men ondan soradym.
- Sen ýaly zadyň ganyny sorman kimiňkini soraýyn - diýip, onuň göwni bir ýana...
- Eger sen gan içýän bolsaň ozal näme üçin maňa aýtmadyň diýip men yza süýrenekläp diýen ýaly süýşdim.
- Seň boýun damaryňy görüp hyýalym küýsedi... diýdi.
- Biz halaşýan bolsak ikimiziň aramyzda syr bolmaly däl diýdim.
- Ýuwaş bol janym - diýip Dinara meň üstüme pişik böken ýaly topuldy-da ''...Bu wagt seýilgähde adamlar bar, olar seniň sesiňi eşitmesinler - diýip gulagyma pyşyrdady. Gözleriniň bäbenegi dagy gyzaryp edil janyňy alyp gelýärdi. Soň ol meni ýerimden turuzup bir gyrada oturtdy we elime daşyna gazet soralan işlekli bilen miwe suw getirip berdi. Men açlygyma ony nädip iýenimi bilmändirin. Şeýdip özüme geldim:
- Meni bagyşla, men... - diýip Dinara sojap aglamaga başlady. ''...Men bilip etmedim, ol meniň endigimde galypdyr. Ýöne senem meni gujaklamaly däldiň. Günä sende-de bar''' diýip ol meni sebäpkär etdi. Şol gün men hiç zat gürlemän diňe Dinaranyň ýanyndan garamy saýlamak bilen boldum. Ertesi ol meniň öýüme geldi. Elinde ýekeje gül bar eken. Ony maňa sowgat etdi. Men öýdäkilere duýdurmazdan ony öz otagyma çagyrdym. Ol meň boýnumdaky ýara siňe-siňe seretdi. Soň ol ýarama ýany bilen getiren dermanlyk em çaldy-da sargyny täzeledi. Men okuwa-da gidip bilmedim. Dinara-da meň ýanymda boldy. Dinaranyň dişlän ýeri biter ýaly däldi. Soň ol meň otagymda gününiň ýarty bölegini gürleşip geçirýärdi. Bir günüň men aşhanada kofe demlejek bolup durkam ol maňa kofeni öz eli bilen taýynlap berjekdigini aýtdy. Men oňa razylyk bermedim. Şonda bir çaşka kofeniň üstünde gygyryşdyk. Soňam dawalaşyp başladyk welin ol ahyr gözlerime dikanlap seretdi-de pişik ''myrryldysyny'' etdi. Soňra elimden dişledi. Men ondan hasam gorkup başladym...
Dinaranyň ganhora nädip öwrülendigini men bilemok... Onuň aýtmagyna görä onuň ejesem, kakasam şeýle eken. Ýyrtyjy ganhor zenan eken. Onuň gürrüň berýän zatlary ynanar ýaly däldi. Onuň ejesinde nesil yzarlaýan ýyrtyjylyk keseli bar eken. Ol keselem onuň kakasyna, ondanam Dinara geçipdir. Indi bolsa Dinaradan maňa geçen bolmaly.
Men Dinara hakynda kän oýlandym. Ahyrynam şeýle karara geldim. Men Dinarany öldürip, jesedini köprüden aşak sallap zyňmaly ýa-da bir ýerlere eltip ýakyp gömmeli...
Şu zatlar hakdaky gorkuly pikirler gün geçdigiçe meni howsala salýardy....
Ertesi gün Dinara meni soramaga geldi. Men ony görenimde: ''Seni şu wagt öldürmesem, hiç haçan öldürmerin!'' diýip içimden pikir etdim. Ýöne men gorkdum. Adam aljyrasa dagy näme etjeginem bilmez eken...
Şeýdip ony bu gün öýüne ugratdym. Okuwa bolsa näçe gündir gidemokdym. Halym haraplaşyp, bir hili üýtgeşme geçirýän ýalydym...
Öz otagymda ýatylýan düşekçämiň aşagynda uly, kakamyň mal soýýan pyçagyny bukdum. Ertesi Dinara ýene meni soramaga geldi. Ony öz otagyma çagyrdym. Stoluň üstünde iýer-içer ýaly zatlar taýynlaşdyrdym. Nahardan soň gürleşip-gülüşip oturdyk. Soň Dinara gapdalymda oturyp owadan gözlerini menden aýyrmady. Men düşekçämiň aşagynda bukup goýan pyçagymy aldym-da Dinaranyň bagryndan sokdum. Ol aýagy bilen çabalandy-da stoly agdardy. Döşi gara-gana bulanan Dinara ýere ýykyldy. Soň hylkyldap iki eli bilen pyçakdan ýapyşdy. Men pyçagy soguryp ýene bir gezek sokdum. Şonda ol hykyrdap iki eli bilen egnimden ýapyşyp kellesini aşak goýberdi. Pyçagy çykaranymda ýüzüme gan syçrady. Bu gandan ýaňa gorkyma saňňyllap durdum. Elim ysgyndan gaçdy.
Hawa, indi men gan sorýan däl-de söýgülisini pyçak bilen öldüren ganhordum. Öz söýgüsini öldüren ganhordum...
Ol meniň gujagymda hiç zat gürlemän demi-demine ýetmän maňa seretdi-de gözlerini menden aýyrman jan berdi...
Soň onuň teni juwwak bolup agaryp, ýüzündäki damarlar gögeripdi. Teni erbet sowukdy. Ony öýden süýräp çykardym-da arka tarapymyzdaky bag-bakjalyga getirip çukur gazyp, içine taşladym. Gömdüm... Öz-özüme şeýle sorag berýärin: ''Ýeri, ganhordan dyndymam-da, ony öldürdimem. Näme indi hemme zat gowlanar gidermi? Onuň ganhorlyk sowgady ganymda aýlanýar ahyryn!? '' diýip pikir edip otyrkam mende üýtgeşiklik bolup geçýärdi....
44
130
Kicxi_maniak
07.03.2024 21:46

