Kicxi_maniak
17.03.2024 10:58
Meşhur mowzlar
Täze mowzuklar
Teswirler
Bölümler
Agzalar
Heştegler
Köne görnüş
Online agzalar
Täzelikler
Tehnologiýa
Edebiýat
Bilim
Beýleki bölümler
Правила Статистика Контакты

Edebiýat
7-03-2024, 08:08
...
Bir adamyň ogul perzendi boldy,
Emma 2 ýaşda dünýeden ötdi.
Alla oňa ýene bir ogul berdi.
1 ýaşda onam topraga gatdy.

2 perzendini jaýlan bu bendä
4 sany gyz berdi ýene Hudaýym.
Gyzlaň ulusy kemala gelip,
Durmuş gurdy, aldy bagtdan paýyn.

Emma olam 20 ýaşyň içinde
Ezraýyla şirin janyn tabşyrdy.
Bir agtyk söýdürip 2-nji gyzy,
Olam bakyýete gadamyn urdy.

2 gyzy-ogly öz eli bilen
Gömen ata gamyn ile paýlady.
Soň 3-nji gyzyn 27-de
Özün synap duran ýere jaýlady.

Ýeke gyzy bilen galan biçäräň
Kalby lerzan bolup, bagry daglandy.
Emma, emma ogul berdi oňa Ýaradan,
Ol ynsan bu ogla juda baglandy.

Bar durkuny beren çagasy bilen
Deň aglar, deň güler, hatda deň iýer.
Ýöne betbagt ynsanyň söwer oglunam
Bir ýarym ýaşynda aldy ene ýer.

6 perzendini jaýlan ýüregi
Iň gatysyn gördi musallat belaň.
Emma bilýäňizmi, ol ynsan kimdi,
Pygamber Muhammet Aleýhisselam.

Entek bu dünýede hiç bir adamzat
Onça gazanmandy söýgüsin Hakyň.
Emma wepasyny göz etmek üçin
Resulyna beren synagna bakyň.

Allaň gazabydyr öýdüp düşünmäň,
Elden alsa ýakyn söýegleriňi
Sabyr, ynam dogaň, kalbyňda bolsun,
Alla agyr synar söýenlerini.
32
116
flowers_
17 Mart 2024
@ideallider, şeýleräk, onsañam sada dilde düşündirsek gowy boljak ýaly, meselem: post goýanyñyzda ýokarda adyny we iñ soñynda-da awtoryny görkeziñ! 🙂
ideallider
17 Mart 2024
@flowers_, mbäh🙄
flowers_
17 Mart 2024
@ideallider, siz awtoryny soradyñyzmy ýa adyny? Onsañam awtoryny ýokarda ýazýan dine bu agza dälle.
ideallider
17 Mart 2024
@flowers_, goşgynyň ady näme? Awtory kim?
flowers_
17 Mart 2024
@ideallider, düşünmedim?
ideallider
17 Mart 2024
@flowers_, şuwagt okadym. Goşgy şoň adyna ýazylanmy?
flowers_
17 Mart 2024
@ideallider, postuñ adyny okadyñmy?!
ideallider
17 Mart 2024
@tmyigit76, şondada awtorynyha aýyrypdyr👍
tmyigit76
17 Mart 2024
Gönii copy paste. Hiç zada seretmezden
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.