GANA SUWSAN SÖÝGI
(fantastiki hekaýa)
Meniň häzirki berjek bolýan gürrüňlerim iki ýyl mundan ozalky bolan wakalar hakynda. Ol wagtlar men diňe liseýa gatnaýardym.
Hawa, diňe ''okuw - öý'' diýip mende kän söýgi, duýgy diýilýän täsinlik ýokdy. Mekdepde wagtlarymam men şeýledim. Mugallym dagy bir zady beýan edäýse şony ýazmak bilen başagaýdym. Ol wagtlar näme internet ýok, android telefonlarymyz ýokdy. Diňe knopkaly aýdym-saz diňleýän telefonlarymyz bardy. Olam kä okuwçyda bar diýäýmeseň...
Gürrüň, meň söýgi diýilýän zadyň uly dünýäsine nädip barýandygym hakynda...
Hawa, şol liseýa gaynaýarkam günde öýe gaýdyljak wagty duralgada bir owadan gyz meniň bilen bir awtobusa münüp, bir duralgada düşerdi. Özi ýurdumyzyň daşyrak ýerinden wagtlaýyn okamak üçin göçüp gelip biziň jaýymyzyň gapdalyndaky bir otagly jaýy kireýine tutup şol ýerde bolýardy. Başda men oň bilen gürleşemokdym. Awtobusa münende dagy öňünde sessizje gözüni bir nokada dikip penjireden daşara serederdi. Soň habar gatyp, habar alşyp gürleşip ugradym. Täze çykan kitaplary okamaga berýärdim. Olam kä wagtlar öz gowy görýän kitaplaryny maňa okamaga berýärdi. Şeýdip oň bilen sulhum alyşyp gitdi. Onuň ady Dinarady.
Günlerde bir gün men ony duşuşyga çagyrdym. Owadanlygyna maýyl bolup şol duşuşykda ony gujaklap, ýaňagyndan ogşapdyryn. Ol şonda egin bilen boýnumyň aralygyndan dişledi. Dişleri hamymdan geçip etime ornapdy. Boýnumyň aşagyragynda gyzgyn gybyrdy duýdum. Onuň özüne maýyl ediji bedenine gujaklanan göwräm agyryny duýmadyk bolara çemeli. Şol wagt men ysgynsyz titräp ýykylypdyryn...
Gözlerimi açsam Dinara maňa seredip otyr...
Agzyndan bolsa gan damýardy. Edil akylyndan azaşan däliler ýaly...
Özem meni çolalyga süýräp getiripdir. Gözleri gyzaryp, agzyndaky gan ýere damyp durdy. Ýöne ol diýseň owadan görünýärdi.
Egnimden syrygýan gany elim bilen elläp tisginop gidipdirin.
- Dinara sen maňa näme etdiň? diýip men ondan soradym.
- Sen ýaly zadyň ganyny sorman kimiňkini soraýyn - diýip, onuň göwni bir ýana...
- Eger sen gan içýän bolsaň ozal näme üçin maňa aýtmadyň diýip men yza süýrenekläp diýen ýaly süýşdim.
- Seň boýun damaryňy görüp hyýalym küýsedi... diýdi.
- Biz halaşýan bolsak ikimiziň aramyzda syr bolmaly däl diýdim.
- Ýuwaş bol janym - diýip Dinara meň üstüme pişik böken ýaly topuldy-da ''...Bu wagt seýilgähde adamlar bar, olar seniň sesiňi eşitmesinler - diýip gulagyma pyşyrdady. Gözleriniň bäbenegi dagy gyzaryp edil janyňy alyp gelýärdi. Soň ol meni ýerimden turuzup bir gyrada oturtdy we elime daşyna gazet soralan işlekli bilen miwe suw getirip berdi. Men açlygyma ony nädip iýenimi bilmändirin. Şeýdip özüme geldim:
- Meni bagyşla, men... - diýip Dinara sojap aglamaga başlady. ''...Men bilip etmedim, ol meniň endigimde galypdyr. Ýöne senem meni gujaklamaly däldiň. Günä sende-de bar''' diýip ol meni sebäpkär etdi. Şol gün men hiç zat gürlemän diňe Dinaranyň ýanyndan garamy saýlamak bilen boldum. Ertesi ol meniň öýüme geldi. Elinde ýekeje gül bar eken. Ony maňa sowgat etdi. Men öýdäkilere duýdurmazdan ony öz otagyma çagyrdym. Ol meň boýnumdaky ýara siňe-siňe seretdi. Soň ol ýarama ýany bilen getiren dermanlyk em çaldy-da sargyny täzeledi. Men okuwa-da gidip bilmedim. Dinara-da meň ýanymda boldy. Dinaranyň dişlän ýeri biter ýaly däldi. Soň ol meň otagymda gününiň ýarty bölegini gürleşip geçirýärdi. Bir günüň men aşhanada kofe demlejek bolup durkam ol maňa kofeni öz eli bilen taýynlap berjekdigini aýtdy. Men oňa razylyk bermedim. Şonda bir çaşka kofeniň üstünde gygyryşdyk. Soňam dawalaşyp başladyk welin ol ahyr gözlerime dikanlap seretdi-de pişik ''myrryldysyny'' etdi. Soňra elimden dişledi. Men ondan hasam gorkup başladym...