gùÿmenje

42
95
Kicxi_maniak
06.03.2024 20:45
Goşgy
39
41
Kicxi_maniak
05.03.2024 18:12

Nereye gittiğini bilmiyorsan, hangi yoldan gittiğinin hiçbir önemi yoktur.




Başkalarının senin hakkında ne düşündükleri konusunda endişe duyduğun sürece, onlar senin sahibindir.




Bazen ilk görüşte bilirsin, o insan senin kaderindir. Bazen bir ömür ararsın, bulunmaz.




Ne kadar yaşadığımız değil, nasıl yaşadığımız önemlidir.




Bilinçli düşünceden geçirmediğim bir şey beni etkilemez.




İnsanı farklı yapan, affettikleri, güçlü yapan sabrettikleri, kendisi yapan ise vazgeçtikleridir.




Bir şairin gözyaşı ağlatanın felaketi olurmuş. Ağlatanın arsızca gülmesi şairin şiirinde lanet bulurmuş.




Mutluluk her şeyden önce vücut sağlığındadır. Curtis




İyi görüneceğine, iyi ol.

44
46
Kicxi_maniak
04.03.2024 23:19
Kim kazanmazsa bu dünyada bir ekmek parası, dostunun yüz karası, düşmanının maskarası.



Avucu kadar yüreği olmayan insanları kürek gibi dili var…



Bazen bir şeye son vermek için istemediğin bir şey yapman gerekir. Never Back Down



Dünyanın en güzel yeri neresi biliyor musun? Biraz kenara kaysana...



Müsaitsen şayet; seninle biraz 'kavuşmaya' ihtiyacım var…



Lanet olsun. Ne muazzam şey seni sevmek!
38
36
Kicxi_maniak
26.02.2024 01:10
🥺😔
39
55