Kicxi_maniak
12.03.2024 21:45
Suwperim
Saçlaryňy göýbersene erkine,
Goý galgadyp geçsin garagol şemal.
Aýam seniň görküň görüp kemsiner,
Şolam seň nuruňdan tapandyr kemal.

Ykbalymda açylmadyk sahypam.
Bir ýylgyrda bar gussamy ýuw perim.
Suw üstünden gözläp tapaýyn nirden?
Suw astyda syrly ýatan suwperim.

Umydyma umyt goşsun Umydym.
Bu maşgala bolsun bize baş gala.
Sözläp-sözläp asla soňlap bilmerin,
Ýürekdäki sözlerimi goşgyda.

Dözmezim sen, özgelere dözmerin.
Duýgyly dünýäme geldiň görk berip.
Açyk deňiz kimin dury gözleriň,
Şol gözlerde galaryn men gark bolup.

Gerçeknazar Amannazarow
40
39
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.