Dinaranyň ganhora nädip öwrülendigini men bilemok... Onuň aýtmagyna görä onuň ejesem, kakasam şeýle eken. Ýyrtyjy ganhor zenan eken. Onuň gürrüň berýän zatlary ynanar ýaly däldi. Onuň ejesinde nesil yzarlaýan ýyrtyjylyk keseli bar eken. Ol keselem onuň kakasyna, ondanam Dinara geçipdir. Indi bolsa Dinaradan maňa geçen bolmaly.
Men Dinara hakynda kän oýlandym. Ahyrynam şeýle karara geldim. Men Dinarany öldürip, jesedini köprüden aşak sallap zyňmaly ýa-da bir ýerlere eltip ýakyp gömmeli...
Şu zatlar hakdaky gorkuly pikirler gün geçdigiçe meni howsala salýardy....
Ertesi gün Dinara meni soramaga geldi. Men ony görenimde: ''Seni şu wagt öldürmesem, hiç haçan öldürmerin!'' diýip içimden pikir etdim. Ýöne men gorkdum. Adam aljyrasa dagy näme etjeginem bilmez eken...
Şeýdip ony bu gün öýüne ugratdym. Okuwa bolsa näçe gündir gidemokdym. Halym haraplaşyp, bir hili üýtgeşme geçirýän ýalydym...
Öz otagymda ýatylýan düşekçämiň aşagynda uly, kakamyň mal soýýan pyçagyny bukdum. Ertesi Dinara ýene meni soramaga geldi. Ony öz otagyma çagyrdym. Stoluň üstünde iýer-içer ýaly zatlar taýynlaşdyrdym. Nahardan soň gürleşip-gülüşip oturdyk. Soň Dinara gapdalymda oturyp owadan gözlerini menden aýyrmady. Men düşekçämiň aşagynda bukup goýan pyçagymy aldym-da Dinaranyň bagryndan sokdum. Ol aýagy bilen çabalandy-da stoly agdardy. Döşi gara-gana bulanan Dinara ýere ýykyldy. Soň hylkyldap iki eli bilen pyçakdan ýapyşdy. Men pyçagy soguryp ýene bir gezek sokdum. Şonda ol hykyrdap iki eli bilen egnimden ýapyşyp kellesini aşak goýberdi. Pyçagy çykaranymda ýüzüme gan syçrady. Bu gandan ýaňa gorkyma saňňyllap durdum. Elim ysgyndan gaçdy.
Hawa, indi men gan sorýan däl-de söýgülisini pyçak bilen öldüren ganhordum. Öz söýgüsini öldüren ganhordum...
Ol meniň gujagymda hiç zat gürlemän demi-demine ýetmän maňa seretdi-de gözlerini menden aýyrman jan berdi...
Soň onuň teni juwwak bolup agaryp, ýüzündäki damarlar gögeripdi. Teni erbet sowukdy. Ony öýden süýräp çykardym-da arka tarapymyzdaky bag-bakjalyga getirip çukur gazyp, içine taşladym. Gömdüm... Öz-özüme şeýle sorag berýärin: ''Ýeri, ganhordan dyndymam-da, ony öldürdimem. Näme indi hemme zat gowlanar gidermi? Onuň ganhorlyk sowgady ganymda aýlanýar ahyryn!? '' diýip pikir edip otyrkam mende üýtgeşiklik bolup geçýärdi....